Ýurdumyzda nagt däl hasaplaşyklary ösdürmek boýunça uly işler geçirilýär. Ähli söwda, jemgyýetçilik iýmiti we hyzmat ediş nokatlarynda terminallaryň ornaşdyrylmagy dowam edýär. Şol bir wagtda, bankomatdan bank kartlarynyň üsti bilen dürli hyzmatlary tölemek mümkinçilikleriň sany günsaýyn artýar. Bu makalamyzda şol mümkinçilikleriň biri barada, ýagny bankomatdan bank kartynyň üsti bilen karzy üzmek we onuň göterimlerini tölemegi gözükdirme görnüşinde gürrüň bermegi makul bildik.
Gözükdiriji:
1. Kartyňyzy bankomata salyň we dili saýlaň;
2. PIN-koduňyzy giriziň;
3. “Tölegler” düwmesine basyň;
4. “Goýumlar” düwmesine basyň;
5. Töleg alyjy bankyny saýlaň. Mysal üçin: “Rysgal bank”. Eger ekranda bankyňyz ýok bolsa, “beýleki” düwmesine basyň;
6. Welaýatyny saýlaň;
7. Töleg alyjy bankyň şahamçasyny saýlaň;
8. Hasabyň belgisini giriziň, mysal üçin: 14208...... ýada 23208934....;
9. Tölegiň pul mukdaryny giriziň;
10. Bankomatyň ýüzünde karz alyjynyň familiýasy, ady, atasynyň ady we karz alyjynyň esasy hasabynyň belgisi hem-de geçirilýän puluň möçberi görkeziler. Girizilen maglumatlary barlap, “Tassyklamak” düwmesine basyň.
Şeýle mümkinçilikleriň döredilmegi wagtyňyzy tygşytlamaga, bank uzakda ýerleşýän bolsa, uzak ýere gidip ýörmän, ýakyn bankomatdan töläp bilmegiňize ýardam berer, puluňyzy ygtybarly ýerde, ýagny bank kartlarynda saklamaga mümkinçiligiňiz bolup, ähli tarapdan amatlylyk döreder.
Soraglaryňyz bolsa bize ýazyň: info@turkmenportal.com