TÝL — 2017: 10-njy tapgyra gysgaça syn

08:5225.04.2017
0
433
TÝL — 2017: 10-njy tapgyra gysgaça syn

25.04.2017 ý.

«Şagadam» — «Energetik»

Ine-de, Ýokary liga ikinji aýlawa girişdi. Toparlar biri-biri bilen ikinji gezek duşuşyp başladylar. Häzir ýaryş tertibiniň başyny çekýän hem bolsa, «Şagadamyň» birinji tapgyrda «Energetikden» ýeňlendigi ýadyňyzdadyr. Bu günki duşuşyk şol oýnuň jogaby bolup bilermikä? Häzir toparlar ýaryşyň başyny çekýär, ýöne ikisi hem birinji aýlawyň soňky duşuşygyny üstünlikli geçirdi diýip bilmeris. Şonuň üçin hem şu duşuşykda ýeňiljek topara ýaryş tertibinde aşaky basgançaklara gaçmak, eger duşuşyk deňlikde tamamlansa, olaryň ikisine-de eýeleýän ornuny ýitirmek howpy abanýar. Bu bolsa iki tarapyň hem diňe ýeňiş üçin göreşjekdigini we duşuşygyň gyzykly boljakdygyny buşlaýar.

«Köpetdag» — «Ahal»

Geçen tapgyrda duşuşygyň soňky minutlarynda ýeňşi elden gidiren «Ahal» ýene-de «Köpetdag» bilen duşuşýar. Hakykata «hakykat» diýmeli: «Köpetdag» güýçli toparlar üçin gorkuly garşydaşa öwrülip barýar. Geçen tapgyrda «Energetigi» ýeňen «Köpetdagyň» bu gezek «Ahaldan» ýeňiljekdigine ynanmak kyn. Şonuň üçin Röwşen Meredow we şägirtleri bu gün az ýaýdanýan däldir. 

«Merw» — «Aşgabat»

Birinji tapgyrdaky gol duellosy, iň soňunda-da «Aşgabadyň» bir gol tapawudy bilen ýeňiş gazanşy janköýerleriň ýadyndadyr. «Merw» öz meýdanynda beýle ýeňşe aňsat-aňsat ýol bermeýän toparlaryň biri. Geçen tapgyrda utulyşdan kynlyk bilen halas bolan «paýtagtlylara» bu gezek hem çetin synag garaşýar. Üstesine, «Aşgabat» bilen «Merwiň» arasynda bary-ýogy bir utuklyk tapawut bar. Toparlaryň özleri bolsa ýedinji-sekizinji orunlarda. Diýmek, ýeňiş — çörek, howa, suw ýaly zerur.

26-njy aprel

«Turan» — «Balkan»

Birinji tapgyrdaky 4:0-lyk duşuşyk gaýtalanarmyka? «Turany» Daşoguzda kyn utýan toparlaryň birem «Balkan». Ýöne ýurdumyzyň wise-çempionynyň ýaryş tertibiniň iň soňky basgançagyndaky topardan utuljakdygyny aýtmak hem kyn. Eger ýeňiş «Balkanyň» tarapynda bolsa, «nebitçilere» has ýokarky basgançaklara («Balkan» häzir dördünji orunda), gerek bolsa birinji orna hem («Şagadam» — «Energetik» duşuşygynyň netijesine bagly) çykmaga mümkinçiligi ýok däl.

«Altyn asyr» — dynç güni.

«Aragatnaşykçylara» AFK kubogynyň nobatdaky duşuşygyna taýýarlanmak üçin oňat mümkinçilik.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň