«Şagadamda» «Muhadow eýýamy»

02:1624.10.2017
0
1375

Möwsümiň birinji ýarymynda «Altyn asyryň» düzüminde ätiýaçlyk oturgyjyndan halas bolup bilmedik Süleýman Muhadow, mälim bolşy ýaly, üçünji aýlawdan başlap, Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadamynda» çykyş edýär. Geçen möwsümde iň kän pökgi geçirmegi başaran tejribeli hüjümçini janköýerler bu ýyl milli ýygyndyda hem görüp bilenok. Muňa garamazdan, Süleýman deňiz ýakasyndaky şäherde ozalky güýjüne gelýär diýip bileris. Ol «Şagadamyň» soňky geçiren dört duşuşygynda-da tapawutlanyp, häzirki wagtda toparyň esasy gol ýaraglarynyň birine öwrüldi. Has takygy, Kubok ýaryşynyň ýarym finalynyň iki duşuşygynda «Energetigiň» derwezesine ýol tapyp bilen hüjümçi, milli çempionatynyň häzirki möwsüminiň 28-nji tapgyrynda ýene-de «Energetik» bilen geçirilen duşuşykda iki gezek tapawutlandy. Mahlasy, soňky üç duşuşykda «Şagadamyň» «Energetigiň» derwezesinden geçiren 7 pökgüsiniň dördüsi Süleýman Muhadowa degişlidir.

Süleýman çempionatda mundan öň 22-nji tapgyrda «Aşgabat» bilen geçirilen duşuşykda tapawutlanypdy. Hüjümçiniň milli çempionatymyzyň häzirki dowam edýän möwsüminde indi 8 goly bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň