Soňky habarlar

Arhiw

TÝL - 2018: ýarym möwsümden soň statistiki maglumatlar

0
1458

Türkmenistanyň futbol boýunça milli çempionatymyzyň ikinji aýlawynyň duşuşyklary doly tamamlanyp, toparlar tomusky arakesmä çykdylar. Yzda galan iki aýlawdan, ýagny möwsümiň deň ýaryndan soňra futbol çempionatymyz bilen baglanyşykly käbir gyzykly hasaplamalara ünsüňizi çekmek isleýäris:

— iki aýlawdan soň 33 utuk toplan «Ahal» ýaryşyň başyny çekýär. Ikinji orundaky «Altyn asyryň» 29, üçünji orundaky «Şagadamyň» bolsa 25 utugy bar. Şeýle hem milli birinjiligiň deň ýarysynda «Aşgabat» bilen «Energetik» 18, «Merw» 15, «Köpetdag» 12, «Balkan» 7 utuk toplap bildi.

— 14 tapgyrda iň köp ýeňiş gazanan topar «Ahaldyr». Röwşen Meredowyň şägirtleri geçiren duşuşyklarynyň 10-synda ýeňiş gazanyp, iň ýokary netijäni gazandylar. Ikinji orunda 9 ýeňiş bilen «Altyn asyr», üçünji orunda 8 ýeňiş bilen «Şagadam» barýar.

— Marynyň «Merw» futbol topary çempionatyň birinji ýarymynda duşuşyklary iň köp deňlikde tamamlanan topar boldy. 14 duşuşygyň 4-sini deňlikde tamamlan topardan soňra ikinji orny 3 deňlik bilen dört topar — «Energetik», «Köpetdag», «Ahal» we «Aşgabat» paýlaşýarlar. Ýurdumyzyň häzirki çempiony «Altyn asyryň» 14 duşuşygynyň diňe ikisi deňlikde tamamlandy. Ýaryş tertibiniň üçünji ornundaky «Şagadam» bilen iň soňky ornundaky «Balkanda» bolsa çempionatyň birinji ýarymynda diňe bir deňlik bar.

— Balkanabat şäheriniň «Balkan» topary birinji ýarymda iň köp utulan topar boldy. «Nebitçiler» geçiren 14 duşuşygynyň 11-sinde şowsuzlyga sezewar boldular. Utulyşlaryň sany boýunça ikinji orny «Köpetdag» (8 utulyş), üçünji orny «Merw» eýeleýär. Birinji ýarymda iň az utulan topar bolan «Ahal» diňe bir duşuşykda çempionlyk ugrunda esasy bäsdeşi «Altyn asyrdan» asgyn gelipdi.

— «Altyn asyryň» hüjümçisi Altymyrat Annadurdyýew birinji ýarymda iň kän tapawutlanan futbolçydyr. Ol 14 duşuşykda 8 pökgi geçirmegiň hötdesinden geldi. «Ahalyň» hüjümçisi Süleýman Muhadow hem onuň söbügini basyp gelýär. 2016-njy ýylyň futbol möwsüminde iň kän tapawutlanan futbolçynyň hasabynda bu ýyl häzirlikçe 7 pökgi bar. Üçünji orny bolsa 6 pökgi bilen «Ahalyň» beýleki bir futbolçysy Guwanç Abylow eýeleýär. Çempionatynyň geçen möwsüminde pökgi geçirmekde hemmelerden öňe saýlanan Myrat Ýagşyýew («Altyn asyr») häzirlikçe yzrakda. Tejribeli hüjümçiniň hasabynda bu ýyl 4 pökgi bar.

— çempionatyň birinji ýarymynda jemi 65 futbolçy tapawutlandy. Olar 14 tapgyrda derwezelere 117 pökgi geçirdiler.

— biziň hasaplamalarymyz 2012-nji ýylyň futbol möwsüminden bäri ýöredilýär. Şol möwsümden häzirki wagta çenli çempioantymyzda jemi 263 futbolçy tapawutlandy. Olaryň başyny bolsa 132 pökgi bilen Süleýman Muhadow çekýär. Sanawyň ikinji ornunda Myrat Ýagşyýew (111), üçünji ornunda Didar Durdyýew bar (90).

— 1-nji hem-de 6-njy tapgyrlar möwsümiň birinji ýarymynda iň kän pökgi geçirilen tapgyrlardyr. Şu iki tapgyr derwezelere jemi 14 pökginiň girizilmegi bilen tamamlanypdy. Birinji ýarymyň iň az pökgi geçirilen tapgyry bolsa 13-nji tapgyrdyr. Ol 4 pökgi bilen tamamlandy.

— 14 duşuşykda garşydaş derwezelere 28 pökgi geçiren «Altyn asyr» birinji ýarymyň iň netijeli topary boldy. «Ahalyň» futbolçylary ýaryş tertibiniň başyny çekýän hem bolsa «aragatnaşykçylardan» iki pökgini az geçirdiler. Edil ýaryş tertibinde bolşy ýaly, bu sanawda hem üçünji orunda — «Şagadam». «Kenarlylaryň» hasabynda birinji ýarymda 16 pökgi bar.

— biler bolsaňyz, şu möwsümiň iň köp pökgi geçirilen iki duşuşygy hem birinji tapgyra degişli. «Altyn asyrdyr» «Ahalyň» AFK-nyň kubogy ugrundaky ýaryşa gatnaşandygy üçin senesi süýşürilen duşuşyklarda «aragatnaşykçylar» «Köpetdagy», «Ahal» bolsa «Merwi» şol bir hasap — 5:1 hasaby bilen ýeňdiler. Diýmek, duuşyklaryň ikisi hem derwezelere 6 pökginiň geçirilmegi bilen tamamlandy. Şeýle ýokary netije 14 tapgyryň galan hiç bir duşuşygynda hem hasaba alynmady.

— biz toparlaryň düzüminde 2013-nji ýyldan bäri iň kän tapawutlanan futbolçylaryň hasabatyny hem ýöredýäris. Bu hasabata laýyklykda şol möwsümden bäri, «Ahalyň» düzüminde Wahyt Orazsähedow 33, «Altyn asyrda» Süleýman Muhadow 63, «Şagadamda» Aleksandr Boliýan 57 (2010-njy ýyldan bäri), «Energetikde» Alibek Abdyrahmanow 15, «Aşgabatda» Elman Tagaýew 29, «Merwde» Begenç Alamow 35, «Köpetdagda» Öwezbaý Muhammetmyradow 13 «Balkanda» Mämmedaly Karadanow 46 (2010-njy ýyldan bäri) pökgi bilen sanawyň başyny çekýärler.

— şu möwsümde yzda galan duşuşyklarda üç sany het-trik (bir oýunçynyň bir duşuşykda 3 pökgi geçirip bilmegi) hasaba alyndy. Şeýle hem bäş futbolçy bir duşuşykda iki gezek tapawutlanyp bildi. Ýarym möwsümiň iň netijeli futbolçysy Altymyrat Annadurdyýew bu sanawlaryň ikisinde hem bar.

— 1992-nji ýyldan häzirki wagta çenli, Ýokary ligada:
Iň kän duşuşyk geçiren toparlar: «Balkan», «Merw» — 752 duşuşyk;
Iň kän ýeňiş gazanan topar: «Balkan» — 438 ýeňiş;
Iň kän deňme-deň oýnan topar: «Merw» — 142 deňlik;
Iň kän ýeňlen topar: «Turan» (bu möwsüm gatnaşmaýar) — 393 utulyş;
Iň kän pökgi geçiren topar: «Balkan» — 1449 pökgi;
Öz derwezesine iň kän pökgi geçirden topar: «Turan» — 1309 pökgi;
Iň kän utuk gazanan topar: «Balkan» — 1384 utuk.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar