Ýurdumyzda nagt däl hasaplaşyklary ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler uly depgin bilen dowam edýär. Şeýle işleriň birine karz edaralary tarapyndan ýurdumyzyň dürli künjeginde bankomatlaryň ornaşdyrylmagyny mysal bermek bolar. Elbetde, maglumat tehnologiýalaryň barha kämilleşýän döwründe bankomat nämedigini we ony nähili ulanmalydygyny bilmeýän adam gaty az bolsa gerek.
Makalamyzyň bu gezekki sanynda bankomatlary ulanmagyň tertibi boýunça birnäçe peýdaly bolup biljek maslahatlarymyzy okyjylarymyz bilen paýlaşmagy makul bildik.
- Eger bankomat öçük bolsa, ol 2 sebäpdendir: tehniki näsazlyk ýa-da içi pul bilen doldurylmadykdyr. Bu ýagdaýda başga bankomata barmagyňyz maksada laýyk bolar.
- Bank kartyňyzyň balansyny diňe bankomatdan däl, eýsem Internet banking, Mobil banking, SMS banking arkaly hem bilip bolýar. Şeýle hem, Internet banking we Mobil banking arkaly kart boýunça töleg taryhyňyzy (выписка) hem görüp bolýar.
- Eger bank kartyňyz bankomatyň içinde galsa, bankomatda ýazylgy duran tehniki kömek boýunça bankyň telefon belgilerine jaň ediň.
- Bankomat kart hasabyňyzdan pul alan ýagdaýynda näme etmeli? Okaň!
- Eger kartyňyz blokirlense, kartyňyzyň degişli bankyna arza bilen ýüz tutuň. Şol sebäpli, pin-koduňyzy ýazanyňyzda 3 gezek yzly-yzyna ýalňyşmajak boluň, örän ünsli we dogry ýazyň.
- Bankomat puluňyzy ýa-da kartyňyzy çykaranda ony şol bada almaly, ilki bilen karty, soňra bolsa puluňyzy. Wagtynda almasaňyz, howpsuzlygy üpjün etmek maksady bilen bankomat olary yzyna alýar.
- Bankomatlaryň ýerleşişini we işjeňligini Türkmenistanyň Merkezi bankynyň resmi web saýtyndan ýa-da Mobil banking programma üpjünçiliginden görmek bolar.
- Karzyňyzy töläniňizde diňe banka baryp däl, eýsem bankomatdan, Internet banking we Mobil bankingden hem töläp bolýandygyny ýatladýarys.
- Başga biri bankomatdan pul alyp ber diýip haýyş etse we kartyny uzatsa, özüni bankomatyň öňünde duruzyp, karty özüne saldyryň, pin-koduny özüne ýazdyryň we puly hem özüne aldyryň.
- Bankomatdan pul alanyňyzda ol çek çap etmelimi diýip soraýar. Eger çek size zerur däl bolsa we siz ony eýýäm çap eden bolsaňyz, çegi daş töwerege zyňmaň. Bankomatyň ýanynda ýörite ýerleşdirilýän musor bedresine zyňyň.
- Karty bankomatyň içine dykyp salmaň, haýallyk bilen we dogry salyň.
- Nagt däl söwda etmek ähli tarapdan amatlydygyny ýatladýarys. Nagt däl söwdanyň amatly taraplary barada geçen makalalarymyzda ýazypdyk.
Şeýle-hem peýdaly maglumatlar:
- Türkmenistanda plastiki kartlar, töleg ulgamy nähili işleýär? Satyn alyjydan satyja çenli giňişleýin maglumat şu ýerde.
- Altyn Asyr kartynda nagt däl söwda edilende esasy maslahatlar şu ýerde.
Bu maslahatlardan birnäçesidir we iň ýönekeýleridir. Bankomatlary ulanmak boýunça gözükdirijiler bilen tanyşmak isleseňiz banklaryň web saýtlaryndan alyp bilersiňiz.
Biz bilen habarlaşmak üçin: info@turkmenportal.com