Luo Xiaomin: "Tälimçim kakamdan soň ikinji ynsan"

21:5620.09.2017
0
1266

Agyr atletika boýunça geçen ýaryşda altyn medala eýe bolan, hytaýly türgen Luo Xiaomin bilen söhbetdeşlik.

- Medalyňyz gutly bolsun,  Luo Xiaomin! Siziň üçin "Aşgabat 2017" has ulumy, ýa muňa adaty ýaryşlaryň biri ýaly garaýarsyňyzmy?

  - Sag boluň! Dogrusy, meniň üçin-ä, öz ýurdumda, welaýatdyr şäherimde geçýän her bir ýaryş durmuşymdaky uly bir aýgyt. Umuman, geleňsizlik menden daşda.

  - Siziň ýaňy bir 18 ýaşlydygyňyza garamazdan, tejribäňiz mazaly ýetene meňzeýär. Agyr atletikada näçe wagtdan bäri türgenleşýärsiňiz?

   - Şu ýerde bir zady belläp geçmek isleýärin. Meniň pikirimçe, tejribe toplamak wagta bagly däl. Eger-de, agyr atletika 10 ýyl ozal gelip, geleňsizlige ýol berip, her bir aýdylan zatdan netije çykarmaýan bolsadym, onda...Garaz, düşnüklidir-ä?

  - Elbet-de. Diýmek, siziň dünýäňizde tälimçiňiziň orny has uludyr?

  - Tälimçim barada aýtsam, ol kakamdan soňky ynsan. Diňe bir fiziki taýdan däl, eýse ruhy tarapdan hem tälim bermek, bu meniň ussadymyň aýratynlygy. Onuň her bir aýdan zady, meniň üçin kanun.

  - Agyr atletikany saýlap almagyňyzda ene-ataňyz hiç hili garşylyk bildirmedimi? Meselem, men-ä siziň hossarlaryňyzyň ýerine bolsam, gyz maşgalanyň geljekdäki saglyk ýagdaýyny göz öňüne tutup, kes-kelläm garşy bolardym.

  - Ana, meniň ýakynlarym hem, hut siziň bilen pikirdeşdi. Ýöne meniň yhlasym gaty özdiýenli kakamyň gadaganlyklaryndan rüstem geldi.

  - Şeýle agyrlyk organizmiňize zyýan ýetirmezmi? Gyz tebigaty ol tarapdan-a ejizdir?

  - Fiziki taýdan şikes almagym, meniň üçin uly ýitgi däl. Esasan, ruhumyň sagdyn bolmagyny isleýärin. Şu wagta çenli-hä, zyýan çekmedim. Geljekde hem, näme, görübereris-dä.

  - Luo Xiaomin, bilýärsiňizmi, her bir türgende birhili ynanç bolýar. Siz nähili ynanja görä üstünlik gazanýarsyňyz?

  - Mümkin, her bir türgende başgaçadyr. Ýaryşyň geçjek güni asman açyk bolsa, öz pikirimçe, bu meniň üstünlige ýetjegim.

  - Onda siziň üçin tebigy hadysalar içki duýgularyňyzyň beýany-da?

  - Hawa, şol tarapdan-a tebigatdan üzňeleşip bilemok.

  - Soramak birhilem welin, näme üçindir altyn medala eýe bolsaňyz hem, siz gaty gaýgyly halda? Ýa, şahsy aladalar basmarlaýarmy?

  - Ýok-la, muny adaty ýagdaýym hasap edip bilersiňiz.

  - Siziň bilen gürrüňdeş bolmak has täsirli boldy. Megerem, muňa duýguçyllygyňyz sebäpdir. Size geljekde-de uly üstünlik arzuw edýäris!

  - Minnetdar!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň