Soňky habarlar

Arhiw

Özbegistan Respublikasynyň we ýurdumyzyň döredijilik ussatlary duşuşdy

19:2614.11.2017
0
3246

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Özbegistan Respublikasynyň döredijilik işgärleriniň türkmen kärdeşleri bilen döredijilik duşuşygy boldy. Duşuşyga ýurdumyzdan - Türkmenistanyň Gahrymany, halk ýazyjymyz Gözel Şagulyýewa, halk ýazyjy Täçmämmet Jürdekow, "Güneş" žurnalynyň bölüm müduri, halk ýazyjy Atamyrat  Atabaýew, Alp Arslan adyndaky drama teatryň sahna ussady Nury Allaberdiýew, at gazanan medeniýet işgäri Agageldi Allanazarow, "Medeniýet" žurnalynyň baş redaktory Ogulgurban Gaşlakowa, Türkmen Döwlet medeniýet institutynyň mugallymy Kömek Kulyýew, Medeniýet merkeziniň Mukamlar köşküniň artisti, wokalisti Myratgeldi Baýramgeldiýew bilen bir hatarda Özbegistan Respublikasyndan ýurduň ýazyjylar birleşiginiň agzasy Adhambek Alimbekow we şol birleşikden Kurambaý Matrizaýew dagylar gatnaşdy.

Sapaly söhbetiň astynda ýazyjydyr şahyrlarymyz öz aralarynda pikir alyşdylar. Türkmen-özbek edebiýatynyň düýp özeniniň birmeňzeşligi, hususan-da, terjimeçilik sungatynyň halklary bir-birine has ýakynlaşdyrýandygy barada gürrüňler açyldy.

Her bir halkyň däp-dessuryna, medeniýetine we sungatyna, edebiýatyna uly hormatyň, sarpanyň bardygyna şu döredijilik duşuşygynda göz ýetirmek bolýar. Çünki söhbetdeşligiň dowamynda özbegistanly ussat Kurambaý Matrizaýew: "Türkmeni türkmen derejesine göteren, onuň beýik akyldar ogly Magtymguludyr. Şol sebäpli-de, türkmen halky geçmişine buýsanmaga haklydyr. Magtymguly diňe bir türkmeniň däl, eýsem biziň halkymyzyň aňynda hem ebedilik ýaşaýan şahsyýet. Dogrusy, kakam meni bäş ýaşymdan bäri Magtymgulynyň goşgulary bilen terbiýeledi. Onuň eserleri bize durmuşda şam-çyrag bolup hyzmat etdi" diýip, türkmen edebiýatynyň nä derejede dünýä ýüzünde ýokarlananlygy barada sözüni dowam etdi.

Elbetde, şahyrana duşuşyklar gaýry söhbetlerden zyýada. Çünki bu ýerde ynsan ruhy bir pursatlyk bolsa-da, üýtgeşik bir dünýä syýahat edýär. Doganlyk halklar, kalplar birleşýär. "Islendik halky, milleti içgin tanajak bolsaň, ilki bilen onuň edebiýatyna ser sal" diýilýär. Heran-haçan-da bu aýtgy öz beýanyny tapýar. Şu günki iki ýurduň döredijilik ussatlarynyň hem duşuşygy mundan ybaratdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň