Ýokary liga — 2017: 13-nji tapgyr — gyzykly hasaplamalar

17:4714.05.2017
0
331
Ýokary liga — 2017: 13-nji tapgyr — gyzykly hasaplamalar

Tapgyryň umumy aýratynlyklary:

Garşydaşa goşant: Tapgyrda bir penalty we iki sany awtogol bar.

60 golçy: Şu tapgyrdan soň, möwsümde tapawutlanan futbolçylaryň sany 60-a çykdy.

12 gol: Tapgyrda derwezelere 12 pökgi girizildi — ortaça her duşuşyga 3 gol. Mundan öň 1, 8, 9-njy tapgyrlar 12 gol bilen tamamlanypdy.

60 futbolçy, 133 gol: Şu tapgyrdan soň, möwsümde 60 futbolçy 133 gol geçirdi — her kime 2,21 goldan.

3:1: Bu ýer eýeleriniň we myhmanlaryň arasyndaky ýeňiş tapawudy. Ýagny dört duşuşygyň üçüsi ýer eýeleriniň, biri myhmanlaryň ýeňşi bilen tamamlandy.

Dubllaryň çempionatynda arakesme: Yzda galan 12 tapgyryň her birinde bolmanda bir dubl bardy. Bu tapgyrda bolsa bir duşuşykda iki gezek tapawutlanyp bilen futbolçy bolmady. Şeýlelikde, Ýokary liganyň taryhyndaky iň uzyn dubllaryň kerweniniň arasy üzüldi. Şeýle-de bolsa 12 tapgyrlyk goşa gollaryň kerweni janköýerleriň uzak wagtlap ýadynda galsa gerek.

«Ahal» — «Altyn asyr» — 2:1.

Gollar:

1:0, Wahyt Orazsähedow 36’

2:0, Myrat Annaýew 62’

2:1, Myrat Ýagşyýew 74’.

Birinji aýlawda: duşuşyk 20-nji iýuna geçirildi

Ilkinji utulyş: Ilkinji nobatda belenilmeli zat, bu netije «Altyn asyryň» 2017-nji ýylda geçiren resmi duşuşyklaryndaky ilkinji utulyşydyr. Bu bir tarapdan «aragatnaşykçylaryň» janköýerleri gynandyrsa, ýurdumyzdan edil «Altyn asyr» ýaly abraýymyzy AFK-da hem buýsanç bilen gorap biljek täze toparyň ýetişip gelýändigini buşlaýar.

Tapawut 4 utuk: Geçen tapgyrda «Ahalyň» ýaryşyň liderliginde iň ýakyn garşydaşyndan 3 utuk öňe saýlanandygyny aýdypdyk. Bu gezek «Energetigiň» ýeňilmeginden soňra, ikinji orna çykan «Şagadam» bilen aralyk 4 utuga çykdy. Diýmek, «Ahal» çempionlyga sary ynamy gadam urýar.

Olar durmaýar: Myrat Annaýew bilen Myrat Ýagşyýew bassyr altynjy duşuşygynda tapawutlandy.

«Ahal» — öz meýdanynda iň gowusy: Şu tapgyrdan soň, «Ahal» 14 gol bilen öz meýdanynda iň kän gol geçiren topar boldy.

Annaýew «Ahalyň» iň gowularynyň üçlüginde: «Ahalyň» düzüminde 19-njy goluny geçiren Myrat Annaýew toparda 2013-nji ýyldan bäri iň kän gol geçiren üçünji futbolçy boldy. Toparda şol wagtdan bäri A.Annadurdyýewiň 22, Didar Hajyýewiň 27 goly bar. Eger çempionatyň galan böleginde hem häzirkisi ýaly netijeli çykyş etse, M.Annaýewe bu sanawyň başyna geçmäge mümkinçilik bar.

«Aşgabat» — «Şagadam» — 0:1.

Gol:

0:1, Amir Gurbany 40’ (11 m.j.u.)

Birinji aýlawda: 1:2.

Salam, ikinji orun: Gazanylan ýeňiş «Şagadamy» ýaryş tertibiniň ikinji ornuna çykardy.

Ilkinji 10 gol: Şu duşuşykdan soňra, Amir Gurbany çempinatymyzyň 25-nji möwsüminde 10 gol geçiren ilkinji futbolçy boldy.

«Merw» — «Turan» — 2:1.

Gollar:

1:0, Welmyrat Ballakow 10’

2:0, Perman Hallyýew 48’

2:1, Begenç Temriýew 51 (ö.d.)

Birinji aýlawda: 1:0.

Ýokary ligada täze zehin: Welmyrat Ballakow Ýokary ligadaky ilkinji goluny geçirdi.

Ýeňşi getiren ilkinji gollar: Duşuşykda «Merwiň» gollaryny geçiren futbolçylaryň ikisi hem şu möwsümde birinji gezek tapawutlandy.

Awtogol bolsa-da: Bu gol «Turanyň» şu ýyl myhmançylykda geçiren ilkinji goludyr.

«Balkan» — «Energetik» — 3:2.

Gollar:

1:0, Yhlas Magtymow 6’

1:1, Guwanç Abylow 28’

2:1, Hemra Amanmämmedow 49’

2:2, Azat Garajaýew 61’ (ö.d.)

3:2, Akmämmet Metdäýew 90’.

Birinji aýlawda: 1:1.

Bir basgançak ýokary: Tapgyrda «Altyn asyryň» utulmagyndan soň, «Balkan» bu ýeňiş bilen ýaryş tertibiniň dördünji ornuna çykdy.

«Köpetdag» — dynç alyş.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň