Soňky habarlar

Arhiw

Italiýa barada gyzykly maglumatlar

0
14320

Italiýanyň kenarlaryny üç sany deňiz ýuwýar. Olar günbatarda Tiren we Liguriý deňzi, gündogarda Adriatika deňzi, günortada bolsa Ion we Ortaýer deňzi bilen serhetleşýär.

Dünýä kartasyna seredeniňde, Italiýa geografiki taýdan ýerleşişi boýunça ädigi ýadyňa salýar.

Ýewropa döwletleriň arasynda Italiýa iň köp wulkanly ýurt hasaplanýar. Olaryň iň esasylarynyň biri hem Wezuwiý wulkanydyr.

Italiýa dünýäde iň berk nikalylaryň ýurdy hasaplanýar. Bu ýerde nika bozuş ýagdaýy üç ýyla çenli çekip bilýär.

Italiýada adam ömrüniň ortaça dowamlylygy 83 ýaş bolup, bu görkeziji Ýewropada iň ýokary görkezijileriň biridir.

Italiýanyň Bolonýa uniwersiteti diňe bir Ýewropada däl-de, eýsem, tutuş dünýäde hem iň gadymy uniwersitetleriň biridir. Ol 1088-nji ýylda esaslandyrylyp, şondan bäri hem işini üznüksiz dowam etdirýär.

BMG-niň düzümindäki ÝUNESKO Italiýanyň 50-den gowrak ýadygärlikleri girýär. Bu bolsa Italiýanyň dünýä miras beren ýädygärlikleriniň dünýäniň beýleki döwletleriniňkiden ep-esli köpdügini görkezýär.

Italiýada gije sagat birden daňdan sagat bäşe çenli plýažlara barmak gadagan.

Eger-de siz italýan restoranlarynda ýada kafelerinde nahary gaýry dilde buýursaňyz, bahalaryň iki esse galmagy mümkin. Ýerli ilat we syýahatçylar üçin nyrhlar tapawutlanýar.

Italiýada pizzanyň 2000-den gowrak görnüşi bolup, olaryň içinde iň millisi Margarita atly pizzadyr. Ol taýýarlanylanda hökmany suratda pomidor, mosarello we reýhan zerurdyr.

Beýleki ýurtlardan tapawutlylykda Italiýada 17-lik san şowsuz hasaplanýar. Esasanam anna güne gabat gelen ýagdaýynda. Bu olaryň öz yrymlary bolup, ol şeýle manyny berýär. Eger 17-lik sany rim sifrlerine geçirsek XVII emele gelýär. Ondaky sifrleriň ýerini üýtgetsek, şeýle görnüşdäki VIXI söz emele gelýär we latynçadan terjime edeniňde «durmuş gutardy» diýen manyny berýär.

Italýan baýdagy üç reňkden ybarat bolup, ýaşyl-ynamy, gyzyl-söýgini ak bolsa umydy aňladýar.

Rim döwletiň paýtagty bolup, dünýäde iň gadymy şäherleriň biridir. Ol b.e.öňki 753-nji ýylda esaslandyrylypdyr.

Italýanlary biri-birine futbola bolan söýgi has-da ýakynlaşdyrýar.

Çeşme: «Biznes reklama» gazeti.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar