Soňky habarlar

Arhiw

Ýerine ýetiriji komiteti “Hyundai Engineering” kompaniýasyny Oýunlaryň resmi hemaýatkäri diýip yglan etdi

0
5418

V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komiteti “Hyundai Engineering” kompaniýasynyň Aşgabat 2017-niň guramaçylygyna resmi hemaýatkär hökmünde gatnaşýandygyny buýsanç bilen yglan etdi.

“Hyundai Motor Group” toparyna girýän “Hyundai Engineering” kompaniýasy dünýäde öňdebaryjy Koreýaly kompaniýalaryň biridir. Hemişe üýtgäp durýan dünýä ykdysadyýetinde  “Hyundai Engineering” kompaniýasy döwrüň talaplaryna tiz jogap bermäge we islendik ýagdaýlara garamazdan, durnukly ösüşe tarap hereket etmäge çemeleşýär.

Türkmenistanyň çäginde 2009-njy ýyldan bäri dürli gurluşyk maksatnamalaryna gatnaşmakdan başga, “Hyundai Engineering” kompaniýasy köpden bäri türkmen sportunyň ösdürilmegine öz goşandyny goşýar hem-de “Çandybil” futbol toparynyň resmi hemaýatkäri hökmünde çykyş edýär.

V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitetiň başlygy Daýanç Gulgeldiýew: “Biz “Hyundai Engineering” kompaniýasyny Aşgabat 2017 oýunlarynyň maşgalasynda hoş gördük! Dünýä ýüzünde giňden tanalýan we uzak wagtyň dowamynda ýurdumyzda üstünlikli işleri amala aşyrýan kompaniýanyň goldawy biziň üçin örän möhümdir. Oýunlaryň daşary ýurtly hemaýatkärleriniň sanawy Aşgabat 2017-niň hakykatdan hem uly halkara sport baýramçylygy boljakdygynyň aýdyň subutnamasydyr” diýip belledi.

“Hyundai Motor Group” topary hem öz gezeginde ýyllar boýy sport çäreleriniň hemaýatkäri bolup gelýär. 2016-njy ýylda Koreýanyň milli bobsleý ýygyndy topary üçin “N-bobsleigh”atly sport sanisi “Hyundai Motor Group” toparynyň tehnologiýalar bölümi tarapyndan işläp düzüldi. “Hyundai Motor Group” topary dürli sport görnüşleriniň, esasan hem, Koreýada ýörgünli bolmadyk sport görnüşlerini ösdürmäge uly üns berýär.

“Hyundai Engineering” kompaniýasynyň prezidenti we baş ýerine ýetiriji müdiri Sun Sanrok şeýle belledi: “Aşgabat 2017 oýunlary Aziýanyň we Okeaniýanyň wekillerini bir ýerde jemlejek sport baýramçylygy bolar. Ajaýyp şäher Aşgabatda geçirilýän çäräniň gymmatlyklaryny, ýagny goňşy döwletler bilen sporta bolan höwesi paýlaşmak we gatnaşyklary sazlaşykly saklamak Oýunlaryň resmi hemaýatkäri hökmünde goldamak meniň üçin uly abraýdyr ”.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar