Soňky habarlar

Arhiw

Awtoulag ýaglary: çaklamalar we hakykat

0
57172

Awtoulagyň hereketlendirijisine ýag guýmak, ony wagtly-wagtynda çalyşmak, haýsy ýagy guýmak, hilini nädip saýlamak ýaly soraglar her awtoulag sürüjisini pikirlendirýän bolsa gerek. Bu soraglar bilen hünärmenlere ýüz tutdyk we olaryň jogaplary esasynda taýýarlan makalamyzy okyjylarymyz bilen paýlaşmagy makul bildik.

Çaklama: eger ýagyň reňki garalan bolsa, onda ýag hökman çalşylmaly.
Hakykat: awtoulagyň hereketlendirijisindäki ýagyň reňkiniň üýtgemegi bilen howsala düşmeli däl. Onuň reňkiniň garalmagynyň sebäbi – döwrebap ýangyç ýag serişdelerinde (ГСМ) bar bolan ýuwujy prisadkalaryň doly ýanmadyk benzin önümlerini eretmeginden ybarat. Şeýlelikde, hereketlendirijiniň hapalanmagynyň öňüni almak maksady bilen, olar onuň içindäki zerur şaýlarynyň arassa saklanylmagyny üpjün edýärler. Ýagyň reňkiniň üýtgeme tizligi guýulýan ýangyjyň (benziniň) hiline, onuň sarp edilşine we awtoulagy dolandyrmagyň şertlerine bagly bolup durýar. Meselem, hili pes benzin ýagyň reňkiniň tiz garalmagyna eltip biler.

 

Çaklama: bir toplumda çykan ýaglaryň reňki meňzeş bolýar.
Hakykat: aslynda öndürijiler ýagyň reňkine däl-de, onuň ýaglanma (syzma) häsiýetnamalaryna üns berýärler. Şol nukdaýnazardan, dürli toplumda çykan dürli ýaglaryň reňkinde biraz hem bolsa tapawut bolup biler. Täze ýagyň adaty reňki açyk goňurdyr. Emma, başga ýagdaýlar hem bolup bilýär, meselem, içinde ýöriteleşdirilen himiki serişdeleriň bardygy sebäpli käbir ýaglaryň reňki ýaşyla golaý bolup bilýär.

 

Çaklama: ýagyň çalşylmaly wagtyny seredip bilip bolýar.
Hakykat: awtoulagy öndürijiler tarapyndan ýagyň çalşylmaly wagty boýunça berilýän maslahatlar bar. Ýag şol berilýän gözükdirmelere laýyk möhletde çalşylmaly. Mundan başga, diňe zerur wagtlarda çalyşmak dogry bolar, mysal hökmünde, ýagyň içine zyýanly zatlaryň düşmegini getirmek bolar.

 

Çaklama: ýag çalyşma möhleti ähli awtoulaglaryň görnüşleri üçin deňdir.

Hakykat: ýeňil awtoulaglarda ýag çalyşma wagtlarynyň arasy ýakyndyr, emma şonda-da bu görkezijiler awtoulagy öndüriji tarapyndan çykarylýan gözükdirmelerden ugur alynsa maksada laýyk bolar. Uly we ýük awtoulaglaryň ýag çalyşma wagty bolsa, olaryň ulanylşyna görä kesgitlenilýär we awtoulagyň görnüşine görä üýtgäp bilýär. Kä ýagdaýlarda ýag çalyşma wagty 20-30 müň kilometr aralykdan bolsa, käte olar 150 müň kilometre çenli üýtgäp bilýär.

 

Çaklama: ýagy yzygiderli çalyşma zerurlygy ýok.
Hakykat: eger ýag çalşylmakda yzygiderlilik wagty goýberilse, onda hereketlendirijiniň içindäki suwuk ýaglar gaty ýagdaýyna öwrüler we bu onuň kadaly işlemeginde bökdençlik döreder. Ýokarda bellenilişi ýaly, ýagyň çalşylmaly wagty her awtoulagyň gözükdiriji kitaplarynda görkezilýär.

 

Çaklama: mineral we sintetik ýaglaryň arasynda hiç hili tapawut ýok.
Hakykat: sintetik we mineral ýaglaryň tapawudyna düşüneliň we haýsysynyň gowudygyna göz ýetireliň.

Mineral ýag – ýerden alynýan, arassalanan nebit önüminiň bir görnüşi.

Sintetik ýag (ýa-da ýarym sintetik) – ýerden alynandan soň, onuň laboratoriýada işlenen görnüşi. Sintetik ýaglar diňe nebitden arassalanman, eýsem ähli molekulalaryna çenli işlenilýär we netijede işlenilen molekularyň esasynda baza (базовый) ýag taýýarlanylýar we ol prisadkalar arkaly has gowulandyrylýar we netijede şu häsiýetlere eýe bolan sintetik ýag taýýarlanylýar: hereketlendirijiniň könelmeginiň öňüni almak, sowuk temperaturalarda hem suwuk ýagdaýynda saklanyp bilmek, hereketlendirijiniň beýleki zerur şaýlarynyň goragyny üpjün etmek, hereketlendirijiniň ulanyş möhletini uzak saklamak.

Soňky çykan awtoulaglaryň ählisine sintetik ýaglar guýulsa maksada laýyk bolar.      

 

Çaklama: iň esasy zat – bahasy gymmat bolan ýagyň satyn alynmagy.
Hakykat: öndüriji tarapyndan maslahat berilmedik, hat-da iň gymmat we iň ýokary hilli awtoýaglar hem awtoulagyň hereketlendirijisine uly zyýan ýetirip biler. Şol sebäpden, awtoulagyňyza ýag guýmazdan ozal, ilki bilen onuň gözükdiriji kitabyndan, öndüriji kompaniýasynyň internet saýtyndan nähili ýag guýulmalydygyny okap öwrenmegiňizi ýa-da hünärmenlerden sorap bilmegiňizi maslahat berýäris.

 

Eýsem, ýag çalşylandan soň awtoulagyň dolandyrylyşy, özüni alyp baryşy üýtgeýärmi? “Ýagy çalyşdym welin, maşynym açylyşan ýaly, öňküden ýeňil sürülýar” ýaly sürüjileriň gürrüňleri hakykatmyka? Aslynda, ýag wagtly-wagtynda çalşylmasa, ýagyň suwuk haly gaty ýagdaýyna öwrülip başlaýar  we bu hereketlendirijidäki temperaturanyň gyzmagyna eltip, onuň agyr işläp başlamagyna, wagtyň geçmegi bilen bolsa tiz zaýalanmagyna eltýär. Şeýle hem, ýag wagtly-wagtynda çalşylmasa awtoulagyň ýangyjy (benzini) sarp ediş möçberi hem ulalýar. Şunuň bilen baglylykda, elbetde, ýag çalşylanda awtoulag biraz hem bolsa ýeňleýär, ýangyjy sarp ediş möçberi düzgünleşýär we hereketlendiriji kadaly ýagdaýda işlemegini dowam edýär.

 

Soraglaryňyz bolsa bize ýazyň: info@turkmenportal.com

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar