Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenko dogduk şäherine - Türkmenabada geldi

0
5789

Geçen asyryň 80-nji ýyllarynda talyp bolmak höwesi bilen «Niredesiň, Ukraina?!» diýip ýola düşen 18 ― 20 ýaşlaryndaky ýigit 30 ― 35 ýyl aralykdan soňra dogduk şäherine Gahryman bolup dolanyp geldi. Türkmenabat özüniň birmahalky össürimini döşi lowurdap duran nyşanly garşylady.

Gürrüň Türkmenistanyň Gahrymany uçarman-kosmonawt Oleg Kononenko barada barýar. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň gol çeken taryhy Permany bilen oňa ýurdumyzyň ýokary tapawutlandyryş derejesi ― «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen belent at dakyldy. Indi ol hem Türkmenistanyň, hem Russiýanyň Gahrymany. Ýöne älem giňşiliginiň üstünden geçip, şu belent derejä çenli gelip ýeten ýoluň ilkinji ädimleri Jeýhun ýakasyndaky şäherde ädilipdi...

Salam, dogduk şäher!

28-nji sentýabr. Ir bilen Halkara Ahalteke atçylyk toplumynda geçirilen baýramçylyk dabarasynda hormatly Prezidentimiz bilen didarlaşan Gahryman günüň ikinji ýarymynda dogduk şäherine ― Türkmenabada geldi. Jeýhun ýakasyndaky şäher döşi lowurdap duran nyşanly perzendini tomusdan galan günleriň biriniň gyzgyn mähiri bilen garşylady.

Belki, göbek ganyň damanlygyndandyr. Nesibe nirelere çekse-de, dogduk Diýaryňa dolanyp gelmegiň ýakymy hemişe başgaça. Siz dogduk Diýaryňyzdan näçe wagtlyk aýrylyp gördüňiz? Bir ýylmy, belki bäş ýa on ýyldyr? Ýöne şunça aýralykdan soňra çagalygyň geçen ýerlerine didaryň gaýtadan düşende, ýüzin ýatyp topragy ogşaýasyň gelýär. Onsoň 30 ― 35 ýyl mundan ozal dogduk şäher bilen hoşlaşyp, ilki Ukraina, soň Russiýa, ondan hem älem giňişliklerine çenli (özi hem dört gezek!) baryp ýeten ogluň ahwalyna özüňiz düşüniň! Laçyn kamatly «Boeing» Türkmenabadyň Halkara howa menziline golaýlap başlandan, onuň ýüreginiň gürsüldisi artan däldirmi? Ýerden onmüňlerçe kilometr beýiklikde hem rahat urup bilýän ýürek dogduk şähere golaýladygyça, başgaça urandyr.

Dogrusy, Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenkony Türkmenabatda garşylamak bize nesip etmedi. Ýöne onuň duz-çörekli, ter güller bilen garşylanyşyna şaýat bolan kärdeşimiz Marstal Bektasow şeýle gürrüň berýär:

― Oleg Kononenko Türkmenabada ejesi aýatda dirikä birnäçe ýola gelipdi. Bu gezek ol şäheriň Halkara howa menzilini görüp, gözlerine ynanmady. Harkowyň N.Ý.Žukowskiý adyndaky awiasiýa institutyna okuwa gitmänkä, Türkmenabadyň howa menzilinde bir ýyl işlän Olegi täze, döwrebap menzil diýseň begendirdi. «Biziň Prezidentimiz (ol hormatly Prezidentimizi şeýle atlandyrýar), gör, nähili beýik ynsan! Diňe şu howa menzili hem Onuň il-günüň aladasyny ähli zatdan ilerde goýýandygyny görkezýär» diýip, Oleg uçardan düşen badyna buýsanjyny paýlaşdy.

Hawa, Arkadag Prezidentimiziň ak patasy bilen geçen ýylyň fewral aýynda açylyp, ulanmaga berlen, sagatda 500 ýolagça hyzmat edýän Türkmenabadyň Halkara howa menzili Oleg Kononenkonyň işlän menzilinden has kämil, has tapawutly. Lebabyň howa derwezesine öwrülen bu menzil geçen iki ýyla golaý wagtyň dowamynda Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenko ýaly hormatly myhmanlaryň, gör, näçesiniň öwgüli sözlerine mynasyp boldy.

Halkara howa menzilinden şähere gaýdýan ýol «Arkadag» diýlip atlandyryldy. Bu ýoluň ugrunda täze Türkmenabat kemala gelýär diýsek, öte geçdigimiz bolmaz. Ýoluň iki kenaryndaky jaýlaryň 20-den gowragynda geçen ýylyň tomsundan bäri bagtyýar ýaşaýyş gaýnap joşýar. 100-e golaý desgada bolsa gurluşyk gyzgalaňly dowam edýär. Olaryň 40-synyň düýbi şu ýylyň tomsunda tutulypdy.

Ýeri gelende aýtsak, 2012-nji ýyldan soňra Türkmenabada ilkinji gezek gelen Gahryman soňky ýyllaryň içinde şäheriň tanalmaz derejede özgerendigini guwanç bilen belledi. Ol wagtynyň çäklidigine garamazdan, şäheriň köçelerinde gezelenç etmegi hem ahmal etmedi. Onuň 18 ýaşynda hoşlaşan şäheri bilen bu günki şäheriň arasynda uly tapawut bar. Bu tapawut mukaddes Garaşsyzlygyň, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň gudratyndan kemala geldi.

Mähriban ojaga zyýarat

Kononenkolaryň öýi Türkmenabat şäheriniň Merkezi etrapçasynda ýerleşýär. Ýük ulagynyň sürüjisi bolup işlän Dmitriý Kononenko bilen Türkmenabadyň howa menziliniň aragatnaşyk bölüminiň ozalky hünärmeni Taisiýa Çurakowanyň maşgalasy etrapçadaky 6-njy jaýyň ikinji gatyndaky öýleriň birinde ýaşadylar. Kakasy irräk aradan çykan Oleg Kononenko ejesi heniz aýatda dirikä ony görmek üçin birnäçe gezek dogduk şähere, mähriban ojaga gelip gidipdi.

         Hemragül Hojyýewa,

         Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşmesiniň pudagara utgaşdyryjysy, Kononenkolaryň maşgalasynyň goňşusy:

         ― Biz olar bilen geçen asyryň 70-nji ýyllaryndan bäri goňşuçylykda ýaşaýarys. Olegiň başga-da bir erkek dogany bardy. Ol hem Russiýada okap, şol ýerde hem işläpdi. Ýöne birnäçe ýyllap Türkmenabatda ― ejesiniň hem ýanynda ýaşady. Ýadyma düşüşine görä, Oleg hem okuwy tamamlap, Türkmenabatda biraz tejribelik geçen bolmaly. Soňra arzuwlarynyň yzyna düşüp, Russiýa gitdi.

Biz onuň ejesine «Totýa Taýa» diýip ýüzlenerdik. Kiçigöwünli zenandy pahyr. Olegiň üstünliklerine tüýs ýürekden guwansa-da, köpçülikde dil ýaryp ýörmezdi. Men onuň ilkinji gezek kosmosa uçjak bolýandygyny gazetden okap, ejesine aýdanymda: «Hawa, habarym bar. Uçjag-a bolýar» diýip, gysgajyk jogap beripdi. Ýöne çagalaryny hemişe mähir bilen ýatlardy. Türkmençiligi hem gowy bilerdi, milli däplerimize eýererdi. Soňky ýyllarda, köplenç, ýeke ýaşan totýa Taýany ähli goňşularymyz gowy görerdi.

Olegiň çagalygy barada näme aýdyp bolar? Ol hem ähli çagalar ýaly hemişe bökjekläp oýnap ýören oglanjyk görnüşinde hakydamda galypdyr. Käte-de ejesi bilen howa menzilindäki uçarmanlaryň klubyna giderdi. Diýmek, Olegiň uçarman, kosmonawt bolmak höwesi şol ýyllarda oýanyp başlan bolmaly.

Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenko şu gezekki saparynda mähriban ojagyna ýene bir gezek zyýarat etdi. Ýöne bu zyýarat şu ojagyň perzendi hökmünde, belki-de, onuň iň soňky zyýaratydy. Çünki Gahryman kosmonawt bu gezek bir pikiri ýüregine düwüp gelipdi. Onuň hyýaly maşgalasynyň uzak ýyllaryň dowamynda ýaşan öýüni şäheriň ilatyna sowgat bermek üçin şäher häkimliginiň ygtyýaryna tabşyrmakdy. Gujagynda türkmenistanly ilkinji kosmonawty penalan öý mundan beýläk başga maşgalalara hyzmat etmelidi. Ol şonda häzir boşap galan öýüň goýnunyň ýene-de çaga gülküsine doljakdygyna ynanýardy.

O.Kononenko şäher häkimliginde bolan duşuşykda bu teklibini beýan etdi. Ýöne ol başga bir has peýdaly teklip bilen ýüzbe-ýüz boldy.

Kosmonawt perzentli, onda-da älem giňişliginde iň köp wagt bolmak boýunça rekord goýan kosmonawtly bolmak her bir şähere nesip edenok. Şonuň üçin hem Türkmenabat öz perzendini mundan beýläk hem arzylar, hormatlar. Kim bilýär, bir gün bir myhman gelip, Türkmenabatdan Oleg Kononenkonyň yzlaryny gözlemezmi? Ýa bir gün kinematograflar topary gelip, Kononenko baradaky dokumental filmiň birnäçe sahnasyny Türkmenabatda surata düşürmäge isleg bildirmezmi? Ikisi hem bolup biljek ýagdaý. Şonuň üçin hem şäheriň ýolbaşçylary Gahrymana onuň ýaşan öýüni muzeý etmek teklibi bilen ýüz tutdular. Bu eýýäm onuň Türkmenistana şu gezekki saparynyň dowamyndaky ikinji hoş habardyr. 25-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiziň hut öz elinden Türkmenistanyň iň ýokary tapawutlandyryş derejesini ― «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen belent adyň güwäçisi bolan «Altyn aý» nyşanyny alan O.Kononenko indi öz öýüniň öz adyna dörediljek muzeýe öwrülmegi bilen bagly teklip bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Dogduk Diýaryny hemişe ýüreginde saklan kosmonawt indi onuň ýüreginde hem ýaşaýar. Türkmen Diýary bir mahallar Olegde älem giňişliklerine çykmak höwesini oýaryp bilipdi. Kim bilýär, ýakynda dörediljek muzeýe gezelenje gelýän ýaşlaryň ýene-de biriniň (belki birnäçesiniň) älemlere seýran etmek höwesi oýanarda, ýurdumyzdan ikinji, üçünji,.. onunjy,.. ýüzünji kosmonawtlar dörär. Kim bilýär?!

«Kitap berdiň goluma...»

Geljekki kosmonawt, hem Türkmenistanyň, hem Russiýanyň Gahrymany Oleg Kononenko 50 ýyla golaý mundan ozal bilim diýen gudratly barlyk bilen Türkmenabat şäherindäki 15-nji orta mekdepde tanşypdy. Ol birnäçe ýyldan soňra mekdebiň 10-njy «B» synpyny tamamlap hem arzuwlarynyň yzyna düşüp, älem giňişliklerine sary gitdi:

Nataliýa Lapşina,

harby orkestriň ozalky drižýory, Oleg Kononenkonyň synpdaşy:

― Oleg synpymyzyň iň göreldeli okuwçylarynyň biridi. Onuň üçlük alyp, ýüzüni saraldyp durany ýadymyza düşenok. Ähli dersleri, esasan hem bedenterbiýäni ― sporty aýratyn gowy görerdi. Üçünji hatarda oturýan uzyn boýly Oleg (10-njy synpda okaýarka, onuň boýy 180 santimetrden geçdi) hyýalymyzda şo-ol juwanlygynda galypdyr.

Oleg heniz mekdepde okaýarka, woleýbol boýunça Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysyna çagyrylan hem bolsa, ony diňe woleýbolçy diýip tanamak bolmaz. Ol futbolam, tennisem gowy oýnaýardy. Üstesine-de gowy suratkeş, ussat sazandady. Gitarada çalýan sazlaryny diňläp doýup bolmazdy. Mahlasy, onuň köptaraply zehini heniz mekdep partasynda oturýarka ýüze çykypdy.

Gahryman kosmonawtyň dogduk şäherine bu gezekki sapary has täsirli pursata beslendi: ol orta bilimi alan mekdebine gelip gördi.

Aýsoltan Bazarowa,

Türkmenabat şäherindäki 15-nji orta mekdebiň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji, welaýat Baş bilim müdirliginiň hünärmeni:

― Kononenko okan mekdebine ozal hem gelip gören eken. Ýöne şol gezek mekdepde abatlaýyş işleriniň gidýänligi üçin, hut, öz okan synpyna baryp bilmändir. Bu gezek bolsa ony göni öz okan synpyna alyp bardyk. Bu ýerde kosmonawta garaşylmadyk sowgat ― 10-a golaý synpdaşlary garaşýardy. Synpdaşlaryny gören kosmonawtyň begenişini bir görsediňiz. Onuň gözlerine düwme-düwme ýaşlar doldy. Hemmeler bilen mähirli salamlaşyp, öz oturan partasyny tapmaga synanyşdy. Ikinji hatara ýönelen myhmana synpdaşlarynyň biri onuň üçünji hatarda oturandygyny ýatlatdy. Käbir synpdaşlaryny 40 ýyla golaý wagt bäri görmedik myhman bilen bolan ýakymly gürrüňleri daşyndan diňlemegiň ýakymy hem başgaçady.

Aýsoltan mugallym ýene bir zady gürrüň berýär. Mekdepde Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenko bagyşlanan ýörite diwarlyk döredilipdir. Myhman ony guwanç bilen synlady. Ýakyn geljekde bolsa bu diwarlyk ýörite burç derejesine çenli ulaldylar. Ony mekdebiň hormatly myhmany bolan kosmonawtyň hut özünden alnan suratlardyr wideogörnüşler bezär. Gahrymanyň gol çekip beren ýadygärlik suratlary bolsa bu burçuň iň arzyly gymmatlyklarynyň birine öwrüler.

Kosmonawtyň okan mekdebiniň mugallymlarydyr okuwçylary bilen duşuşygy hem täsirli boldy. Duşuşyga gelen Türkmenistanyň ilkinji kosmonawty bolsa, bermäge sowal, gyzyklanmaga täsinlik gytmy? Duşuşyga gatnaşýan okuwçylaryň sähel salymyň içinde myhmanyň üstüni sowaldan gömdüler. Ol bolsa sowallaryň käbirine ýylgyryp, käbirine çynlakaý görnüşe girip, howlukman jogap berdi. Okuwçylar yzda galan, üstünlikli geçen dört uçuşyň ählisin, älem giňişligindäki ýaşaýyşdan başlap, indiki etsem-goýsamlaryna, maşgala agzalaryna çenli gyzyklandylar.

Şol gün «eşiden gulak gören göz bilen deň boldy». Çünki kosmonawt özüniň täsirli gürrüňlerininiň üstüni synpyň «akylly» tagtasynda şöhlelenen suratlardyr wideogörnüşler bilen ýetirdi. Aslynda, Türkmenabadyň 15-nji orta mekdebiniň mugallymlarydyr okuwçylary bu suratlaryň ilkinji tomaşaçylary boldular diýsek hem lap edip aýtdygymyz bolmaz. Kosmonawt bolsa mähriban bilim ojagynda okaýan ýaşlara şol gün suratlardyr wideogörnüşleriň uly toplumyny eçildi. Olaryň arasynda älem giňişligindäki ýaşaýyş, şol sanda dynç alynýan, iýlip-içilýän, işlenilýän, aňrysy-bärisi görünmeýän giňişlige «seýle çykylýan» görnüşlerden hem suratlardyr wideogörnüşler bar.

Ýusup Hojageldiýew,

Türkmenabat şäherindäki 15-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy:

― Gahryman kosmonawt bilen bolan duşuşyga maňa-da gatnaşmak miýesser etdi. Men oňa: «Siziň ekiz perzentleriňiz (Alina we Andreý) bar. Ogluňyz geljekde yzyňyzy ýöredip, kosmonawt bolmagy maksat edinýärmi?» diýip ýüzlendim. Myhman ýylgyrdy-da: «Sen häzir öz geljegiň hakynda anyk maksat goýduňmy?» diýip, özüme sowal bilen ýüzlendi. Men hem gysgajyk: «Ýok entek» diýdim. Ol hem: «Ine, Andreý hem maňa edil seniň beren jogabyňy berýär. Haýsy käri saýlasa-da, onuň ile ýaramly adam bolup ýetişmegini isleýärin» diýip jogap berdi.

Duşuşyk diýseň gyzykly boldy. Biz şu wagta çenli dünýä belli kosmonawtyň okan mekdebinde bilim alýandygymyza buýsanýardyk. Indi bolsa onuň özi bilen duşuşmaga-da mümkinçilik aldyk. Bu pursat biziň ýadymyzdan hiç haçan çykmaz.

Duşuşykdan galan täsirlerini biziň bilen mekdebiň 6-njy synp okuwçysy Şirin Hojamberdiýewa-da, 8-nji synp okuwçylary Gözel Hasanowa bilen Bahar Durdyýewa-da paýlaşdy. Okuwçylaryň hem aýdyşy ýaly, 55 ýaşly kosmonawtyň indiki maksady älem giňişligine ýene-de çykmak. Ol häzir bäşinji uçuşyna taýýarlanýar. Maksatlarynyň ýene biri hem geçen gezeklerde bolşy ýaly, Türkmenistan, türkmen halky bilen bagly gymmatlyklary, hususan-da, hormatly Prezidentimiziň täze dürdäne eserlerini ýyldyzlaryň deňine alyp çykmak.

Okuwçylaryň biri näme diýdi bilýäňizmi? «Biz dünýä kinematografiýasyndan «Supermen» diýlip atlandyrylýan uçýan gahrymany tanaýarys. Indi biziň öz uçýan gahrymanymyz ― Oleg Kononenkomyz bar. Ol ― biziň Supermenimiz!». Elbetde, çaga ýüreginden syzylyp çykan bu sözler azda-kände ýylgyrdýan hem bolsa, olaryň aňrysynda çäksiz buýsanç bar. Häzir Internetiň mümkinçilikleri şeýle bir giňedi welin, Ýeriň ol ujunda bolup geçen wakalary dessine bilmek juda ýeňil işe öwrüldi duruberdi. Älem giňişligine ilkinji gezek 2008-nji ýylda göterilen Oleg Kononenkonyň ähli uçuşlaryna bu gün uly ýaşlylarymyz hem, çagalarymyz hem belet. Kim bilýär, çagalaryň köpüsi ony eýýäm öz dünýäsiniň gahrymany diýip yglan edendir. Ýürekleri ussatlyk bilen okap bilýän hormatly Prezidentimiz bolsa ony «Türkmenistanyň Gahrymany» diýip atlandyrdy.

Watan mertebesi ― iň beýik mertebe

Oleg Kononenkonyň dogduk şäherine sapary doly bir gije-gündize hem ýetmedi. Ýöne şäherde onuň bu saparynyň täsirinden dörän gürrüňler ilatyň arasynda heniz-henizler ýaşasa gerek. Biz şu ýazgylary hem şol gürrüňleriň arasyndan süzüp aldyk. Bir gün duza müň gün salam berilýän bolsa, Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenkonyň 18 ― 20 ýyllap duz iýen, asylha, doglan şäherine salamy entek-entekler soňlanmaz. Nesip bolsa, ol indiki gezek öz adyna açylan muzeýe geler.

Ýazgylarymyza nokat goýmankak, ýene bir pikire salgylanmak isleýäris. Watan, halk öz adyny arşa çykaranlaryň gadyryny bilýär. Bu goşa mukaddesligiň adyny arşa çykarmak hakyky gahrymanlykdyr. Şonuň üçin hem eziz Watanymyz, mähriban halkymyz adyny arşa çykaran hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow, Russiýa Federasiýasynyň uçarman-kosmonawty, «Kosmonawtlary taýýarlaýan Ý.A.Gagarin adyndaky Ylmy-barlag synag merkezi» federal döwlet býujet edarasynyň kosmos işi boýunça «ROSKOSMOS» döwlet korporasiýasynyň tälimçi ― kosmonawt ― synagçysy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenkony Gahrymanlyk bilen mertebeleýär.

Agageldi ITALMAZOW.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar