Arhiw

Liwan futbolçylarynyň baş maksady Aşgabat 2017-de medal gazanmak

0
6962

Futzal oýnunyň soňky on ýylyň içinde dünýä ýüzünde ýörgünli bolanlygy 17-27-nji sentýabr aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda ýokary derejeli toparlaryň birnäçesiniň gatnaşmagydyr.

Kiçi futbol görnüşi bäş oýunçydan ybarat bolan iki toparyň gatnaşmagynda kiçiräk we adatça ýapyk binada ýerleşýän meýdançada oýnalýar. Futboluň uly görnüşinde meşhurlyk gazanan sport ýyldyzlarynyň ençemesi futzal oýnunyň “uçurymlarydyr”. 

Aşgabatdaky ýaryşda iň täsirli çykyşlary görkezjek Liwan topary Oýunlara ýokary derejede taýýarlyk görýär. Koreýa Respublikasynyň Inçhon şäherinde geçirilen soňky Aziýa oýunlarynda olar çärýek final oýnunda Tailandyň toparyndan galdylar. Ondan bäri olar futzalda sebitiň öňdebaryjy topary boldy we indi yklym boýunça birinjiligi eýelemegi maksat edinýärler. 

Liwanyň toparyna baý tejribesi bolan eýranly Şahabuddin Suflamaniş tälimçilik edýär. Onuň ýolbaşçylygynda Inçhonda çykyş eden alty sany futbolçy, ýagny Husseýn Hamdani, topar lideri Kassem Kusan, Ali Homsi, Hassan Zaýtoun, Ali Taniş we Mohammed Kubaýsidagylar oýun meýdançasyna çykarlar. Şeýle hem, toparyň öňki düzümindäki derwezebany häzirki wagtda toparyň derwezebanlarynyň tälimçisi hökmünde hereket edýär.

Karim Abu-Zaýd we Ahmad Haýruddin esasy oýunçylary boldular we derwezeban Ghadi Abi Akl we Mustafa Rahim milli toparda öz orunlaryny berkitmegiň üstünde işleýärler. Toparyň düzümine öňki oýunçylaryň 10-sy we iki ýaş türgen, ýagny Mohammed Hamoud we Husseýn Al Baba girer. 

 “Türgenler üçin ýörite türgenleşik meýilnamasy düzüldi, sebäbi biz olaryň Aşgabada gelen wagty beden taýdan kämil ýagdaýda bolmagyny isleýäris” diýip, toparyň tehniki tälimçisi Husseýn Dib gürrüň berdi. Tälimçi “Biz öňküdenem gowy çykyş etmek üçin öňümizde belli bir maksat goýduk. Muny bolsa diňe ýokary depgindäki türgenleşikleriň kömegi hem-de fiziki taýdan ýokary taýýarlyk derejesi bilen gazanyp bolar”.

Toparyň agzalary biri-birini gowy tanaýar, sebäbi olar köpüsi 20-30-njy iýulda geçirilen Aziýanyň çempionatyna taýýarlyk görýän “Beýrut Bank” klubynyň futbolçylarydyr. Soňra oýunçylar Serbiýa döwletinde gurnalan okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryna gatnaşdylar.

Milli ýygyndy topary jemlenişip, okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryna we birnäçe dostluk oýunlaryna gatnaşarlar.

“Liwan futzal boýunça sebitiň öňdebaryjy toparydyr we biziň oýunçylarymyza geljekde üstünlikler garaşýar. Olar üçin halkara garşydaşlary bilen duşuşmak aýgytlaýjy pursatdyr. Şol sebäpli Aşgabatdaky Oýunlar biz üçin wajyp synag bolar” diýip, tälimçi Dib sözüni jemledi.

Aşgabat 2017 oýunlaryndan soňra Liwanyň topary yklymyň çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazanmak üçin saýlap-seçiş tapgyr bolan Günbatar Aziýa çempionatynda çykyş eder.

“Biz üçin ýylyň soňuna çenli örän möhüm ýaryş tertipnamasy düzüldi. Bu bolsa biziň ussatlygymyzyň derejesini artdyrmaga ýardam berer” diýip, Dib öz sözüni jemledi.

Toparyň menejeri we metbugat utgaşdyryjysy Salim Awada hem bu sport görnüşiniň dünýäde giňden ýaýramagyna Aşgabat 2017-niň uly ornunyň bardygyny nygtady: “Aşgabat 2017 Aziýa ýurtlary üçin sportuň futzal görnüşi boýunça täze mümkinçilikleri döreder we janköýerleriň müňlerçesiniň ünsüni özüne çeker. Häzirki wagtda futzal iri sport ýaryşlarynyň maksatnamasyna girizilýär we belki geljekde Olimpiýa sport görnüşi bolar. Liwanda sportuň şu görnüşiniň wajypdygyna tiz düşündiler we biziň toparlarymyzyň islendik ýaryşda üstünlikli çykyş etmegi üçin onuň ösdürilmegine maýa goýumlar goýuldy”.

Awada Liwanyň ýaşlaryň topary ýaňy-ýakynda Aziýa çempionatynyň ikinji tapgyryna gatnaşmagfa hukuk gazanandygyny we munuň özi sportda ýeten wajyp sepgitdigini belläp geçdi we sözüniň soňunda şeýle diýdi: “Gynansak-da, köplenç Liwanda türgenler ýekebara çykyş etmek üçin beýleki sport görnüşlerini saýlaýarlar. Şol sebäpli biz futzaly öňe sürmek we oýunçylaryň täze neslini sporta çagyrmak boýunça köpsanly çäreleri geçirdik”.

Aşgabat 2017-niň çäginde futzal boýunça ýaryşlar 16-26-njy sentýabr aralygynda 10 günüň dowamynda Köpugurly sport toplumynda geçiriler (toparlaýyn tapgyrdan soň, bir gün dynç alyş güni).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar