Soňky habarlar

Arhiw

Awtoulagyňyz üçin zerur awtoşaýlary tiz we amatly nireden tapyp bolar?

0
52051

Geçen makalalarymyzyň birinde “TMCARS” mobil programma üpjünçiligi we onuň “Awtoulaglar” bölümi barada giňişleýin gürrüň beripdik. Makalamyzyň bu gezekki sanynda bolsa okyjylarymyzy “TMCARS”-yň “Awtoşaýlar” bölümi bilen tanyşdyrmagy makul bildik.

Awtoulagyňyza zerur awtoşaýlary gözläniňizde birnäçe dükanlara aýlanyp, özüňize geregini tapmak üçin ep-esli wagt sarp eden bolsaňyz gerek, ýa-da amatly bahadan awtoşaý satyn almak üçin birnäçe ýerlerden sorap, hat-da uzak şäherlerden hem gözlän bolmagyňyz ahmal. Bu makalamyzda, oturan ýeriňizden internet arkaly özüňize zerur awtoşaýlary gözläp tapmak, satmak, satyn almak ýaly mümkinçilikleri bolan “TMCARS” mobil programma üpjünçiliginiň “Awtoşaýlar” bölümi bilen tanyşdyrmakçy.

Programma açylan badyna onuň 3 bölümi görüner. “Awtoşaýlar” bölümine bu ýerden ýa-da menýudan “Awtoşaýlar” bölümini saýlap girmek bolar.

Bu bölüme gireniňizden soň, ýokardan aşak sanaw görnüşde ulanyjylar tarapyndan satlyga goýlan awtoşaýlaryň bildirişleri çykar. Bu sanawda her bildirişiň şu häsiýetnamalaryny görmek bolar: awtoşaýyň ady, ýerleşýän ýeri, bahasy, goýlan wagty we eger goýlan bolsa suraty. Gerekli bildirişiň üstüne basyp, satylýan awtoşaý barada has giňişleýin maglumaty görüp bilersiňiz.

“Awtoşaýlar”-yň özi 3 sany bölümden ybarat: “Hemmesi”, “Saýlanan” we “Marka”. Bölüme girilende “Hemmesi” bölümi saýlanan durýar. “Hemmesi” bölüminde ähli bildirişler ýerleşdirilen.

“Saýlanan” bölüminde bolsa, ulanyjylara awtoşaýlary gözlemekde amatlylyk döretmek maksady bilen, programmanyň administratorlary tarapyndan awtoşaýlar birnäçe böleklere, ýagny peýdaly gözleg filtrlerine bölünipdir. Olar: “Tekerler we diskalar”, “Ätiýaçlyk şaýlary”, “Ýaglar”, “Satylan awtoşaýlar”, “Awto gurallar” we “Aksessuarlar”. Bu filtrleriň atlarynyň aşagynda hersine degişli goýlan bildirişleriň sany hem görkezilýär. Şeýle taýýar gözleg filtrleriň bolmagy ulanyjylara zerur awtoşaýlary tiz tapmaga ýardam berýär.

“Marka” bölüminde awtoulaglaryň markalary ýerleşdirilen we gapdalynda, ýagny ýaýda, goýlan bildiriş sanlary görkezilen. Mysal üçin, “Toyota (4311)”: “Toyota” ulagyna degişli 4311 sany satlyk awtoşaýlar bildirişleri goýlupdyr.

Ýene agzalmaly esasy mümkinçilikleriň biri – gözleg düwmesi. “Hemmesi” bölüminde gözleg lupa düwmejiginiň üstüne basyp, awtoşaýlaryň giňişleýin gözlegini ýerine ýetirip bolýar. Mysal üçin, awtoşaý haýsy bölüme degişli, görnüşi, haýsy awtoulag üçin niýetlenen bolmaly, ýerleşýän ýeri ýaly gözleg filtrleri boýunça islendik awtoşaýy gözlap tapyp bolar.

“Awtoşaýlar” bölümine bildiriş ýerleşdirmek – mugt. Bildiriş ýerleşdirmek we programmanyň beýleki mümkinçlikleri barada geçen makalamyzda gürrüň beripdik.

Soraglaryňyz bolsa bize ýazyň: info@turkmenportal.com

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar