Soňky habarlar

Arhiw

Aziýa kubogy ― 2019: birinji aýlawdan soň türkmen futbolçylary toparçadan çykmak mümkinçiligini saklap galýar

20:3410.01.2019
0
1176

Aziýa kubogy ― 2019-daky ilkinji duşuşygynda Ýaponiýanyň milli ýygyndysyndan 2:3 hasabynda ýeňlendigine garamazdan, türkmen futbolçylary birinji aýlawdan soňra toparçalarda üçünji orny eýeleýän iň gowy dört ýygyndynyň biri bolmagy başardylar. Ýaryşyň düzgünnamasyna görä, her toparçada ilkinji iki orny eýelän ýygyndydan başga-da, üçünji orundaky iň gowy dört ýygyndy 1/16 finala çykmaga hukuk gazanýar.

Birinji aýlawdan soňra, toparçalarda üçünji orny eýelän ýygyndylardan BAE-niň («A» toparça, 1 utuk), Palestinanyň («B» toparça, 1 utuk), Türkmenistanyň («F» toparça, 0 utuk) we Wýetnamyň («D» toparça, 0 utuk) ýygyndylarynda 1/16 finala çykmak mümkinçiligi saklanyp galýar. Hytaýyň ýygyndysyndan 2:1 hasabynda ýeňlen gyrgyz we Katardan 2:0 hasabynda asgyn gelen liwanly futbolçylaryň öz toparçalarynda üçünji orny eýeleýändigine garamazdan, heniz olar öňdäki dörtlüge düşüp bilenok. Eger milli ýygyndymyz toparçany üçünji orunda tamamlap, 1/16 finala çykyp bilse, ýa «C» toparçanyň, ýa-da «D» toparçanyň ýeňijisi bilen duşuşar. Edil häzir «C» toparçada Hytaýyň, «D» toparçada Eýranyň milli ýygyndylary birinji orunda.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň