Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly futbol hünärmenleri Marketing we kommunikasiýa boýunça AFK-nyň seminaryna gatnaşdylar

17:2129.11.2017
0
7039

Ýakynda Bişkek şäherinde Aziýa futbol konfederasiýasy tarapyndan marketingi we kommunikasiýany ilerletmek boýunça Merkezi Aziýa sebitine girýän futbol federasiýalaryň gatnaşmagynda halkara seminar geçirildi. Bişkekdäki “Orion” myhmanhanasynyň konferens-zalynda geçirilen seminarda AFK-nyň media-departamentiniň ýolbaşçysy Emiliýa Hinkkanen (Finlýandiýa), AFK-nyň marketing-maslahatçysy Elnur Mamedow (Azerbaýjan), UEFA-nyň mediýa-ofiseri Ýuliýa Zenkowiç (Belarus) hem-de Minskiniň “Dinamosynyň” metbugat sekretary Wasiliý Knýazýuk tejribeleri bilen paýlaşdylar — diýlip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýtynda aýdylýar.

Birinji Merkezi Aziýa seminarynyň esasy maksady sebitde futboly girdejili pudaga öwrüp, bu ugurda islendik mümkinçiligi ulanmakdan ybarat boldy.

Seminaryň dowamynda Merkezi Aziýa sebitine girýän futbol federasiýalaryň wekilleri biri-birleri bilen geljege nazarlanan pikir alyşdylar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň