Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Plastiki kartlar, töleg ulgamy nähili işleýär? Satyn alyjydan satyja çenli

0
11722

Plastiki kartlar bilen geçirilýän töleg ulgamy nähili işleýär? Töleg edilende nagt puluň ýokdugy üçin, satyn alyjy hem-de satyjy tarapyndan bu sorag berlip biliner. Pulyň herekedi, ýagny satyjynyň hasabyna düşmesi we satyn alyjynyň hasabyndan pulyň çykmasy olar tarapyndan gönimel gatnaşmazdan amala aşyrylýar.  

Soňky ýyllarda geçirilen reformalaryň netijesinde, banklar tarapyndan alynyp barylýan “Zähmet haky taslamalaryň” çäginde ilatyň plastik kart ulanyjylarynyň möçberi düýpli artdy.

 

Töleg ulgamlary hakynda

 Türkmenistanyň Milli töleg ulgamynda, plastiki kartlaryň iki sany görnüşi bar bular “Altyn asyr”  we “Milli kart” ulagmalary.  Bu makalada biz size töleg ulgamynyň işleýişini suratlandyryp alyjy bilen satyjynyň arasyndaky hasaplaşygy düşündirjek bolarys. Amallaryň terminleri örän kän, biz bolsa size ýönekeý dil bilen ýetirmekçi bolarys. Plastik karty açdyrmak üçin raýatyň diňe pasporty gereklidir. Geçirilýän amallaryň tiz hem-de oňaýly bolmasy üçin, plastiki karty zähmet hakyňyzy geçirýän bankda açmak amatly.

 

Amallar nähili aşyrylýar?  

 Taraplaryň (satyjy bilen satyn alyjynyň) hasaplaşygynda aşakdakylar çykyş edýärler;

 1. Satyn alyjynyň banky

 2. Prossesing merkezi (Bu merkezde, plastiki kartlary we pul geçirimleri hasaba alýan hem-de taraplara özara hasaplaşyklary geçirmek üçin maglumat berýän programma üpjünçiligi otyrdylan) 

  3. Satyjynyň banky. 

 

Satyn alynan harytlaryň we hyzmatlaryň hasaplaşygy nähili amala aşyrylýandygyna düşinmek üçin mysalyň üstünde duryp geçeliň;

Öwez öýlenýär, bir hepdeden bolsa toýy. Onyň plastik kartynda 4000 manat puly bar. Ol özine toý gijesi geýmek üçin penjek alynasy gelýär. Söwda merkezine aýlanyp, gowy görýän reňkindäki we gabat gelýän ölçegdäki penjegi saýady. Penjegiň bahasy 800 manat. Öwez tölegi, plastik kartdan satyjyda gurnalan töleg terminalyň üsti bilen tölemekçi. Öwez plastiki kartyny, töleg etmek üçin terminaldan geçirildi töleg tassyklandy, ikiside hoşal boldy. 

Pul nirde?  Pullaryň herekedi indiki tertipde amala aşýar (surat 1);

(Surat 1. Plastiki kartlar bilen geçirilýän töleg ulgamy nähili işleýär)

 

Pul geçirim bilen bagly çykdajylar.

Taraplar tölegi geçirmek ýa-da kabul etmek üçin hiç-hili çykdajy çekmeýär.  Türkmenistanyň salgyt kodeksi esasydan satyjy gelen pul möçberden jemi 2,3 %  möçberinde salgyt we ýygym töleýär. Emma bu tölegiň plastiki kart amaly bilen bagly ýeri ýok.

Plastiki kartyň üsti bilen tölegi geçirmek ýa-da kabul etmek satyjy hem-de satyn alyjy üçin amatly. Taraplar özleriniň pul serişdeleriniň hasabyny yzarlamaga mümkinçiligi bolýar, esasy hem pullar goragly saklanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar