Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly ýaş futbolçylardyr sport žurnalistleri Sankt-Peterburgda geçirilen «Futbol dostluk üçin» atly festiwala gatnaşdylar

02:5308.07.2017
0
3921

Şu ýylyň 24-nji iýunynda Aşgabatda futboluň hem-de dostlugyň güni giňden bellenilip geçildi. Şol günki çäreler asudalygy, dostlugy, deňhukuklylygy hem-de sagdyn durmuş ýörelgesini alamatlandyrýan futboluň we dostlugyň Bütindünýä gününe bagyşlandy. Bu çäreler bütin dünýäde ýaýbaňlanan «Futbol dostluk üçin» festiwalynyň öňüsyrasy dünýäde badalga berlen köpçülikleýin sport çärelerine utgaşdy. Sport baýramçylygynyň geriminiň günsaýyn giňeýändigine Sankt-Peterburgda geçirilen çagalar futbolunyň festiwalyna dünýäniň 64 döwletinden ýaş futbolçylaryň gatnaşandygy hem şaýatlyk edýär.

Geçen ýyl şeýle derejedäki halkara festiwalyna dünýäniň 32 döwletine wekilçilik edýän ýaş futbolçylardyr sport žurnalistleri gatnaşypdy. Halkara festiwalynyň nyşany gatnaşyjylaryň ellerine daňlan gök hem-de ýaşyl daňylardan ybarat bolup, olaryň ilkinjisi asuda asmany, ikinjisi bolsa ýaşyl meýdany alamatlandyrýar. Mundan öňki festiwallar Londonda, Berlinde, Lissabonda hem-de Milanda geçirilipdi.

Türkmenistanyň futbol federasiýasynyň goldaw bermeginde ýurdumyzyň adyndan abraýly çärede ilkinji gezek çykyş eden ýaş futbolçymyz Gurbanmuhammet Esenow, bilen ýaş žurnalist hökmünde gatnaşan 11 ýaşly Atajan Hallyýew öz ugurlary boýunça hünärmenleriň ýokary bahasyna mynasyp boldular. Festiwalyň çägindäki ýaryşyň dünýäniň öňdebaryjy futbol toparlarynyň ýörite wekilleriniň nazarynda bolandygyny aýratyn bellemek gerek. Çünki festiwalda 64 döwletiň saýlama çagalar-ýetginjekler toparlary öz başarnyklaryny görkezdiler. Şol sebäpli-de, ýaş futbolçymyz Gurbanmuhammediň «Gülgüne» toparynyň finala barýan ýoldaky derwezede görkezen oýny az begendirmeýär. Derwezedäki ynamly oýny onuň çykyş eden toparynyň finala çykmagyna mümkinçilik berdi. Ýaryşyň jemi boýunça Gurbanmuhammediň «Iň ökde derwezeçi» baýragyna mynasyp görlendigi hem onuň ýaryşda ýokary derejede çykyş edendigini görkezýär. Çiliniň milli ýygyndysynyň taryhy oýunçysy Iwan Samorano bilen brazil futbolunyň ýyldyzy Žulio Baptista baýrak gowşuran pursatlarynda türkmen derwezeçisiniň öwgüsini ýetirdiler. Umuman, geçirilen bäsleşik ýurdumyzyň ýaş futbolçylarynyň dünýäniň futbol ägirtleri bolan Braziliýadan, Argentinadan, Germaniýadan gelen deň-duşlaryndan asgyn däldigini aýdyňlygy bilen görkezdi. Ýaryşyň geçişi hakynda aýdanymyzda, oňa reňk aýratynlyklaryna baglylykda 8 topar gatnaşyp, olar olimpiýa usuly boýunça (utulançykdy) bäsleşdiler. Finalda «Gülgüne» toparyny ýeňen goňur reňkdäki topar (Singapur, Ispaniýa, Boliwiýa, Azerbaýjan, Bolgariýa, Argentina, Çehiýa, Liwiýa) ýeňşini baýram etdi. Baýrak gowşurylyş dabarasynda çykyş eden ady belli futbolçy Aleksandr Keržakow futbol festiwalynyň esasy maksadynyň dostlugy, agzybirligi öňe sürmekden, futboluň kömegi bilen asmanymyzyň asuda bolmagyny üpjün etmekden ybaratdygyny aýtdy. Umuman, geçen futbol festiwaly halkara federasiýalaryň, esasan, çagalar-ýetginjekler futboluna uly üns berýändigini görkezdi.

Aslynda islendik iri ýaryşa tomaşa etmek diňe bir çaga kalbynda oňyn täsir galdyrman, eýsem, uly ýaşly adamlara hem ýatdan çykmajak pursatlary peşgeş berýär. Munuň şeýledigine festiwalyň soňunda Russiýada geçirilen Konfederasiýalaryň Kubogynyň finalyna gatnaşmaga mümkinçilik alan ýaş futbolçylaryň mysalynda hem göz ýetirmek boldy. Ýaşlaryň Çiliniň hem-de Germaniýanyň milli ýygyndylarynyň arasynda geçirilen final duşuşygyna tomaşa etmegi festiwaly guraýjylaryň esasy ýeňşidir. Çünki islendik belentlik hem arzuw-hyýaldan gözbaş alýandyr.

Festiwalyň çäginde dünýä çempionatynyň dowamynda Russiýanyň resmi ilçisi bolan Alekseý Smertin bilen geçiren söhbetdeşligimizde ol Türkmenistanda sporta uly üns berilýändiginden habarlydygyny aýdyp, ýurt derejesinde edilýän tagallanyň elmydama üstünlige getirýändigini aýratyn belläp geçdi. Onuň aýtmagyna görä, şunuň ýaly iri çäreler, şol sanda şu ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçiriljek Aziada – 2017 diňe bir parahatçylygyň,  agzybirligiň ilçisi bolman, eýsem-de, ýurtlaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda hem esasy orny eýeleýär. Sözüniň ahyrynda Alekseý Smertin «Futbol maşgalasynda sizi hoş gördük» diýmek bilen, şunuň ýaly iri sport çärelerine gatnaşmagynyň Türkmenistanyň futbolda golaý geljekde ýokary netijeleri gazanmagyna oňyn täsir etjekdigini aýratyn belledi.

Ýaş futbolçylarymyzyňdyr ýaş žurnalistlerimiziň abraýly festiwala gatnaşmagynyň özboluşly tejribedigini aýratyn belleýän Türkmenistanyň futbol federasiýasynyň ýolbaşçysy Röwşen Kemjäýew Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň sporty ösdürmekde alyp barýan işleriniň häzirki wagtda ýokary netijesini berýändigini buýsanç bilen gürrüň berýär. Ol, şeýle-de, festiwalyň parahatçylygy alamatlandyrýan olimpiýa äheňindäki dostlugy öňe sürýändigini aýdyp, onuň ýaşlaryň dogry ýoly saýlap almaklarynda ornunyň uludygyny aýratyn belleýär.

Çagalaryň futbol festiwalynyň ýapylyş dabarasy hem ýatda galyjy boldy. Dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen çagalaryň dürli dillerde aýdan «Hoş gal, festiwal, salam, dostluk!» diýen sözleri bir bitewi şygar bolup ýaňlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň