Soňky habarlar

Arhiw

“Aşgabat 2017” sowgatlyk önümlerde

15:0910.09.2017
0
7528

Häzirki wagtda paýtagtymyzyň köçelerine çykanymyzda ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilýän iri sport çäresi “Aşgabat 2017”-niň barha golaýlaýandygyny aýdyň duýmak bolýar.

Diňe köçelerimiz däl eýsem adamlaryň egin-eşiklerinde hem “Aşgabat 2017” nyşanyna gözüň düşýär. Dürli reňkli, üýtgeşik nagyşlar bilen bezelen, oglanlara, gyzlara we çagalara niýetlenen köýnekçeleri, papaklary, sport köwüşlerini, awtoulaglaryň içki bezegi üçin dürli esbaplary we beýleki birnäçe sowgatlara bolan isleg raýatlarymyzyň bu halkara sport bäsleşigine näderejede ähmiýet berýändigini görkezýär.

Şeýle hem bazardyr söwda merkezlerinde elde ýasalan “Aşgabat 2017”-ni, ýurdumyzy, paýtagtymyzy, taryhy ýadygärliklerimizi we tebigy gözelliklerimizi suratlandyrýan heýkeljikleri, suratlary we beýleki dürli sowgatlyk harytlara daşary ýurtly myhmanlar has köp isleg bildirýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň