Soňky habarlar

Arhiw

"Gujurly nesil" halkara bilim we sport sergisinde öz mümkinçiliklerini paýlaşdy

13:2411.11.2017
0
8345
Umid Janbekow, "Gujurly nesil" okuw merkeziniň okuw işler boýunça orunbasary: - Söwda-senagat edarasynda geçirilen "Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe" atly halkara sergi uly gerime eýe boldy. Biz hem öz gezegimizde bu ýerde "Gujurly nesil" okuw merkezimiziň adyndan uly sergi guradyk. Elbetde, bu serginiň üsti bilen halk köpçüligi okuw merkezimiz bilen doly tanyş bolarlar. Bizde, esasan, iňlis dili (uly toparlar üçin, işewürler, nebit-gaz pudagynda, syýahatçylyk pudagynda işleýänler we çagalar üçin), nemes dili (uly we kiçi toparlar üçin), ispan dili, fransuz dili (uly we kiçi toparlar üçin), rus dili (uly we kiçi toparlar üçin), türkmen dili, başlangyç matematika we matematika, informasion tehnologiýalary yaly ugurlardan bilim berilýär. "Gujurly nesilde" sapaklar interaktiw tagtalar bilen üpjün edilen synp otaglarynda geçirilýär, dünýä edebiýaty we häzirkizaman okuw kitaplary bilen baýlaşdyrylan döwrebap kitaphana hyzmat edýär. Galyberse-de, diňleýjilere ýetişigi, gatnaşygy barada we okuw merkezimiziň täzelikleri SMS arkaly habar berilýär. Okuw merkezimizde ruhy we beden sagdynlygyna gönükdirilen çäreler ýygy-ýygydan gurnalýar we dürli ukyp-başarnyklary ýüze çykarmaga ýardam berýän küşt we şaşka, sport we saglyk, metbugat, mukam, zehin, matriks-5, jahankeşdeler, aşpezler gurnaklary işleýär. Hormatly paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary! Bize okamaga geliň! "Gujurly nesil" okuw meekezimiz, size garaşýar!
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň