Pakistanyň Aşgabat 2017-ä gatnaşjak ussat türgenleri

0
6776

Pakistan 140-a golaý türgenden ybarat bolan ýygyndy toparynyň 17-27-nji sentýabrda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşjakdygyny mälim etdi.

Bu bildiriş Pakistanyň Olimpiýa bileleşiginiň mejlisinden soňra yglan edildi we päkistanly türgenleriň sportuň 12 görnüşi boýunça gatnaşjakdygy tassyklandy. Topar öňki gazanan netijesini (3 altyn, 4 kümüş we 5 bürünç medal) kämilleşdirmegi maksat edinýär. 

Gatnaşjak türgenleriň ahyrky sanawy Pakistanyň Sport boýunça müdirligi tarapyndan kesgitlenilýär, emma resmi wezipeli işgäriniň aýtmagyna görä, Lahorda geçiriljek ýygnakdan soň ol sanaw üýtgemez. 

Pakistanyň Olimpiýa bileleşiginiň kätibi Khalid Mehmud şeýle diýdi: “Meniň pikirimçe, Päkistanyň Sport boýunça müdirligi mundan beýläk toparyň düzümine goşmaça üýtgeşme girizmez. Bolan ýagdaýynda-da, sanawdan 8-den 10 adama çenli aýrylmagy mümkin”.

Türgenler sportuň ýeňil atletika, bilýard, gysga aralykda ýüzmek, taekwondo, agyr atletika, tennis, jiu-jitsu, kikboksing, türkmen milli göreşi, guşakly göreş we sport göreşi görnüşlerinde ýaryşarlar.

Baş kätip Aşgabatda Aziýanyň türgenleri bilen bir hatarda, Okeaniýanyň türgenleriniň hem bäsleşjekdigini göz öňünde tutup, ýaryşlaryň dartgynly ýagdaýda geçjekdigini, medal gazanmagyň aňsat bolmajakdygyny belläp geçdi. 

Mehmud: “Täze Zelandiýadan gelýän ýüzüjileriň ussatlygyny bilýäris, şonuň üçin sportuň bu görnüşinde medal gazanmak umydymyz azalýar. 

Biziň ýeňil atletikanyň päsgelçilikden böküp geçmek we estafeta görnüşlerinde ýeňmäge mümkinçiligimiz bar. Emma ol hem dürli ýagdaýlara baglydyr. Şeýle hem, biz jiu-jitsu, tennis we taekwondo boýunça ýaryşa gatnaşýan türgenlerimize ynam bildirýäris” diýip, öz pikirini paýlaşdy.

Mundan başga-da, Mehmud tanyşdyryşyň dowamynda  milli federasiýalaryň ählisi öz türgenleriniň Aşgabatda gowy netije görkezjekdigine örän ynamlydygyny nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar