Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky ofis işgärleri günortanlyk dynç wagtyny nämä sarp edýärler

0
28487

Türkmenportal tarapyndan geçirilen soragnama “Günortanlyk dynç alyş” wagtynyň naharlanmak we dynç almak ýaly başdaky niýetlenşinden üýtgeýändigini görkezýär.

Buňa döwrebap ýaşaýyş, täze tehnologiýalar, ykdysadýetde harytlaryň we hyzmatlaryň bolçulygy sebäp bolýar.

Işgärleriň köpüsi indi nahardan başga goşmaça işlerini hem edip ýetişýärler.

Ortaça Günortanlyk wagty bir sagat dowam edýär. Adatça bu wagt köp edaralarda 13:00 – 14:00 aralygy.

Günortanlyk wagtynyň tygşytly ulanmasynda esasy sebäpli şulardan ybarat:

  • “tiz tagamlar” olaryň “eltip berilmesi”;
  • bişirilişiniň we gaplanmasynyň ýeňňiligi bir bada iýmäge we işleriňi etmäge mümkinçilik berýär;
  • şäheriň içindäki uzak aralyklary gysga wagtda aşmak, buňa bolsa awtoulaglaryň sanynyň köpligi we ýollaryň kämil bolmagy;

Aşgabatdaky ofis işgärleri günortanlyk dynç wagtyny nämä sarp edýär:

  • Ortaça, ýaşyna garamazdan 95% işgär günortan hökman naharlanýar we nahrlanmaga olaryň ortaça 15-20 minut wagtyny alýar;
  • Galan 5% dürli sebäplere görä günortanlyk etmeýärler;

Işgärler galan goşmaça 40-45 minut şulara sarp edilýär:

  • galan işlerini dowam edýärler;
  • çagalaryny okuwlara bermäge ýa-da almaga gidýärler;
  • öz iş ýerlerinde dynç alýarlar;
  • internede biriklýärler;
  • öýlerine gidip gelýärler;
  • öz şahsy işleri bilen meşgullanýar;

Günortanlyk dynç wagtyny Siz nämä sarp edýärsiňiz? Jogaplaryňyzy info@turkmenportal.com ugradyň.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar