Soňky habarlar

Archive news

XXXV tapgyryň duşuşyklarynyň eminleri bellenildi

22:3808.12.2017
0
290
XXXV tapgyryň duşuşyklarynyň eminleri bellenildi

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy Ýokary liganyň 35-nji tapgyrynda duşuşyklara eminlik etjek hünärmenleri kesgitledi. Türkmenbaşy şäherinde geçiriljek "Şagadam" — "Altyn asyr" duşuşygynyň baş emini Babanazar Haknazarow (Aşgabat şäherinden) bolar. Duşuşygyň gözegçi emini bolmak bolsa paýtagtymyzdan Hudaýnazar Rejebowa ynanyldy.

Paýtagtyň adybir stadionynda "Köpetdag" bilen "Balkanyň" arasynda geçiriljek duşuşygy Tejen şäherinden Arslan Goşşanow alyp barar. Duşuşyga paýtagtdan Öwezdurdy Gylyçmyradow gözegçilik eder. Aşgabatda geçiriljek başga bir duşuşykda "Aşgabat" "Energetigi" kabul eder. Bu duşuşygy alyp barmak halkara derejeli emin Çarymyrat Gurbanowa ynanyldy. Duşuşygyň gözegçi emini bolsa Jamil Mämmedow (Aşgabat şäherinden) bolar. Tapgyrdaky "Merw" — "Ahal" duşuşygynyň baş emini Jumamyrat Jumamyradow (Aşgabat şäherinden), gözegçi emini Bahtyýar Atajanow (Daşoguz şäherinden) bolar.

Ýatladýarys, duşuşyklaryň ählisi 9-njy dekabr güni 14:00-da başlar.

 

“Merw” – “Ahal”

Geçirilýän ýeri: “Sport desgasy” stadiony (Baýramaly ş)

Duşuşygyň emini: Jumamyrat Jumamyradow (Aşgabat ş)

Gözegçi emin: Bahtyýar Atajanow (Daşoguz ş)

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň