Soňky habarlar

Arhiw

Birinji ligada jemleýji ýaryşyň ilkinji oýunlary geçirildi

10:1724.11.2017
0
2862

Futbol boýunça birinji liga gatnaşýan toparlaryň arasyndaky zolaklaýyn ýaryşlar tamamlanyp, jemleýji ýaryşlar başlandy. Alty toparyň gatnaşmagynda geçirilýän jemleýji ýaryşyň birinji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi. Duşuşyklaryň netijesinde ynamly oýun görkezen “Daşoguz” bilen “Derýaçy” toparlary öňdäki orunlary eýeleýärler.

Her zolagyň ýeňijisiniň gatnaşmagyndaky jemleýji ýaryşyň 23 — 28-nji noýabry aralygynda geçirilýändigini ýatladýarys. Ýaryş Aşgabat şäheriniň Abadan etrabynyň Gökje ýaşaýyş jaý toplumyndaky sport desgasynda geçirilýär. Ýaryşyň ýeňijisi 2018-nji ýylyň futbol möwsüminde Ýokary ligada çykyş etmäge hukuk gazanar.

1-nji tapgyryň netijeleri:

“Talyp sport” (Aşgabat şäheri) - “Türkmennebit” TNDK (Balkan welaýaty) – 2:2

“Derýaçy” (Lebap welaýaty) - “Tejen” (Ahal welaýaty)

“Türkmengaz” (Mary welaýaty) -  “Daşoguz” (Daşoguz welaýaty) – 0:3

2-nji tapgyr (24.11.2017 ý):

“Türkmennebit” - “Daşoguz”

“Tejen” - “Türkmengaz”

“Talyp sport” - “Derýaçy” 

Habaryň çeşmesi: www.tff.com.tm

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň