Eýranly agyr atletikaçy Aşgabatda goýan dünýä rekordyny täzeledi

14:4004.12.2017
0
1410

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda geçirilýän agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda eýranly türgen Sohrab Moradi mundan 2 aýdan gowrak ozal Aşgabatda — Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda goýan dünýä rekordyny täzeledi. "Aşgabat 2017-niň" geçirilýän günlerinde hem habar berşimiz ýaly, 94 kilograma çenli agram derejesindäki agyr atletikaçylaryň arasynda ýaryşýan eýranly türgen türkmen paýtagtynda gresiýaly Akakios Kakiaswilise degişli, 1999-njy ýylda goýlan dünýä rekordyny täzeläpdi. Şonda umumylykda 413 kilogramlyk netije görkezen eýranly türgen ABŞ-da geçirilýän dünýä çempionatynda öz rekordyny özi täzeläp, nobatdaky dünýä rekordyny 417 kilograma çenli çykardy. Ýöne Sohrab Moradiniň dünýä çempionatyndaky rekordy diňe bir rekord bilen çäklenmeýär. Ştangany itip götermekde 233 kilogram netije görkezen agyr atletikaçy bu ugurda hem täze dünýä rekordyny goýdy. Indi grek türgenine degişli ýekeje rekord galdy. Ol hem ştangany silkip götermek boýunça rekorddyr. Bu ugur boýunça rekordy entek hem elinde saklaýan grek türgen 1999-njy ýylda 188 kilogramlyk netije görkezipdi. Onuň ähli rekordlaryny täzeläp gelýän eýranly türgeniň bolsa bu ugurda iň ýokary netijesi 185 kilogram. Özi-de bu netije "Aşgabat 2017-ä" degişli. Bu gezek bolsa ol silkip götermekde 184 kilogram netije görkezdi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň