Soňky habarlar

Arhiw

Futbol, Türkmenistanyň kubogy ― 2019: ýarym finalyň birinji duşuşyklaryndan soňra gyzykly hasaplamalar

0
2749

Tapgyryň umumy aýratynlyklary:

20 golçy: Türkmenistanyň kubogy ― 2019-da tapawutlanan futbolçylaryň sany 20-ä tegelendi.

23 gol: Türkmenistanyň kubogy ― 2019-da geçirilen gollaryň sany 23-e çykdy

90 gol: Türkmenistanyň kubogynda 2015-nji ýyldan bäri geçirilen gollaryň sany 90-a deňleşdi.

 

«Altyn Asyr» ― «Aşgabat» ― 3:1

Gollar: Selim Nurmyradow 7, 68, Mekan Saparow 44 ― Wekil Kadyrow 37.

Nurmyradow iň gowularyň biri: Kubok ýaryşynyň şu möwsüminde iki gezekden artyk tapawutlanan futbolçy ýok. «Altyn asyryň» «10-lygy» hem şol futbolçylaryň hataryna goşuldy.

Nurmyradow ilkinji 10-lukda: Selim Nurmyradow Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryşlarda 2015-nji ýyldan bäri bäşinji pökgüsini geçirdi. Ol indi agzalan möwsümden bäri bu ýaryşda iň köp tapawutlanan futbolçylaryň sanawynyň ilkinji 10-lugynda.

Bir derwezä 40-dan aşa gol: Selim Nurmyradowyň 7-nji minutdaky goly «Aşgabadyň» derwezesine Türkmenistanyň kubogy ugrundaky duşuşyklarda geçirilen 40-njy goldur.

80-nji gol: Şol bir wagtyň özünde Selim Nurmyradowyň bu goly «Altyn asyryň» bu ýaryşdaky 80-nji goly boldy.

«Altyn asyr» «Merw» bilen deňleşdi: Indi toparlaryň ikisinde-de Türkmenistanyň kubogy ― 2019-da 6 gol bar.

 

 «Köpetdag» ― «Ahal» ― 0:2

Gollar: Yhlas Saparmämmedow 61, Pirmyrat Sultanow 77.

Sultanow ilkinji 15-likde: 2016-njy ýyldan bäri Türkmenistanyň kubogynda üçünji pökgüsini geçiren Pirmyrat Sultanow iň köp tapawutlanan futbolçylaryň sanawynyň ilkinji 15-liginden özüne orun tapdy. Ol bu pökgüleriň ikisini «Köpetdagyň», birini «Ahalyň» düzüminde oýnaýarka geçirdi.

«Ahal» 70-nji goluny geçirdi: «Ahal» Türkmenistanyň kubogy ugrundaky duşuşyklarda 70-nji goluny geçirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar