Soňky habarlar

Arhiw

Ýokary liga — 2017: 19-njy tapgyryň hasaplamalary

0
1155

Tapgyryň umumy aýratynlyklary:

Ýene iki wekil: Şu tapgyrdan soň, möwsümde tapawutlanan futbolçylaryň sany 74-e çykdy.

7 gol: Tapgyrda derwezelere 7 pökgi geçirildi, bu bolsa her duşuşyga 2,3 goldan ýetýär.

74 futbolçy, 195 gol: Şu tapgyrdan soň, möwsümde derwezelere 195 pökgi geçirildi, bu bolsa her tapgyra ortaça 10,26 goldan, her futbolça ortaça 2,63 goldan ýetýär.

Öňdebaryjylardan ses-seda ýok: Tapgyrda bombardirlik ýaryşynyň ilkinji 6 ornunda barýan futbolçylaryň birem tapawutlanmady. Bolup biljek ýagdaý, çünki iň köp pökgi geçiren 6-lygyň 3-si «Altyn asyr» bilen «Balkanda» çykyş edýär. Bu toparlar bolsa tapgyrda duşuşyk geçirmedi.

«Ýa almaly, ýa...»: Tapgyrdaky duşuşyklaryň birem deňme-deňlik bilen tamamlanmady.

Myhmançylykda 10 gol: Şu tapgyrdan soň, «Merw» bilen «Şagadam» möwsümde myhmançylykda 10 gol geçiren dördünji hem bäşinji toparlar boldy.

Görnüşe görä deňlik: Şeýle seredäýmäge, tapgyrdaky dört duşuşygyň ikisi ýer eýeleriniň, ikisi myhmanlaryň ýeňşi bilen tamamlandy. Ýöne takyk geçirilen duşuşyklardan hasap ýöretsek: 1:2 — myhmanlaryň peýdasyna.

"Ahal" – "Köpetdag" – 1:0 (1:0)

5-nji awgust. Aşgabat. «Aşgabat» stadiony. 500 tomaşaçy.

Gol: Gurbanguly Aşyrow 24.

Birinji aýlawda: 1:0

Ikinji aýlawda: 6:0

Umumy hasap: 8:0

Ine-de 40: Şu ýeňişden soň, «Ahal» möwsümde 40 utuk toplap bilen ilkinji topar boldy.

"Energetik" – "Şagadam" – 1:2 (0:2)

5-nji awgust. Mary. «Energetik» stadiony. 1000 tomaşaçy.

Gollar: Döwlet Baýramow 58 – Begenç Annagurbanow 4, Serdaraly Ataýew 44.

Baýramow möwsüme 19-njy tapgyrda girişdi: Mundan birnäçe ýyl ozalam her möwsümi azyndan 6-7 gol bilen tamamlan Döwlet Baýramow bu ýyl ilkinji gezek 19-njy tapgyrda gol geçirdi.

44-nji minutda 45-nji gol: Ýokary ligadaky gollarynyň sanyny 2012-nji ýyldan bäri 45-e çykaran Serdaraly Ataýew bu sanawyň ilkinji 10-lugyna girdi.

Tapgyryň dowamy gelmedi: Ýokary ligada 5 tapgyrlyk dublly, het-trikli oýunlar dowam edýärdi. Bu gezek 7 gola 7 futbolçy adyny ýazdyrdy. Diýmek, tapgyr tamamlandy.

"Aşgabat" – "Merw" – 1:2 (0:0)

5-nji awgust. Aşgabat. TDY we DI-niň futbol meýdany. 100 tomaşaçy.

Gollar: Annaberdi Çaryýew 75 – Perman Hallyýew 68, Rustam Mätryzaýew 77.

Birinji aýlawda: 3:2

Ikinji aýlawda: 1:0

Umumy hasap: 4:2

6-njylyga 1 ädim: Ýaryş tertibindäki goňşusyny ýeňen «Merw» indi utuk babatynda hem ondan öňde. Indiki tapgyrda «Aşgabat» dynç alar. Eger «Merw» öz meýdanynda «Köpetdagy» ýeňip bilse, onda topar 6-njy orna çykar.

20-nji gol: Annaberdi Çaryýew 2012-nji ýyldan bäri Ýokary ligadaky 20-nji goluny geçirdi.

Ýoly 19-njy tapgyrda tapdy: Mundan birnäçe möwsüm öň «Aşgabadyň» esasy gol ýaraglarynyň biri bolan Annaberdi Çaryýew bu ýyl derwezä barýan ýoly diňe 19-njy tapgyrda gördi.

"Balkan" – "Turan" + : –

«Balkan» — ikinji orunda: Bu «mugt» ýeňiş ýaryş tertibindäki orunlar babatynda hem «Balkanyň» haýryna boldy. «Altyn asyryň» dynç alan tapgyrynda utugyny 34-e çykaran «nebitçiler» ýaryş tertibinde ikinji orna geçdiler.

Birinji aýlawda: 4:0

Ikinji aýlawda: 1:1

Umumy hasap: 5:1

«Altyn asyr» — dynç güni

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar