Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Garry diýmäň, gartaşan diýiň... (aýdymçy Myrat Diwanaýew hakynda makala)

0
61695

Ol ýakyn günlerde 82 ýaşyny bellär. Onuň  garrylyga ýan beresi gelenok. Her gün diýen ýaly goşgy goşýar. Küti depderdäki şygyrlaryň bir bendinde şeýle setirlere gözüm kaklyşdy:

Haýyş: maňa garry diýmäň,

Men muny ýürekden diýýän.

Garry — bir tapdan düşen-ä,

A men ýaňy gartaşan-a!

Içini hümledip, wagtyny nämä harçlajagyny bilmeýänler bilen onuň ýoly aýry. Her gün irden oýanan badyna düşekde ýatan ýerinden beden maşklaryny edýär. Soňra çep gapdalynda münderlenip goýlan kitaplara elini ýetirýär-de, sagat ýarym çemesi okaýar. Okamaýan güni ýok. Gyzyklanmaýan ugry-da. Magtymgulynyň dürli ýyllarda çap edilen ýygyndylary, Puşkin we ondan öňki ýaşap geçen şahyrlar, Omar Haýýam, Kemine, Magrupy, Stendal, Sollogub, Nabokow, Klýuçewskiý... Glinka, Bah, Mosart hakdaky ýatlamalar... Bulardan başga-da,  Dalyň, Ožegowyň düzen sözlükleridir türkmen diliniň sözlüklerem bar. Özem eline alan kitabyny bir okap oňaýanok. Öň geçen sahypalaryna gaýta-gaýta dolanýar. Bellik edýär.  Sahypaň ýüzündäki goşgyň ýanyna terjimesinem ýazýar. «Özüm ýaly ýene biri okanda, gerek bolar» diýýär. Kaýum Taňrygulyýewiň «Süýji bolýar ekip iýseňini...» rus diline terjime edip çykypdyr.

«Terjime diliňi ösdürýä» diýýär. Öň rus mekdebini tamamlansoň, okanda diňe rusça ýykgyn edipdir. Öz ene dilini ýüzleý bilenini uly hata diýip düşünýär. «Hiçden giç ýagşa» uýup, ürç edip türkmençe eserleri okaýar. 

—Köp adam kitaply otagda ýatyp bilenok. Kitap täsir edýär diýýär. Töweregiňizi gurşap alan tomluklar gije täsirini ýetirenokmy?

—Men gaýtam kitaplarsyz ýatyp bilemok. Olar meniň syrdaş dostlarym-a.

—Küti kitaplardan ýaňa tekjeler ýaý beräýipdir.

—Goý bersin. Çydasyn. Ine, özümem ýaý berip ugradym-a.

—Şahsy kitaphanaňyzdaky ýygyndylaryň sanyny takmynan beri bilýäňizmi?

—Dogrusy, sanab-a göremok. Aý,  dört-bäş müňe ýetse gerek. Düýn goňşym «Biri öýünde kitap satýar, ýör, gitseň» diýdi. Ýaltanman gitdik. Sungata degişli dört  kitaby öý eýesi maňa sowgat berdi.

—Diwarlardaky portretler, natýurmort eserleri öz döredijiligiňiziň miweleri öýdýän?

—Elbetde. 90-njy ýyllarda meni Türkmenistanyň Suratkeşler birleşmesine agzalyga kabul etdiler. 80 ýaşym dolanda, bu birleşik tarapyndan eserlerimiň sergisi-de guraldy. Öňem guralypdy. Geçen Täze ýyl gijesi «Miras» teleýaýlymynda gutlag sözleri bilenem çykyş etdim.

—Şkafyň üstündäki küýzeler näme?

—Olaram öz elimden çykan.

—Siziň,  heý-de, gyzyklanmaýan ugruňyz bir barmy?

—“Hünäri öwren-de, ýigren” diýipdirler. Arada oturyp meşgullanan pişelerimi birlaý sanap çykdym — 10-dan geçýän eken. Hemmesini ýandepderçäme ýazyp goýdum. Diňläň, belliklerimi okap bereýin:

1) aýdymçy (1962-nji ýylda Baku döwlet konserwatoriýasynyň wokal bölümini tamamlamsoň, ilki Opera we balet teatrynda, soňra filarmoniýada, onsoň radiokomitetde işledim. Opera teatrynda ýogyn sesli ilkinji türkmendim men);

2) pedagog (Türkmen milli konserwatoriýasynda birnäçe ýyl mugallymçylyk etdim. Bu käri şu wagtam taşlamok. Ine, öýüm her gün diýen ýaly adamly. Ýaş-da gelýä, gartaşan-da, erkek kişilerem, zenanlaram, garaz, kim aýdym aýtmak, dogry dem almak islese, italýanlaryň belkanto usuly boýunça öwredýän);

3) režissýor (“Sewil dellegi” bilen “Sygan barony” oýunlaryny teatrda özüm sahnalaşdyrdym);

4) kompozitor (Magtymgulynyň, Garajaoglanyň, Keminäniň sözlerine döreden romanslarym iki gezek ýygyndy bolup çapdan çykdy);

5) şahyr (30 ýyldan bäri goşgy goşýan);

6) terjimeçi (ozallar aýdymçylardan aýdymynyň beýleki milletlere-de düşnükli bolmagy üçin türkmen we rus dillerinde ýerine ýetirmek talap edilýärdi. Şonuň üçin hem öz aýdymlarymy hem Medeniýet Şahberdiýewa, Myrat Sadykow, Rimma Rozyýewa ýaly aýdymçylarymyzyň repertuaryndaky aýdymlaryň köpüsini türkmençeden rusça terjime edipdim. Olar ýygyndylaryma girizildi);

7) sazanda (ýerlere gidip konsert beremde, aýdymlaryma gitarada özüm sazandarlyk edýärdim. Gitarany şu wagtam elden düşüremok. Ol meniň baş ekleýjim);

8) suratkeş (häli aýdyşym ýaly, surat çekmegi juda halaýan. Çeperçilik sungatynda öz üýtgewsiz ýoly bolan doganlar Çary we Aman Amangeldiýewler meniň halypalarym. Golland hudožnigi wan Gog Winsenti bolsa ruhy halypam hasaplaýan);

9) suratçy ( medeniýet we sungat ugrundan şahsyýetlerimizi dürli pursatlarda şekile siňdirmegi hem parz bilýärdim hem ondan lezzet alýardym. Ine, gaýnatamdan miras galan, üstünden asyr aşan haşamly şkafda suratly 50 sany papka daşyna ýörite bellik edilip goýlandyr. O suratlar gaýtalanmajak pursatlaryň beýany);

10) habarçy (öňki “Turkmenskaýa iskra” hem-de “Weçerniý Aşhabad” gazetleriniň redaksiýalarynda işlämde, makalalarymyň ýany bilen düşüren suratlarymam çap edilerdi);

11) balaryçy (1985 — 1989-njy ýyllarda bal tutmak bilen meşgullandym. Balary maşgalalarynyň 60-syny idetdim);

12) arhiwçi (bu wezipäni Siz ýatlatdyňyz. Geçmiş bilen bagly her bir gymmatly maglumaty gaty aýawly saklaýaryn. Könelişen ýa ýyrtylyp ugran kagyzlarda rejeleýiş işlerinem geçirip durýan. Geljek nesillere gerek ahyryn. Geçen asyryň islendik şahsyýeti hakda, olaryň öý salgysy ýa telefon belgisi hakda menden soraberiň...).

Hawa, onuň iki otaglyja öýünde süýnere azajyk ýer galypdyr diýäýmeseň, kitaplardan, portretlerden, külalçylyk önümlerinden we ýeneki gymmatly esbaplardyr gurallardan ýaňa aýak basara ýer ýok. Iki pianino-da üstesine!

Ortanjy gyzym Leýli: “Kaka, munça kitapdyr kagyzlary soňra men näderkäm?” diýip, kellesini tutýar. Hemmesine ýer tapylar. Men bulary halkymyz üçin, nesillerimiz üçin ýygnadym-a diýýän. Käte oturyp pikir edýän: iller ýaly arkaýyn ýatyp-turup, belli bir pişe bilen meşgullansam bolmadymy? Nämüçin şeýtdimkäm? Jogaby adymdan tapýan. Adama at ýöne dakylanok. At — ykbalyň aýnasy. Köplenç adamyň ady hüý-häsiýetine, bolşy-goýşuna tüýs şaplaşyp durandyr. Meniňem adymy bilip dakypdyrlar.

Diwana geldi işikden

Bela çyksyn deşikden.

Diwana bir suw beriň,

Gara gylly meşikden

diýip eşidensiňiz, elbetde! Men hut şol telbe-diwanalardan. Myrat Diwanaýew diýen adym tüýs ýerine düşüpdir diýýärler. Ýüregime bir zat düwdügim, kelläme bir pikir geldigi, bes, şony birýüzli edýänçäm ynjalamok. Konserwatoriýada okan döwrüm Bakuwyň Opera we balet teatrynda-da işläpdim. Şonda azerbaýjan iliniň milli buýsanjy bolup taryha giren Murtuza (Bilbil adyny oňa hoş owazy üçin halky dakýar) Mamedow (ol Türkmenistanyň halk artisti ady öňki ençeme abraý-sylaglarynyň üstüni ýetiren aýdymçy Polat Bilbil oglunyň kakasy) bilen egin-egne berşip, teatrda işlämde, ussatdan aýdym aýtmagyň inçeliklerini ürç edip öwrenipdim. Ol 4 ýyllap Italiýada tejribelik geçip, aýdym aýtmagyň iň kämil, inçeden näzik, owadan usulyny — belkantony özleşdirýär. Halypadan öwrenen bu tärimi indi çärýek asyrdan bäri şägirtlerime-de öwredip gelýän. Meniň sapagymy alanlaryň birtopary Ýewropa we Aziýa ýurtlarynda, allanäme,  aýdymçy bolup işleşip ýörler. Diňe öz ýurdumyzdaky şägirtlerimiň sany-da 100-den aňyrrakdadyr. Men olara diňe bir aýdym aýtmagy, dogry, dürs dem almagy däl, dünýä sungatynyň geçmişi we şu güni hakda-da sazlaşykly gürrüň berýärin. Sebäbi sungat üzňelikde döräp, özbaşdak dowam edýän ugur däl. Öwrenjekler üçin gapym giňden açyk.

Göräýmäge, men ömrümde dürli kesp-kär bilen meşgullanan ýalydyryn göwnüňize. Aslyna seretseň, bary bir özenden gaýdýandyr. Dana kişiler aýdym aýtmagy sungatyň başy saýypdyr. Adam dünýä inende, aglap däl, aýdym aýdyp dogulýandyr. “Iňňälemek” — barlyga şäriklige begenjiň alamaty. Žiwopis näme üçin meni özüne çekdi? Nemes şahyry Simonid Keosskiý aýdypdyr-a: «Žiwopis — göze görünmeýän saz, a poeziýa bolsa, onuň dirilik bezegi» diýip. Ýa-da Wilgelm Şillingi alyp göreliň. Ol binagärçilige bakylyk bilen iş salyşýan saz diýip düşünipdir. Sungaty äleme akyl ýetirmegiň iň belent derejesi hasaplapdyr. Şol sebäpli meniň iş salşan pişelerimiň tas hemmesiniň diýen ýaly gözbaşy birdir.

Akja kepderiniň” “Keýpim köke” sargydy

Meniň ýogyn (wokal sungatynda “bas-bariton” diýilýän) sesimi, häsiýet, boluş-goýuş aýratynlygymy synlan kompozitorymyz Daňatar Öwezow konserwatoriýanyň ýaňy birinji ýyllygyny tamamlanymdan (şo döwür ýygy-ýygydan gözden geçirilişlerde çykyş edip duramsoň): “Seniň seýrek sesiň bar, saňa niýetläp ýörite aýdym düzesim gelýär” diýdi-de, radiokomitetde işleýän şahyr Baba Japarowyň satiriki goşgusyna “Keýpim kök” aýdymyny döretdi. “Serhetçiniň aýdymy-da” Daňatar aganyňkydyr. “Keýpim kök” gysga wagtda halk arasyna giňden ýaýrady. Ol hemmä ýarady duruberdi. Bir ýerde üýşmeleň-dabara bolsa, şol aýdymy aýdyp bermegimi haýyş ederdiler.

Paýtagtymyzdaky 6-njy orta mekdebi türkmen estradasynyň düýbüni tutujylaryň biri, “Güneş” ansamblyny esaslandyryjy aýdymçy Myrat Sadykow bilen bir synpda okap gutardym. Myradyň owadan aýdymlarynyň içinden “Akja kepderi” halkymyza diýseň ýaransoň, bazara-beýlekä bile tirkeşip çyksak, adamlar bizi gördükleri: “Hana, “Akja kepderi” bilen “Keýpim kök” barýar” diýerdiler. Opera we balet teatrynda-da köp keşplerde çykyş etdim. “Şasenem—Garypda” Şawelediň ýa-da Şaapbasyň, “Leýli—Mejnunda” Nowfulyň, “Zöhre—Tahyrda” Garabatyryň, “Sewil delleginde” don Bartolonyň keşplerini ýerine ýetirdim, başga-da birnäçe oýunlara gatnaşdym. Adym barybir “Keýpim kök” bolup galdy. Ýerine ýetiren keşplerimden häsiýetime iň ýakyny Şawelet. Ol öz bagty üçin göreşýän adam. Men türkmen sungatynyň Muhtar Masumow, Gurban Rizaýew, Süleýman Mamedow, Medeniýet Şahberdiýewa, Annagül Annakulyýewa, Maýa Kulyýewa, Hydyr Allanurow, Wladimir Sapegin ýaly läheňleri bilen işleşenime juda buýsanýaryn. Olardan köp zatlary öwrendim.

Atdaşym hem dostum Myrat Sadykow bilen pahyryň ömrüniň soňuna çenli iýenimiz aýry gitmedi. Düşekde agyr ýatyrka, maňa «gelsin» diýipdir. Bardym. Görgüliň gürlemäge mejaly ýokdy. Ol ýumrugyny berk düwüp, ýokary galdyrdy-da: “Şu bolşuňy soňuna çenli saklagyn, durmuş ýörelgeleriňe wepaly bol” diýen terzde ýüzüme bakdy. Men onuň bu sargydyny nury öçen göreçlerinden okadym. Ussat aýdymçy aramyzda bolmasa-da, ol baky ýaşar. Onuň owadandan özboluşly sesi bilen türkmen estrada sungatyna goşan goşandy, halal hyzmaty hakydalara buýsançly ýatlama bolup ýazyldy.

Maňa beýik ynsanlaryň köpüsi bilen tirkeşmek, duz-emek bolmak bagty miýesser etdi. Olaryň men hakdaky pikirlerini bir ýere yhlas edip jemlämde, küti tomlugy ýatladýan arzuw-islegler kitaby emele geldi. Onda belli ýazyjy-şahyrlarymyzyň, artistlerimiziň, hudožniklerimiziň, hatda öňki Soýuzyň atly şahsyýetleriniňem birgideniniň maňa garaýyşlary, berýän bahasy ýerleşdirilendir. Şol mähir-muhabbete ýugrulan ýakymly jümlelerden uly dereje adama derkardyr öýdemok. Her sapar ony elime alamda, bir gez beýgelýän. Ýekeje ýazgyny okap bereýin: “Hakykat. Adalat. Ynsaplylyk ýaly iň mukaddes düşünjeleri sen öz durmuşyňda-da, sungatyňda-da baýdak ýaly parlatdyň. Elbetde, bu saňa örän kyn düşendir. Ýöne dünýädäki gowy zatlaryň aňsady barmy näme? Hemme gowy zatlar hemişe azap bilen gazanylýar. Myrat dost, myradyňa ýet! Kerim Gurbannepesow”.

Köplenç menden „Durmuş ýörelgäň näme?» diýip soraýarlar. Men şonda goşgular depderimi açýan-da, şu setirleri okap berýän:

Men gussa batyp bilmerin,

Bolup bilmerin bihepbe.

Dosta gadyr hem güler ýüz,

Ömrüme many, elbetde!

Gylygym boýunça men gaharjaň däl. Halaýanym — degişme, gülki.

Eger aňryňda ýumor duýgyň bar bolsa,

Diýmek, sen şindi aýatda diri —

diýlen düşünjä uýup ýaşaýaryn. Gülüşmekden aýyrmasyn.

—Opera aýdymçylary berhize aýratyn üns berýän adamlar. Siziň berhiz saklaýşyňyz nähili?

—Berhizi gaty bek tutýan. Saglyk iýýän zadyňa köp derejede baglydyr. Agzyňa buýrup, geregiňi, ölçegini bilip iýseň, senden sagat ýok. Giçlik etli, ýagly naharlardan aşa düşýänçä iýip, gijesine onsoň ýatyp bilmän kösenişip, dert üstüne dert gazanyp ýörenler azmy? Balyk bolsun ýa et—irden iýmeli tagamlar, günüň dowamynda siňip ýetişer ýaly. Süýt-gatyga köpräk ýykgyn etmeli. Her gün beloklardyr uglewodlara baý tagamlary köpräk iýmeli. Giçlik gök-sök ýa-da ýeňiljek işdäaçarlar bilen oňmaly.

—Görýän weli, haty-da äýneksiz okaýan ekeniňiz.

—Öňler telewizora tomaşa edemde, äýnek dakynmam bardy. Biri „Çernikanyň miwesini iýseň, görşüň ýitelýä“ diýensoň, şoňa ýykgyn edip ugradym welin, dogrudanam, äýnegi taşlaýdym.

A dişiňiz agyryp-beýleki edenokmy, ýa proteze geçdiňizmi?

—Diýýäniň näme, protezi 100 ýaşdan bärde agza almajak borun. Dogry, oturtma dişlerimem bar, azar berýäni-de, ýöne barybir, bäri-bärde dolulygyna ýasama dişlere geçmek zerurlygyny duýamok.

Düýş

Bir gün düýşümde soltan Seljuk: “Men saňa öz ýaşymy berýän — senem 106 ýaşarsyň” diýdi. Men açgözlük edip, “Nämüçin Göroglyň ýaşyny bereňok?” diýsem, soltan: “Meň ýaşymda-da köp zat edip ýetişersiň” diýdi-de, gözden gaýyp boldy.

Polat Bilbil oglunyň kakasy öwüt-ündewleriniň biriniň arasynda: “Sungata halal hyzmat etseň, halk seni uçmaha çykarar. Saňa Hudaý tarapyn üýtgeşik ses berlipdir. Bu sesiň bilen ýurduňda uly derejelere ýetersiň” diýipdi. Halypanyň diýen derejesine 80-den geçsem-de, ýetmek başartmadyk ýaly göwnüme bolmasa.

Sözsoňy

Ussat özüne juda kembaha garaýar gerek? Heý, Bilbil Mamedow ýaly ägirtler zehin tanamakda hata goýberermi? Heý-de, bir ömrüň dowamynda on ömre degjek iş edibem, özüňden nägile bolmak bolarmy?

Oňa düşünmek kyn däl. Adam köp bildigiçe, özüne talaby ýokarlanýar. Köp işledýänem şol talap, köp okadýanam, öwrenmekden irizmeýänem, ýaşaýşa höwesli bakdyrýanam şol talap bolmaly.

Şu makalada (eger ony makala diýip atlandyryp bolsa, sebäbi ýazgymy haýsy žanra degişli etjegimi bilmedim) boýdan-başa diýen ýaly, başardygymdan ussadyň özüni gürletmäge çalyşdym. Goý, has ynandyryjy bolsun. Goý, anyk gürrüňden okyjynyň özi netije çykarsyn diýip.

Heniz aýdylman galan zat kän ol hakda. Başardan işleriniň bary-ýogy bir bölegi beýan edilendir gaty gitse. Eger adam ömür paýynyň ýekeje ülşüni-de yrýa etmän, akylly-başly ulansa, görşüňiz ýaly, bitirilen hyzmatlary iň bärkisi, agzap geçilende-de, tomluklar dörejek ekeni. Men 30 ýyllyk iş tejribämde birinji gezek aýdylmaly-diýilmeli zatlaryň köplüginden ýaňa haýsyndan başlap, haýsynda saklanmalydygyny anyklap bilmän tykyradym. Eşiden gürrüňlerimiň baryny gazet sahypasynda bir demde beýan etmek başartmady.

Goý, mydama “keýpi kök”, şähdaçyk, wäşiniň indiki düýşünde oňa Görogly begiň ýaşy-da rowa görülsin. “Biz, aýdymçylara kislorod adaty kişilerden iki esse köp gerek bolansoň, aýdym aýtman durup bilemzok” diýýän ussada “Siz ýaly janypkeşler-de jemgyýete iki esse artyk derkar” diýesim gelýär. Siz türkmen milli medeniýetiniň we sungatynyň janly ensiklopediýasy-da diýesim gelýär.

Parahat ÇERKEZOWA.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar