Soňky habarlar

Arhiw

Ganesan Maniam: “Türkmen eminlerine täze belentlige çykmaga wagt geldi”

10:0906.12.2017
0
3347

FIFA-nyň eminlik ediş okuw-maslahaty geçirmek üçin paýtagtymyza gelen FIFA-nyň fitnes gözükdirijisi jenap Ganesan Maniam bilen  geçirilen şöhbetdeşlik:

- Ilki bilen alyp barýan işleriňiz barada gürrüň beräýseňiz?

- Eminlik etmegimi bes edenimden soň, has takygy, 2001-nji ýyldan bäri FIFA-nyň fitnes-instruktory wezipesinde iş alyp barýaryn. Aşgabada gelmezden öň Iwanow bilen bilelikde Hindistanda geçirilen ýaryşlara ýardam berip, eminler bilen iş geçirdik.

- Mundan öň hem paýtagtymyzda iş sapary bilen bolupdyňyz. Şonda eminlerimiz bilen geçiren okuw-maslahatyňyz barasynda durup geçäýeliň!?

- Dogrymy aýtsam, men siziň paýtagtyňyzda dört ýyl mundan öň hem bolupdym. Şonda-da eminleriňiz bilen iş geçiripdim. Bu geçirjek okuw-maslahatymyz türkmen türgenlerini täze belentlige çykarmaga oňyn ýardam eder diýip pikir edýärin.

- Eminlerimiz bilen okuw-maslahaty ýörite ekranda görkezilen “FIFA 11+ FOR REFEREES” türgenleşik toplumynyň maşklarynyň ýerine ýetirmelidigi dogrusynda bolupdy. Bu maşklar hakynda kelam agyz düşündiriş beräýseňiz?

- Häzirki wagtda bu ulgam Merkezi Aziýada giňişleýin görnüşde ulanylýar. Bu türgenleşik toplumy doly berjaý edilende eminleriň oýun wagty şikes almagyny 50%  azaltmaga ýardam edýär. Olaryň professionallyk, fiziki ukyplaryny ýokary derejede artdyrýar. Aslynda Aziýa ýurtlaryna wekilçilik edýän eminler “FIFA 11+ FOR REFEREES”  türgenleşik toplumyndan hem köp türgenleşikleri geçirýärler. Biziň bu ulgamdaky türgenleşik toplumymyz uly türgenleşik işlerini geçirmäge itergi hökmünde ulanylýar.

- Paýtagtymyza ikinji gezek gelýärsiňiz, ýurdumyz hakynda galan ýakymly täsirleriňiz bilen paýlaşaýsaňyz?

-   Aslynda birinji gezek Aşgabada gelenimde şäheri synlap ýetişmändim. Bu gezek paýtagtyňyza aýlanmaga wagt tapdym. Örän gözel hem-de arassa paýtagtyňyz bar. Özüňiz bilýänsiňiz, Singapur dünýäde iň arassa ýurtlaryň biri hasaplanýar. Gözel Aşgabady hem arkaýynlykda Singapur bilen bir hatarda goýup bilerin.  

Habaryň çeşmesi: “tff.com.tm”

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň