Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň halk artisti Kakajan Aşyrow 70 ýaşady

0
7173

Türkmenistanyň halk artisti Kakajan Aşyrowyň ady tutulanda, ilki bilen, «Meniň dostum Meleguş» filmindäki Altynyň keşbi bada-bat göz öňüňde janlanýar. Göwnüňe bolmasa, şondan soň onuň artist hökmündäki täsin ykbaly başlanýan ýaly diýdirýär. Çünki bu keşp oňa diňe bir kinoda çapyksuwaryň keşbini däl-de, eýsem, teatr sungatynyň hem meşhur «atşynasy» bolmaklygynyň ýoluny salgy beren ýaly duýulýar. Şol filmden sungat atyna çykan Kakajan Aşyrow soňra režissýor hökmünde, dramaturg hökmünde hem teatrda sahnalaşdyran oýunlarynda ençeme keşpleri keşdelemeli hem kebşirlemeli bolýar. Zehinli artist tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp eden Altynyň keşbinde surata düşmäge görnükli sungat ussady Alty Garlyýew çagyrypdyr.

Dogrusy, kino artisti bolup gidiberse-de bolardy. Ýöne sungata söýgä kän zat sygýar. Belki-de, şol söýgi sada oba oglanynyň Marydan Moskwa okuwa gitmegine hem sebäp bolandyr. 1972-nji ýylda surata düşürilen «Meniň dostum Meleguş» kinofilmindäki döreden keşbinde gürrüň atşynaslyk sungaty hakda gidýän hem bolsa, biz onda baş gahrymanyň keşbini ýerine ýetiren artistiň sungata bolan egsilmez söýgüsini hem görýäris. Alty Garlyýewiň geljekki uly zehini bu filme çagyrmagy bolsa, belki-de, oňa beren ak patasydyr. Oňa çenli daşary ýurt dramaturglarynyň birnäçesiniň eserlerinde keşp döredip, baý tejribe toplan Kakajan Aşyrow Altynyň keşbini ussatlarça ýerine ýetirmek bilen, türkmen sungatyna täze bir zehiniň gelendigini subut etdi. Ýa-da Moskwanyň Şepkin adyndaky teatral uçilişşesini tamamlanlarynda, Gogolyň «Derňewçi» komediýasynda baş gahryman Hlestakowyň keşbini şowly ýerine ýetirişi bilen teatr artisti bolup işläberse-de bolardy. Ýöne sungata söýgi bitewi bolýar. Ol sungatda täze giňişlikleri, täze gözýetimleri gözleýärdi. Şol gözleg hem ony soňra Moskwanyň Wladimir Maýakowskiý adyndaky akademiki teatryna režissýorlyk ugrundan iki ýyllyk kämilleşdiriş okuwyna alyp gelýär. Ýaş zehiniň režissýor hökmünde täze eserleri sahnalaşdyrmak höwesi ony teatr sungatynda küýsegli menzillerine ýetirýär. «Meniň dostum Meleguşdaky» gözleri ýanyp duran hyjuwly ýaş zehin indi teatr sungatynda şolar ýaly yhlas bilen özüni synamak isleýärdi.

Başlangyç mydama-da kyn bolýar. Ýöne: «Başlangyç — işiň ýarysy» diýýänlere-de «hä» beresiň gelýär. Sungata söýgi ähli kynçylyklardan rüstem gelýär. 1988-nji ýylda döreden «Jan» eksperimental teatry, onda özüniň ýazan hem-de sahnalaşdyran dürli sahna eserleri Kakajan Aşyrowyň adynyň öz ýurdumyzdan daşarlarda hem tanalmagyna getirýär. Munuň şeýledigine ol eserleriň dürli ýyllarda dürli halkara festiwallarda baýraklara mynasyp bolmaklygy hem aýdyň güwä geçýär.

On ýyldan gowrak wagt ýolbaşçylyk eden «Jan» teatry onuň üçin döredijilik gözlegleriniň synag meýdany boldy. Şol bir wagtda-da täze gözleglere badalga berdi. Ol gözlegler öz miwesini hem eçildi. «Däli Domrul» sahna eserini döredenlerinde, ol Magtymguly adyndaky Halkara baýraga mynasyp bolýar. «Sen söýseň meni», «Oguz oýny», hormatly Prezidentimiziň adybir eseri boýunça «Döwlet guşy», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» eseriniň esasynda sahnalaşdyrylan «Dutaryň owazy» sahna eseri — bularyň ählisi türkmen teatr sungatynyň altyn gaznasyna giren eserlerdir. Çünki Kakajan Aşyrow sahna dünýäsine, tomaşaçynyň göwün islegine, tomaşa zalyna diýseň belet. Artistleriň zehin üşügini olaryň atlaryny bilşiçe, belki, ondan hem artyk bilýär. Şonuň üçin režissýor hökmünde olaryň zehinini açmagyň hem ussadydyr. «Dutaryň owazyndaky» Şüküre biziň ählimiz aşyk, ony ýakynymyz ýaly görýäris. «Sen söýseň meni» sahna oýnunda Bally mollanyň keşbini döreden Çary Berdiýewiň, Jaýtygülüň keşbini ýerine ýetiren Oguljahan Täçgeldiýewanyň, ene keşpleriniň ezberi Jennet Paltaýewanyň döreden keşbi, Kakajan Aşyrowyň maşgalasy, ussat aktrisa Gülnabat Aşyrowanyň döreden Domrulyň hatynynyň keşbi, Muhammet Bekiýewiň döreden Oguz hany biziň köpimiziň ýadymyzdadyr.

Sahna bilen tomaşa zalynyň özara baglanyşygy sahna oýnunyň şowly çykmagyna bagly bolýar. Ondan soň ol eser adamlaryň kalbynda ýaşamagyny dowam etdirýär. Kakajan Aşyrow ençeme ýaş zehinleriň hem halypasydyr. Myrat Orazmuhammedow, Gülälek Akmyradowa, Batyr Çaryýew, Baýramdurdy Rahymow, Dilşat Meläýewa ýaly ençeme zehinler onuň ussatlygynda uly sungat mekdebini geçdiler. Munuň özi saz sungatynda kompozitoryň haýsy owazy haýsy saz guralynda ýaňlandyrmalydygynyň ussady bolşy ýaly, köptaraply zehiniň döredijiliginiň ýene bir täsin tarapydyr.

Ýyldan-ýyla kino, teatr artisti, dramaturg, režissýor hökmünde taplanan Kakajan Aşyrowyň millilige, watansöýüjilige ýugrulan eserleri yzygiderli hem ussatlarça sahnalaşdyrmaklygy onuň sungata bolan bitewi söýgüsinde kämillige ýetendiginiň aýdyň beýanydyr.

Halypa režissýor 2019-njy — «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda, ilkinji sahnalaşdyrylanyna 20 ýyl geçenden soň, Aleksandr Wolodiniň «Suwlugan» eserine täzeden ýüzlendi. Munuň özi kämilligiň çägi ýok diýleniniň özboluşly jogabyna meňzeýär.

Türkmenistanyň halk artisti Kakajan Aşyrowyň halk sazlarynyň janköýeridigi, sahna bezegine sahnalaşdyrýan eserine görä sazlaşyk berşi, artistlere zehinine kybap keşpleri ynanyşy, millilige ýugrulan döwrebap eserleri bilen tomaşaçylary begendirişi, mydama täze gözleglerde gezýändigi onuň köňül atynyň hemişe aýlawdadygyny görkezýär. Biz hem görnükli sahna ussadyna şeýle asylly işinde rowaçlyk, täze döredijilik üstünliklerini arzuw edýäris.

Çeşme: "Türkmenistan" gazeti, 15.07.2020

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar