Ýokary liga — 2017: 12-nji tapgyra syn

19:0705.05.2017
0
346
Ýokary liga — 2017: 12-nji tapgyra syn

6.05.2017 ý.

«Turan» — «Ahal»

Birinji aýlawda: 0:3

Edil häzirki ýagdaýda alanyňda, ýaryş basgançagynyň birinji we iň soňky orunlaryndaky toparlaryň duşuşygy. Göräýmäge, «Ahal» ýeňer» diýip, arkaýyn aýdyp bolaýjak ýaly. Ýöne Ýokary liganyň hem garaşylmadyk netijelere baýlygy APL-iňkiden kem däl. «Turany» «Balkanam» ýeňjekdi, geçen tapgyrda bolsa «Energetik» 70 minutlap «Turanyň» derwezesine ýol tapyp bilmedi. Bu gezek hem «Turan» gowy goranar we mümkinçilik bolanda, «Ahalyň» derwezesine tarap hüjüm eder. Duşuşyk «Ahalyň» peýdasyna tamamlansa, Röwşen Meredowyň şägirtleriniň ýaryş tertibindäki öňdebaryjylygyny dowam etdirmäge mümkinçiligi bar.

«Merw» — «Şagadam»

Birinji aýlawda: 1:2

Utuk ýitirmekden ýaňa sabyr käsesi dolan «Merw» tas ýaryş tetibiniň düýbüne çenli geldi. Ýöne birinji aýlawda hemmelere iş berip, sanawyň binji ornuny birnäçe tapgyrlap saklan «Şagadamyň» hem ýagdaýy öwerlik däl. Topar üç tapgyrdan bäri ýeňiş ýüzüni görenok. Üç tapgyrlyk agsama topary üçünji orna çenli düşürdi. Diýmek, girdapdan çykmak üçin toparlaryň ikisine-de ýeňiş gerek.

Toparlara utulyş nähili täsir eder? «Şagadam» utulsa, ýene-de üçünji orunda galar, çünki dördünji orundaky «Balkan» bu tapgyrda dynç alýar. Bäşinji orundaky «Altyn asyr» bolsa entek utuk babatda «kenarlylardan» has yzda. «Merw» utulsa, ýokarky basgançaklara dyrjaşmaga mümkinçiligi azalýar.

«Aşgabat» — «Köpetdag»

Birinji aýlawda: 0:2

Şu duşuşyk hakynda söz açylanda, birinji aýlawda 2:0 hasaby bilen «Köpetdagyň» peýdasyna tamamlanan duşuşyk, gürrüňsiz, ýada düşýär. Şol gün «Köpetdag» ýaryş tertibiniň aşaky basgançaklarynda bolsa-da, gudrat görkezmäge ukyply topardygyny subut etdi. Gudrat ýene peýda bolarmyka?! Hem bolar, hem bolmaz. Näme üçin bolar? «Köpetdag» şu ýyl güýçli garşydaşlar bilen gowy oýnap bilýän topar (eger «Köpetdag» — «Ahal» — 0:6 duşuşygyny hasaba almasak). Geçen tapgyrda bolsa Seýit Seýidowyň şägirtleri güýçli garşydaşlarynyň ýene biri «Merwe» ýokary dyrjaşmaga mümkinçilik bermedi. Şeýle yhlas oýun topara ýene-de ýeňiş ýa deňlik getirip biler.

Näme üçin bolmaz? Soňky tapgyrlara nazar aýlanymyzda, «Aşgabadyň-a» öňkülere görä gowy, «Köpetdagyň» bolsa ortaça, hat-da pes diýerlik derejedäki oýny orta goýýandygyny görýäris. Toparlaryň ikisi hem iň soňky duşuşygyny Marynyň «Merw» topary bilen geçirdi. «Köpetdagyň» ýeňip bilmedik «Merwini» «Aşgabat» Maryda ýeňip gaýdypdy. Onsoňam, bu duşuşykda «Aşgabadyň» ýer eýeleri hökmündäki aýratynlygy hem bar. «Paýtagtlylar» şu ýyl öý eýesi hökmünde çykyş eden duşuşyklarynda diňe «Balkandan» ýeňildiler.

Şu wagt toparlaryň ikisiniň hem 10 utugy bar. Diýmek, ýeňiji topara 13 utuga çykmak («Altyn asyr» — «Energetik» duşuşygy deňlikde ýa-da «Energetigiň» peýdasyna tamamlansa, bäşinji orun) garaşýar. Duşuşykda iki topar hem şu ýyldaky 10-njy goluny geçirmäge ýakyn, häzir olaryň ikisinde-de 9 gol bar.

 

7.05.2017 ý.

«Altyn asyr» — «Energetik»

Birinji aýlawda: senesi üýtgedildi

Çempionlyga dalaşgär iki topar täze möwsümde ikinji gezek duşuşýarlar. AFK-daky ajaýyp ýeňişden soň, bolman-da 10-12 günlük «elini boşadan» «Altyn asyr» ýene-de liga gaýdyp gelýär. Onda-da çylşyrymlylygy babatda «Dordoý» bilen geçirilen oýundan asla pes bolmadyk duşuşyga. Düzüm güýçlem bolsa, «Energetik» ýoluny büdremän dowam edip bilenok. «Aragatnaşykçylar» bolsa şu ýyl ligada we AFK-da geçiren 10 duşuşygynyň 9-synda ýeňiş gazandy, birinde deňe-deň oýnady. Bu gezekki duşuşygyň Aşgabatda geçiriljekdigini hem nazarda tutsak, Aly Gurbanynyň şägirtleriniň işi kyn. Deňlik ýa-da utulyş «Energetigiň» ýaryş tertibinde eýeleýän ornuna täsir etmez, çünki üçünji orundaky «Şagadam» bilen aratapawut 4 utuk. Indiki ýylam AFK çykmak üçin «aragatnaşykçylara» bolsa diňe utuş gerek. Tapgyryň esasy duşuşygy, şonuň üçin juda gyzykly we çekeleşikli boljakdygy öz-özünden düşnükli. Göreliň, Ýeňiş baýramynyň bosagasynda ýeňiş kime nesip ederkä?

«Balkan» — dynç güni.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň