Soňky habarlar

Arhiw

Basketbol: Kewin Dýurantyň "şägirdi" Aşgabatda

22:2219.09.2017
0
1082

Häzirki wagtda gyzgalaňly gidip duran basketbol ýaryşynda Gyrgyzystanyň ýygyndy toparyndan üstün çykmagy başaran Mongoliýanyň basket toparynyň oýunçysy Gotow Tsenguunbayar şeýle gürrüň berýär:

   — Biziň milli ýygyndymyza hem Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşmak bagty miýesser etdi. Biziň baş maksadymyz – ýurdumyza medal bilen dolanmak. “Aşgabat 2017” uly derejede geçjek ýaryş bolsa-da, biz munuň üçin bary-ýogy bir aý okuw-türgenleşik işlerini geçdik. Esasy tejribäni halkara derejede geçýän bäsleşiklerde topladyk. Toparymyzyň ähli agzalary hem çagalykdan basketbola höwes edip, şu ugruň türgenleşiginiň astynda kämilleşenler. Elbet-de, her bir ynsanda arzuw bolýar. Onda-da, çagalyk arzuwlar has başgaça. Menem çaga wagtym: “Amerikaly dünýä belli basketbolist Kewin Dýurant ýaly ýyldyz bolaýsam” diýärdim. Hat-da, ejem hem meniň arzuwlarymy puja çykarmajak bolup, Kewin Dýurantyňka meňzeş eşik alyp bererdi. Öýde bolsun, ýa mekdebimiziň sport zalynda başarmasam hem Kewin Dýurantyňka ulanýan tilsimlerine öýkünen bolardym. Ana, arzuwlarym meni şu ýola gönükdirdi. Biz zada ynanýaryn – arzuwlar hasyl bolmak üçin döreýän eken. Geljekde-de diňe basketbol ugrundan kämilleşip, herhal ýurdumyň abraýyny goramak maksadym bar. Ähli türgenlere üstünlik arzuw edýärin!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň