Biziň türgenlerimiz Stambulda kuraş göreşi boýunça geçirilýän dünýä çempionatynda medallaryň 7-sine eýe boldular. Ýygyndy toparymyzyň düzümine Aşgabatda sentýabrda geçen V Aziýa oýunlarynda ýeňiji bolan güýçli türgenler hem girýär.
4-nji dekabrda tamamlanýan dünýä birinjiligine 35 ýurtdan türgenleriň 270-si gatnaşýar.
60 kilograma çenli agramda çykyş edenleriň arasynda Şamuhammet Gurbanow kümüş medala eýe boldy. Mundan başga-da ýygyndy toparymyzyň baýraklarynyň üstüni bürünç medallaryň 6-sy doldurdy.
Erkekleriň arasynda 66 kilogram agramda çykyş eden Marat Orazow we Erkin Omurzakow, şeýle hem 73 kilogram agramda bäsleşen Begenç Baltaýew bu medallaryň eýeleri boldular.
Zenanlaryň arasynda bolsa bürünç medala 63 kilograma çenli agramda çykyş eden Gülşat Nasyrowa, Mähriban Gurbanowa (57 kg), Zarina Saparowa (48 kg) mynasyp bolmagy başardylar.