Soňky habarlar

Arhiw

Aziýa kubogy ― 2019: Arslanmyrat Amanowyň urgusynyň tizligi sagatda 100 kilometrden hem geçdi

20:4110.01.2019
0
4096

Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň milli ýygyndylarynyň arasynda 9-njy ýanwarda Aziýa kubogynyň çäginde geçirilen duşuşygyň ilkinji pökgüsini 26-njy minutda ýarym goragçymyz we kapitanymyz Arslanmyrat Amanow geçirdi. Başga bir tejribeli ýarym goragçy, häzirki wagtda futbol ýoluny Çehiýada dowam etdirýän Ruslan Mingazowyň özüne geçiren pökgüsini derwezeden ep-esli aralyk uzakdan dürs urgy bilen gönükdiren A.Amanowyň bu urgusy futbol hünärmenleriniň, şol sanda Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň wekilleriniň ünsüni özüne çekdi.

Çempionatda häzire çenli geçirilen pökgüleriň arasynda iň owadanlarynyň biri bolan urgy başha bir aýratynlygy bilen hem haýran galdyrýar. Ýörite tehnologiýalaryň hasaplaryna görä, türkmenistanly ýarym goragçynyň bu urgusynyň tizligi sagatda 113 kilometre barabar boldy. Jemi 5 pökgi geçirilen duşuşykda Aziýanyň iň güýçli ýygyndylarynyň birinden ýeňlendigine garamazdan, ýiti oýny bilen daşary ýurt metbugatynyň ünsüne düşen milli ýygyndymyz kapitanyň bu täsin urgusy bilen özüne bolan gyzyklanmalary has artdyrdy.

Türkmen futbolçylary Aziýa kubogy ― 2019-daki ikinji duşuşygyny 13-nji ýanwarda Özbegistanyň ýygyndysy bilen geçirer.

Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň milli ýygyndylarynyň arasynda 9-njy ýanwarda Aziýa kubogynyň çäginde geçirilen duşuşygyň ähli gollaryny şu salgydan görüp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň