TÝL-2017: 2-nji tapgyra syn

0
222
TÝL-2017: 2-nji tapgyra syn

«Merw» — «Köpetdag»

Ýurdumyzda janköýeri iň kän toparlaryň biri bolan «Merw» ýene-de öz janköýerleriniň arasyna gaýdyp gelýär Topar bu gezek «Köpetdagy» kabul edýär. Netijelerdenem görnüşi ýaly, 1-nji tapgyrdan toparlaryň ikisem ahmyrly. «Merwe» Rustam Mätryzaýewiň 2 goly hem ýeterlik bolmadyk bolsa, «Köpetdagyň» bagryny goşmaça wagtdaky ýalňyşlyk ýakdy. Onsoňam, ahmyr edip ýöreniň bilen hiç zat gazananok, garşydaşlar arany açaýmanka, utuk aljak bolmaly. Şonuň üçin hem duşuşygyň juda çekeleşikli we gyzykly geçjekdigini öňünden aýdyp bileris.

«Şagadam» — «Ahal»

Belki tapgyryň duşuşygy «Altyn asyr» bilen «Balkanyň» arasyndaky oýun bolar. Ýöne şu duşuşygyňam ähmiýeti şondan pes däl diýsek, kim garşy çykar. Güýçli düzüm bilen bary-ýogy 5 minutda utulan «Şagadam» ýene bir güýçli garşydaş bilen duşuşýar. Ýöne bu gezek öz meýdanynda. «Şagadamyň» öz meýdanynda, köplenç, ýeňiş gazanýandygyny bilýäris. Garşydaşyň Süleýman Orazowly, Wahyt Orazsähedowly, Myrat Annaýewli, Didar Hajyýewli «Ahal» bolanda, ýeňiş aňsadam düşenok. Gyşda «tüýüni täzelän» «Şagadam» janköýerlerini begendirip bilermikä? 

«Turan» — «Energetik»

Belki bürünç medal eýeländir, ýöne geçen möwsüm «Turany» Daşoguzda ýeňmek «Energetige» kyn düşüpdi. Has güýçli garşydaş «Şagadamy» 2:0 hasabynda ýeňen täze düzüm «Turan» bilen nähili oýnarka? Eger-de, «Energetik» bu duşuşykda-da 3 utuk almagy başarsa, ýaryşyň başyna geçmäge mümkinçilik dörär. Häzirki lider «Balkan» tapgyrda «Altyn asyr» bilen duşuşýar.

«Altyn asyr» — «Balkan»

Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda geçiriljek 2-nji tapgyryň merkezi duşuşygy. Geçen ýylky çempion Naýbaşy kubok ugrundaky duşuşykdan soň, bir hepdeläp dynç alan hem bolsa, garşydaşyň «Balkan» bolsa, iş ýeňil däl. Ýöne geçen ýyl iki toparyň arasynda Aşgabatda geçirilen we 5:0 hasabynda «aragatnaşykçylaryň» peýdasyna tamamlanan duşuşygy hem ýatdan çykarmaly däl. Bu duşuşyk toparlaryň ikisiniň hem möwsüme nähili taýýarlyk bilen gelendigini kesgitlär.

«Aşgabat» toparynyň dynç güni
 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň