Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti “Samsung C&T” korporasiýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

03:0427.10.2017
0
8855

Koreýanyň belli “Samsung C&T” korporasiýasynyň prezidenti we baş ýerine ýetiriji direktory Şin Kim kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimizi umumymilli baýramçylyk—ýurdumyzyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady.

Koreýaly işewür netijeli, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly gyzyklanmanyň bardygyny aýdyp, tutuş dünýäde bolşy ýaly, onuň ýurdunda hem Türkmenistanda bolup geçýän durmuş-ykdysady özgertmelere uly gyzyklanma bilen syn edýärler. Daşary ýurt maýalaryny çekmek hem-de halkara hyzmatdaşlygyny höweslendirmek üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täzeçil başlangyçlaryna ýokary baha berýärler.

Döwlet Baştutanymyz mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, häzir amala aşyrylýan toplumlaýyn maksatnamalaryň ykdysadyýeti doly döwrebaplaşdyrmaga, kuwwatly senagat düzümini döretmäge innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga hem-de iň gowy dünýä tejribesini çekmäge gönükdirilendigini belledi. Hormatly Prezidentimiz bu babatda netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk üçin, şol sanda dünýä bazarynda ýokary tehnologiýalar ulgamynda öňdebaryjy diýlip ykrar edilen “Samsung C&T” korporasiýasy bilen hyzmatdaşlyk üçin örän amatly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Myhman özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny aýdyp, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň türkmen bazarynda eýeleýän ornuny berkitmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belledi. Bu ýerde daşary ýurtly hyzmatdaşlar üçin uly ýeňillikleri göz öňünde tutýan öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty netijesinde üstünlikli iş alyp barmaga ähli şertler döredildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň