Merdan ATAÝEW: “Indiki maksat Aziadanyň altyn medaly”

11:5728.04.2017
0
311
Merdan ATAÝEW: “Indiki maksat Aziadanyň altyn medaly”

“Turkmenportalyň” suwda ýüzmek boýunça Sebitleýin Halkara çempionatyndaky söhbetdeşi Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby, altyn medalyň eýesi Merdan Ataýew (Türkmenistan):

— Bilýäňizmi näme, daşary ýurtlarda geçirilýän halkara ýaryşlarynda ýeňiş gazanmak bilen öz Watanyňda ýeňiji bolmagyň arasynda uly tapawut bar eken. Özüme, başarjakdygyma ynamym bolsa-da, şu gün birinji gezek howzuň başyna gelenimde tolgundym. Her niçik bolsa-da, ynamym goldady. Erkekleriň arasynda 100 metr aralyga arkanlygyna  ýüzmekde  altyn medala mynasyp boldum. Şu ýaryşda Watanymyza ilkinji altyn medal getiren türgen bolmak mende çäksiz şatlyk döredýär.

Ýüzüşi 54,85 sekuntda tamamladym. Bu meniň gysga aralyga geçirilýän ýaryşlardaky şahsy rekordymdyr. Geljekde bu görkezijini has ýokarlandyrmak isleýärin. Iň uly arzuwym bolsa, ilki Aşgabat Aziadasynda, soňra bolsa Olimpiýa oýunlarynda medal gazanmak.

Şu günki ýaryşa milli ýygyndymyz örän taýýarlykly geldi. Umuman, biziň Aziada — 2017-ä taýýarlygymyz hem güýçli depginde dowam edýär. Ýakynda Russiýa Federasiýasynyň Wolgograd şäherinde okuw-türgenleşiginde bolup geldik. Şeýle türgenleşigi paýtagtymyzda geçiriljek yklym ýaryşyna çenli ýene bir gezek meýilleşdirýäris. Bu günki gazanan ýeňşimizi bolsa, türkmen sportunyň has-da pajarlap ösmegine bagyşlaýarys. Şeýle döwrebap binalarda, öz Watanymyzda, öz paýtagtymyzda geçirilen halkara ýaryşyna gatnaşmak bagtyny eçilen hormatly Prezidentimize çäksiz sagbolsun aýdýarys.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň