Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabadyň çäginde ulag serişdeleriniň ortaça tizligini anyklaýan täze ulgamy ornaşdyrdyldy

0
101289

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň hünärmenleri ýol hereketiniň howpsuzlygyny ýokarlandyrmak hem-de ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak maksady bilen,  Aşgabadyň çäginde ulag serişdeleriniň ortaça tizligini anyklaýan täze ulgamy ornaşdyrdyldy.

Bu ulgamyň işleýşi:

Ýolda ýerleşdirilen tizlik ölçeýän enjamlar arkaly ulagyň iki nokadyň arasynda geçen ýoluny, bellenen aralyga giren we çykan wagtyny hasaba almak bilen, matematiki hasaplama arkaly awtoulaglaryň  ortaça tizligi hasaplanylýar. 

Tizlik artdylan halatynda, ulag serişdesiniň eýesi awtomatlaşdyrylan düzgünde degişli jogapkärçilige çekilýär.

Has giňişleýin aýdanymyzda: N.Andalyp köçesiniň ugrunda 60 km/sag ulag serişdeleri dolandyrmaga rugsat edilýär we şol köçedäki wideogözegçilik enjamlaryň arasy 1 km bolsa, onda sürüji şol aralygy 60 sek 24 ms gelmeli.   

Eger-de bellenen aralygy bellenen wagtdan çalt geçen bolsaňyz, diýmek, siz iki nokadyň arasynda tizligi görkezilen çäkden artdyrypsyňyz.

Turkmenportal  redaksiýamyzyň elektron poçtasyna gelen sowallaryň arasynda hut şu mesele babatynda iň köp soralýan 4 sowal bar, geliň, olara dessine jogap bereliň:

 

1. Men tizlik ölçeýän enjamyň deňinden haýal geçdim, emma maňa jerime ýazyldy. Näme üçin?

Sebäbi!  käbir sürüjiler awtoulaglaryň tizligini ölçeýän wideogözegçilik nokatlarynyň deňine ýetip, tizligini peseldýärler, geçenlerinden soňra bolsa ýene-de indiki ornaşdyrylan wideogözegçilik nokadyna çenli aralykda tizliklerini artdyrýarlar.  

Belläp geçişimiz ýaly, bu ulgam – matematiki ýol bilen ulagyň ortaça tizligini hasaplaýar. Eger size jerime gelen bolsa, onda siziň ortaça tizligiňiz artdyrylandyr.

2. Jerimeleri nädip töläp bolýar?

  • PÝGG-niň ykjam enjamlar üçin niýetlenen töleg programmasynyň kömegi bilen onlaýn töläp bolýar;
  • “Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň resmi web saýtyndan onlaýn töläp bolýar;
  • Ýangyç guýujy beketlerdäki we beýleki ýerlerde duran infokiosiklardan;
  • PÝGG-nyň işgärleriniň bank kartlary kabul eýän POS terminallar arkaly.

3. Mende jerime barmy? Nädip bilmeli?

  • “Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň resmi web saýtyndan onlaýn barlap bolýar;
  • PÝGG-nyň gulluk telefonlaryna jaň edip bilmek arkaly.
  • Ýangyç guýujy beketlerdäki we beýleki ýerlerde duran infokiosiklardan;

4. Soňky köp soralýan sowal şeýle: wideogözegçilik nokatlary diňe tizligi ölçeýärmi? 

Ýollarda ornaşdyrylan ulgam ýol hereketiniň kadalarynyň beýleki bozulmalaryny hem ýüze çykarýar.

Mysal üçin, howpsuzlyk kemerini ulanmak kadalaryny bozmak, iýip-içmek, telefonda gürleşmek we ş.m.

Hormatly sürüjiler, ortaça tizligi kesgitlemek ulgamy barada soraglaryňyz bar bolsa, soraglaryňyzy şu salga iberip bilersiňiz: info@turkmenportal.com.

Hormatly sürüjiler ýol hereketleriniň düzgünini berjaý edeliň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar