Soňky habarlar

Arhiw

Banka barmazdan “Internet-bank” hyzmatyny birikdirmek

0
47745

“Türkmenportal” saýtymyzda çap edilýän tehnologiýa ugruna degişli makalalaryň aglaba böleginde “Internet-bank” we “Mobil-bank” adalgalaryny ulanyp geçýändigimizi görmek bolar. Bularyň heri birisi barada içgin maglumat beripdik. Gündelik durmuşymyzda işimiziň köp bölegini aňsatlaşdyrjak bu ulgamlaryň amatlyklary, mümkinçilikleri bilen şol makalalarda tanşyp bilersiňiz.

Bu gezekki sanymyzda siz bilen ýene bir täzeligi paýlaşmagy makul bildik. Indi “Internet-bank” we “Mobil-bank” ulgamyna birikmek üçin banka barmak zerurlygy ýok! Çünki ulgamda hasaba durmagy indi banklaryň web saýtlarynyň üsti bilen amala aşyryp bolýar!

Bellik: Bank kartyňyza “SMS habar” hyzmaty birikdirilen bolmaly.

“Internet-bank” ulgamyna onlaýn görnüşde nädip birikmeli? Ilki bilen, bank kartyňyzy eliňize alyň. Bank kartyňyz haýsy banka degişli bolsa, şol bankyň resmi web saýtyna giriň. Bankyňyzyň resmi web saýty bank kartyňyzyň arka tarapynda ýazylgy durýar. Bankyňyzyň resmi web saýtyna gireniňizden soň, “Internet-bank” ýazgysyny tapyň we şol salgynyň üstüne basyň. Soňra “Internet-bank” ulgamyna giriş sahypasy açylar. Ol ýerde login we açarsözüňizi ýazmak üçin setirler çykar. Olaryň aşagynda bolsa gökje “Registrasiýa” atly düwme çykar. Siz şol düwmä basmaly we ulgamda hasaba alynmaly.

Mysal hökmünde, hasaba alnyş prosesini görkezeliň. Aýdalyň, siziň kartyňyz “Halkbank” döwlet täjirçiligi banky tarapyndan çykaryldy. Bu ýagdaýda şu ädimler arkaly “Internet-bank” we “Mobil-bank” ulgamynda hasaba durup bilersiňiz:

1. Ilki bilen “Halkbank” DTB-niň resmi web saýtyna giriň.

2. Soňra menýudan “Internet-Banking” düwmesine basyň.

3. “Halkbankyň” “Internet-bankynyň” sahypasy açylandan soň, aşakda gök reňk bilen ýazylan “Registrasiýa” düwmesine basyň.

4. 3 sany doldurylmaly setir çykar. Setirlere degişlilikde pasport seriýa belgiňizi, bank kart belgiňizi we bank kartyňyzyň hereket edýän möhletini ýazyň. Doldurmak boýunça nusga her setirde ýazylan – şol nusgalardan ugur alyp bilersiňiz.

5. “Registrasiýa” düwmesine basyň.

 

Ulgamda üstünlikli hasaba alnanyňyzdan soňra telefon belgiňize SMS habary geler we ilkibaşdaky giriş üçin login sözi berler.

Görşümiz ýaly, ýokardaky ýönekeýje ädimleriň üsti bilen onlaýn görnüşde gysga wagtyň içinde “Internet-bank” we “Mobil-bank” ulgamlaryna birigip bolýar.

Onlaýn hyzmatlar, täze mümkinçilikler, peýdaly tehnologiýalar we tilsimler – “Türkmenportal” bilen galyň! Makalalarymyzy we wideo görnüşlerimizi sypdyrmaň!

 

Biz bilen habarlaşmak üçin: info@turkmenportal.com.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar