Soňky habarlar

Arhiw

Milli ýygyndymyz saýlama tapgyra ýeňiş bilen girişdi

23:5726.03.2017
0
7090

Şu gün ýurdumyzyň futbol ýygyndysy 2019-njy ýylda geçiriljek Aziýa çempionatynyň üçünji saýlama tapgyrynyň ilkinji duşuşygynda ajaýyp ýeňiş gazandy. Taýwanyň ýygyndysy bilen myhmançylykda geçirilen duşuşyk türkmen futbolçylarynyň peýdasyna 3:1 hasabynda tamamlandy.

Milli ýygyndymyzyň baş tälimçisi Ýazguly Hojageldiýew ýakynda Aragatnaşyk ministrliginiň «Altyn asyry» bilen hem Aziýa Kubogynyň ilkinji duşuşuşygynda ýeňiş gazanypdy. Ýaş tälimçi bu günki üstünligi bilen ýene bir ýola janköýerleriň gyzgyn söýgüsini gazandy.

Aşgabat wagty bilen gündiz sagat 15-de başlan duşuşykda tälimçi derwezäni Mämmet Orazmuhammedowa ynandy. Goragy Şöhrat Söýünow, Mekan Saparow, Bagtyýar Hojaahmedow hem-de Serdar Annaorazow dagylar üpjün etdi. Meýdanyň ortasynda Ruslan Mingazow, Ilýa Tamurkin, Serdar Geldiýew, Elman Tagaýew dagylar çykyş etdi. Hüjümi bolsa Arslanmyrat Amanow bilen Altymyrat Annadurdyýew alyp bardy.

Turuwbaşdan türkmen futbolçylarynyň hüjümleri bilen başlan duşuşygyň 23-nji minutynda Altymyrat Annadurdyýew Ruslan Mingazowyň özüne ussatlyk bilen geçiren pökgüsini derwezä dürs gönükdirip, hasaby açdy. Şondan bir minut soňra, Ruslan Mingazowyň özi tapawutlandy. Milli ýygyndymyzyň kapitany Arslanmyrat Amanow meýdanyň çep ganaty bilen derwezäniň ýakynyna getiren pökgüsini Ruslan Minazowa geçirdi, ol bolsa milli ýygyndymyzyň ikinji pökgüsini derwezä girizdi.

Birinji ýarymyň tamamlanmagyna sanlyja sekuntlar galanda, türkmen futbolçylarynyň derwezesine 11 metrlik jerime urgusy bellenildi. Çen Po Liang urgyny dürs ýerine ýetirip, hasaby 1:2-ä çykardy. 

Duşuşygyň ikinji ýarymynda toparlaryň düzüminde käbir üýtgeşmeler geçirildi. Biziň ýygyndymyzyň hatarynda 72-nji minutda Altymyrat Annadurydýewiň ornuna Myrat Ýagşyýew, 81-nji minutda Ilýa Tamurkiniň ornuna Akmyrat Jumanazarow oýna girdi. Ildeşlerimiziň ýeňiş pökgüsi duşuşygyň esasy wagtynyň tamamlanmagyna 7 minut galanda geldi. Garşydaş toparyň derwezesiniň agzynda dörän howply pursatda Çen Çia Çun säwlik bilen pökgini öz derwezesine geçirdi.  Şondan soň, hasap açylmady, futbolçylarymyz düzüminde ýene bir oýunçy çalşygyny geçirdiler — Elman Tagaýewiň ornuna Guwanç Abylow oýna girdi.

Şeýlelikde, häzirlikçe, türkmen futbolçylary saýlama tapgyryň «E» toparçada birinji orunda. 28-nji martda Bahreýn — Singapur duşuşygy geçiriler. Biziň milli ýygyndymyz bolsa nobatdaky duşuşygyny 13-nji iýunda ýurdumyzda Bahreýniň ýygyndysy bilen geçirer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň