Aziýa kubogy ― 2019 we Türkmenistanyň milli ýygyndysy barada

0
2464

Sport synçysy Merdan Baýadow bilen «Biznes reklama» gazetiniň işgäri Mätgurban Mätgurbanowyň özara söhbetdeşligi.

Bilşimiz ýaly häzirki wagtda Birleşen Arap Emirliklerinde tutuş Aziýany tolgundyrýan uly futbol baýramy, ýagny futbol boýunça Aziýa kubogy - 2019 dowam edýär.

Bu ýaryşyň bize möhüm tarapy milli ýygyndymyzyň ilkinji oýny we indiki duşuşyklary barada ildeşlerimiziň pikiri.

Biz birinji tapgyryň jemi, onda ildeşlerimiziň çykyşy we olaryň mümkinçilikleri hakynda pikir alyşmak üçin “Biznes reklama” gazetiniň işgäri, sport synçysy Mätgurban Mätgurbanowy myhmançylyga çagyrdyk.

― Mätim, yklym kubagynyň birinji tapgyryň oýunlary hakynda näme aýdyp bolar. Indi netijäni hemmämiz bilýäris, ýöne oýun hakynda-da aýdara zat köp diýip pikir edýärin.

― Hawa, bu duşuşyk barada gaty köp zat aýdyp bolar. Ýöne biz, ilki bilen, diňe öz toparçamyz hakda pikir alşaýaly diýesim gelýär, sebäbi okyjylar üçin hem bu söhbetdeşligiň iň gyzykly tarapy biziň milli ýygyndymyzyň oýnudygy şübhesiz. Oýunlara gelsek, biziň toparçamyzda ýeňilen ýygyndylaryň oýny mende, asla-ha, hemmelerde-de gowy täsir galdyrandyr...

― Ýalňyşmasam, Omanyň we Türkmenistanyň milli ýygyndylarynyň oýny barada aýdýaň, şeýemi?

― Hawa, sebäbi, ikisem oýun babatynda ýeňşe mynasypdy. Olar diňe hasapda utuldylar. Öňküleriň aýdyşy ýaly, «boljak işdir-dä!». Ýöne islendik ýeňlişem asmandan gaçmaýar, ýönekeýje bolsada ýalňyşlyklar bolansoň, ýagdaý şeýle tamamlanýar.

― Mäti, gepiň mustapasy, türkmen futbolçylarynyň gowşak we güýçli taraplary?

― Mustapany, beýlekin-ä bilmedim welin, sag gyra gowşak oýnady, gorag bilen ýarym goragyň arasynda boşluk emele gelýär käte, üns beren bolsaňyz.

― Serdaryň ganatynda diýjek bolýamyň?

- Hawa Annaorazowyň ganaty.

― Annaorazowyň ganaty öňler güýçli bolýardy. Asyl öz başarnygy ýetik welin, men onuň bu oýundaky wezipesine düşinip bilmedim: kä öňe, kä yza gaýdyp oýnady welin, tälimçi oňa başgaragam bir wezipe berene meňzeýär.

― Eger beýdip Serdary öňe çykarjak bolsak, merkezi goraga ýene birini goşmalydyk. Üns beriň, men Serdaryň derejesini pes görip dälde, merkezdäki emele geljek boşlugy ýapmak üçin aýtýan bu sözi, ýagny Annarozowy biz merkez ― hüjüm aralykda hem, gorag ― merkez aralygynda hem oýnadyp bilýäs gerek? Hawa. Diýmek, bolýan zat. Göz öňüňe getiriň, üç merkezi goragçy bilen oýnamaly..

- Men oňa düýbinden garşy..

― Menem ol usuly goldamok. Eger kimdir birini öňe çykaryp oýnatmaly bolsa diýýän, aslynda bolsa Serdary yza çekseň, öz asyl wezipesini birkemsiz berjaý etmegini tabşyrsaň, gowy ýaly bolup dur. Ynanyň, özbekler tizlik babatda bizden pes gelýär, ertirki oýunda Altymyrat bilen Myradyň, hem-de Mingazowyň tizliginden, Arslan bilen Ahmediň açyjy paslaryndan peýdalanjak bolmaly. Burçdan top depilse Mekan Saparowda hem köp mümkinçilikler bar.

― Özbegistanyň ýygyndysy bilen boljak oýundan öňinçä, birinji tapgyry biraz aýdyňlaşdyraly, Mäti. Meniň pikrime görä, şol oýun üçe bölindi: birinji ýarym, ikinji ýarymyň başyndan 75-nji minuda çenli we şondan soňy. Ylalaşýaňyzmy?

― Hawa, biz birinji ýarymda garşydaşlara gola öwrülip biläýjek howply pursaty döretmäge mümkinçilik bermedik. Tersine, özimizde gowy mümkinçilikleriň üçüsi boldy. Ýaponiýanyň öz asyl güýjünden pes oýnamagynyň kölegesinde birinji ýarymdaky milli ýygyndymyzyň oýny has ideala golaý bolup görindi. Ýöne, gynansagam, ikinji ýarymyň başyndan tä ortasyndan agýança, oýnumyza aljyraňňylyk aralaşdy. Kim bilýär, eger Wahyt-Altymyrat çalyşygy 46-njy minutda geçirilen bolsa, ýeňsek ýeňerdigem. Sebäbi, birinji ýarymda  goragda gowy oýnanam bolsak, garşylyklaýyn hüjüme geçmekde tizligimiz pes geldi. Hut şol ejiz ýerimizi arakesmede seljeren ýaponlar öňe has uly güýç bilen okduryldylar. Bardy-geldi garşylyklaýyn hüjim gurnalsada, hüjimçileriň yzyndan ýetip boljak diýen pikire geldiler. Ana, şol ýerde-de biz biraz goragy çuňlaşdyrjak bolduk welin, olam peýdamyza bolmady. Aslynda, diňe 46-77 minutlar aralygynda ýaponlar bizden gowy oýnady we şol aralykda üç goly salyp ýetişdiler. Biziň oglanlarymyz fiziki tarapdan pes bolsalaram, oýnuň soňunda olary aljyraňňy ýagdaýa salyp, hüjüm edip bildiler. Egerde 2-3 sany standart pursat bolsa gol bolmagam ahmaldy.

― Berlen 11 metrlik jerime hakynda nähili pikiriňiz bar. Jerime bererlik ýagdaý ýokdy diýmäge hiç kimiň dili barmaz welin, gyzyla karta degýän pursat hem diýip bolarmydy?

― Gyzyl berilsede, ýalňyş diýip bolmazdy, dogrusy emin biziň peýdamyza bolmadyk birki karar çykardy.  Ýöne umuman alanyňda, eýranly emin pes eminlik etdi diýip bolmaz, oýunda bolýan zat.

― Mäti, Timur Kapadze, ýagny, Özbegistanyň milli ýygyndysynyň Kuperden öňki tälimçisi bir söz diýdi: “Türkmenler toparlaýyn oýny gowy gurnaýar, ýöne barybir biziň oýunçylarymyz tejribe babatda güýçli we ýeňiş gazanarys”. Indi men öz pikirimi aýdaýyn. Tälimçi bilen asla ylalaşamok. Meniň gören “Oman”- Özbegistan” oýnumdaky hasap “Nesterow- Oman 2:1”. Şol derwezebanyň ussatlygy bolmadyk bolsa, goňşularmyz uly hasapada utulardy. 

Özbegistanyň ýygyndysynyň salan iki golam gola degýän pursadyň netijesi däl: Ahmedow jerimeden saldy; Şamyradowam derwezewanyň gödek ýalňyşyndan peýdalandy.

― Aslynda, Kapadze Türkmenistanyň ýygyndysynda Odil Ahmedow ýaly atly oýun gurnaýjy, Şamyradow ýaly Russiýanyň ýokary ligasynda şowly çykyş edip ýören ýok diýjek bolýar. Ýagny, biziňkileriň oýnaýan toparlaryna berlen baha diýen ýaly ol.

― Menem şol pikirde. Alaga-da, özbekleriň goragynda Mekan Saparow ýa Zafar Babajanow ýaly howadan gelýän toplary sowýan goragçy,  Altymyrat ýaly tizligi güçli hüjimçi ýok diýibem bilerin. Hatda Kuperiň ulanýan uzyn pasa görä düzülen taktikasy esasynda merkez bilen hüjimiň arasyndaky üzüklikdenem peýdalanmagymyz ahmal ahyry.

― Şeýle-de bolsa, men Nesterow bilen Ahmedowa hormat goýýan. Olar ýaly futbolçylar Merkezi Aziada köpem döräberenok. Ýalňyşmasam, ikisiniňem yklym ýaryşyna soňky barşy bolaýmasa. Meniň ýokarda belleýşim ýaly, gowy oýun gurnasak, ikinji tapgyr biziňki.

― Mäti, ýogsa-da çaklamalar bilen gyzyklandym. Senem aýt, soň elimde barlary okajak.

―  3:1 utarys.

- Beh, munuň beýle bolaýşyn-aý! Men öz ýanymdan şu hasaby aldym we halypa žurnalist Hojaberdi Apbaýewden soranymyzda hem şu hasaby aýtdy. Soň şahyr Sungat Gurbangeldiýew hem şol çaklama. Indem sen, yzly-yzyna dördünji çaklama: “3:1 utarys”.

―  Belki gowulykdan nyşandyr.

― Şeýle bolsun-da! Mätgurban, entek kän gürrüň etse boljak welin, siziňem wagtyňyz çäkli, okyjylaram aşa köp eglemek gowy däl. Şonuň üçin häzirlikçe hoşlaşaly, ýöne bu hoşlaşyk hälki bir arakesme diýen ýaly nesip bolsa ähli oýunlar babatynda syn bermegimizi dowam ederis.

-Nesip bolsa...

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar