Top.Mail.Ru

Hytaýda adamlar yssydan halas bolmak üçin gawun gujaklap uklaýarlar

17:1623.07.2025
0
29803
Hytaýda adamlar yssydan halas bolmak üçin gawun gujaklap uklaýarlar
Surat: Gazeta.ru

Hytaýyň sosial torlarynda yssydan goranmagyň adaty bolmadyk usuly meşhurlyk gazandy, adamlar gyş gawunyny gujaklap uklaýarlar diýip, «South China Morning Post» neşiri ýazýar.

Ýagny ýurtdaky dowam edýän jokrama yssy sebäpli adamlar äpet gyş gawunlaryny uky wagty «serginlediji ýassyk» hökmünde peýdalanyp başladylar. Olar munuň kondisionersiz şertlerde yssy howany ýeňmekde peýda berýändigine ynanýarlar.

«Kondisionerli ýatanyňdan gawunly ýatmak has gowy» diýen heştege hytaý internet torlarynda 4,4 million adam tarapyndan tomaşa edildi. Internet peýdalanyjylar çaga göwrümindäki gawuny gujaklap ýatan fotolaryny we wideolaryny torlarda paýlaşýarlar. Köpler gawunyň düzüminde suwy köp saklaýandygy (95 göterim) sebäpli onuň bedeni oňat sowadýandygyny nygtaýarlar.

Bu usuly ilki bolup ýörgünli eden Týansziniň ýaşaýjysy Longma atly zenan boldy, ol maşgalasynyň sowuklamadan goranmak üçin kondisionerden ýüz öwrendigini hem-de gawuny saýlap alandygyny gürrüň berdi. Zenan öz «gawun – ýassygyna» her gün ideg edýändigini, ony süpürip durýandygyny-da gürrüň berdi.

Hytaý halk lukmançylygy-da bu pikiri goldaýar. Hünärmenler bu usulyň aýratyn hem kondisioner ýaramaýan gartaşan adamlar, çagalar we göwreli aýallar üçin ýaramlydygyny aýdýarlar. Hytaýyň dikeldiş boýunça Ylmy-barlag merkeziniň hünärmeni Ýang Szufu aşgazany näsaz adamlara gawuny uzak wagtlap gujaklap ýatmazlygy maslahat berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň