Soňky habarlar

Arhiw

Bazar gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegi — ykdysady ösüşiň esasy ugry

23:5007.06.2017
0
10449

7-nji iýunda Aşgabatda Türkmenstanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň bäş aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri boýunça ýurdumyzyň maliýe-ykdysady edaralarynyň düzümleriniň we bank ulgamynyň öňünde goýan möhüm wezipelerini çözmekde milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine bagyşlanan maslahat geçirildi. Mälim bolşy ýaly, bu wezipeler döwlet Baştutanynyň degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda geçiren maslahatynda kesgitlendi. Olarda ady agzalan pudaklaryň işini  kämilleşdirmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlarynda milletiň Lideriniň kesgitlän maliýe-ykdysady we bank ulgamynda düýpli özgertmeleriň geçirilmegine, şeýle hem bazar ykdysadyýetine geçilýän şertlerde halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň deňeçer ösdürilmegine gönükdirilen toplumlaýyn çärelerini yzygiderli  we gyssagly durmuşa geçirmek üçin iş meýilnamalarynyň taýýarlanmalydygynyň möhümdigi bellenildi.

Aýdylyşy ýaly, döwlet Baştutanynyň strategik ýörelgeleriniň netijesinde dünýä ykdysadyýetinde bar bolan ýaramaz ýagdaýlara garamazdan, Türkmenistanda  durnukly makroykdysady ýagdaý saklanýar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen, yzygiderli amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler, milli we döwlet maksatnamalary ýurdumyzda ykdysady ösüşiň ýokary depginleriniň saklanmagyny, halkymyzyň abadançylyk derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyny, şeýle hem Türkmenistanyň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna işjeň goşulmagyny üpjün edýär.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň