Soňky habarlar

Arhiw

TÝL - 2019: 7-nji tapgyryň "Aşgabat" - "Altyn asyr" duşuşygyndan soň gyzykly hasaplamalar

0
1501

“Aşgabat” – “Altyn Asyr” – 1:2

Gollar: 40 Güýçmyrat Annagulyýew, 11 m.j.u. (“Aşgabat”) – 18 Welmyrat Ballakow, 51 Myrat Annaýew, 11 m.j.u (“Altyn Asyr”)

«Altyn asyr» öz ýerinde: Çempionatyň ýarysyny «Altyn asyr» birinji orunda tamamlady. Çempion 14 duşuşykda 29 utuk ýygnady.

30-njy gol: Duşuşykda Myrat Annaýewiň 11 metrlik jerime urgusyndan geçiren pökgüsi «Altyn asyryň» Ýokary liganyň şu möwsümindäki 30-njy goludyr.

Ballakow 58-nji: Welmyrat Ballakow şu möwwsümde tapawutlanan futbolçylaryň sanawyna 58-nji bolup adyny ýazdyrdy.

134 gol: Şu duşuşykdan soň Ýokary liganyň şu möwsüminde geçirilen gollaryň sany 134-e çykdy.

8 gol: Şeýlelikde, 7-nji tapgyr 8 gol bilen tamamlandy. Mundan ozal 14-nji tapgyr göni 8 goluň geçirilmegi bilen tamamlanypdy.

Ýeňişli ýubileý: «Altyn asyr» Ýokary ligadaky 340-njy ― ýubileý duşuşygyny ýeňiş we ýaryşyň birinji orny bilen dabaralandyrdy. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleri Ýokary liganyň tarayhynda iň köp duşuşyk geçiren toparlaryň arasynda 10-njy orny eýeleýär. 9-njy orundaky «Nisa» Ýokary ligada çykyş eden ýyllarynda 358 duşuşyk geçiripdi. Diýmek, «Altyn asyr» bu möwsümde 9-njy orna çykyp bilmez.

210-njy ýeňiş: Duşuşykdaky gazanylan ýeňiş hem ýubileý ýeňişdir. Ýagny, Ýokary ligada 2008-nji ýyldan bäri çykyş edip gelýän «Altyn asyr» 210-njy ýeňşini gazandy. Iň köp ýeňiş gazanan toparlaryň sanawynda 7-nji orny eýeleýän topar «Ahal» bilen hem goňşudyr. Ýeri gelende aýtsak, «Ahalyň» Ýokary ligada 221 ýeňşi bar.

Şu möwsümde: «Aşgabat» ― «Altyn asyr» 3:2: Toparlaryň arasynda 14-nji tapgyrda geçirilen duşuşyk 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlanypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar