Soňky habarlar

Arhiw

35-nji tapgyrda 8 futbolçy toparlaryna kömek edip bilmez

22:3008.12.2017
0
924

Futbol boýunça milli çempionatymyzyň 35-nji tapgyrynda 8 futbolçy öz toparlaryna hyzmat edip biler. Olaryň arasynda esasy düzümdäki futbolçylaryň hem bolmagy toparlar üçin kynçylyk döredip biler.

Paýtagtymyzda "Köpetdag" bilen geçiriljek duşuşykda "Balkan" ýarym goragçy Yhlas Magtymowdan, goragçy Mekan Saparowdan we Begenç Guldurdyýewden peýdalanyp bilmez. "Energetik" bolsa "Aşgabat" bilen geçirjek duşuşygynda Begli Meredowy ýaşyl meýdana goýberip bilmez. Öz meýdanynda "Ahal" bilen geçirjek kyn duşuşygynda Şaweli Seýitgulyýew bilen soňky tapgyrlarda tapawutlanan Perman Hallyýew bu gezek "Merwe" kömek edip bilenok. "Şagadam" bolsa Aşyrgeldi Saryýew bilen Ýunus Orazmämmedowy bu tapgyrda düzüme çagyryp bilmez. Ady agzalan futbolçylaryň käbiri jeza, käbiri bolsa şikes sebäpli oýunlara gatnaşyp bilenok.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň