“IŇ ULY ARZUWYM — AŞGABATDA GEÇIRILJEK AZIÝA OÝUNLARYNY TESWIRLEMEK” ("Türkmenistan: Sport" teleýaýlymynyň teswirleýjisi Toýly Arçynow bilen söhbetdeşlik)

0
38825

Gysgaça maglumat: Toýly Arçynow 1992-nji ýylyň 6-njy awgustynda Aşgabat şäherinde doguldy. Orta bilimi paýtagtymyzdaky Gurbannazar Ezizow adyndaky 29-njy orta mekdebinde aldy. 2009-njy ýylda Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutyna okuwa girdi we 2014-nji ýylda bu ýokary okuw mekdebiniň «Demir ýol» fakultetiniň uçurymy boldy. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkezinde «Türkmenistan: Sport» teleýaýlymynda teswirleýji bolup zähmet çekýär.

         Maşgalasynda özünden başga iki sany aýal dogany bar. Toýly Arçynow 23 ýaşan gününde, ýagny şu ýylyň 6-njy awgustynda öýlendi.

         — Toýly, bu gün ildeşlerimiz, esasan hem, sport janköýerleri sizi sesisňiz arkaly tanaýar diýsek, ýalňyş bolmasa gerek. Biz okyjylarymyzy “Türkmenistan: Sport” teleýaýlymynyň ýaş teswirleýjileriniň biri bilen has ýakyn tanyşdyrmak we teswirleýjilik sungaty boýunça käbir gyzyklandyrýan sowallara jogap almak üçin siziň bilen söhbetdeş bolmagy makul bildik. Ilkinji sowalymyz: demir ýol ulaglarynyň hünärmeni bolsaňyz-da, sport teswirleýjiligini saýlap almagyňyza näme sebäp boldy? Bu käriň başy nämeden başlandy? Kimdir biri sebäp boldumy ýa özüňiz ýaýlyma ýüz tutduňyzmy?

         — Erkek kişileriň aglabasy ýaly, men hem sportuň muşdagy. Teswirleýjilige höwes döremegine bolsa 2012-nji ýylda hormatly Prezidentimiziň başda durmagy bilen açylyp berlen «Türkmenistan: Sport» teleýaýlymynda futbol boýunça Ýewropa çempionatynyň göni ýaýlym arkaly alnyp görkezilişi sebäp boldy diýip bilerin. Ýewropa çempionaty ýaly dünýäniň iň iri futbol baýramçylygyna milli teleýaýlymymyz arkaly öz ene dilimizde tomaşa etmegiň ýakymy başgaça bolýan eken. Teswirleýjilige bolan höwesim bolsa, gitdigiçe artdy, ýöne ýaýdanjaňlyk bilen tä 2013-nji ýyla çenli ýaýlymyň gapysyndan baryp bilmedim. Ahyry şol ýylyň awgust aýynyň aýaklarynda teswirleýji bolmak höwesimiň bardygyny aýdyp, «Türkmenistan: Sport» teleýaýlymyna ýüz tutdum. Bu ýerde meniň maksadymy goldap, halypalar elinden gelen kömegini berdiler. Ilkinji gezek teswirlän duşuşygym bolsa Italiýanyň futbol çempionatynyň «Hellas Werona» — «Milan» duşuşygydy. Ýöne bu duşuşygyň ildeşlerimize ýazgy arkaly ýetirilendigini aýtmak gerek. Şol duşuşyk ýaýlyma berlenindäki begenşimi häzir hem söz bilen düşündirip bilerin öýdemok.

         — Teswirleýjilik hünäri boýunça ýörite okuwy geçmän, işe göni girişmek kyn düşmedimi? Duşuşygy teswirlemek kesesinden diňläp oturan ýaly-ha däldir.

         — Dogrusy, ilki-ilkiler käbir kynçylyklar döredi. Esasan hem, sözleri dogry ulanmakda halypalar bilen kän zady maslahatlaşmaly boldum. Käbir sport adalgalaryny türkmen dilinde dogry ulanmakda beren maslahatlary üçin men halypalarymyza çäksiz hoşallyk bildirýärin. Galyberse-de, bu käre gelmezden ozal, halypa teswirleýjiler Amanmuhammet Çaryýewiň, Kuwwatmyrat Sähetmyradowyň teswirleýän duşuşyklaryny üns bilen diňleýärdim. Haýsy sözi nirede, nähili ulanmalydygyny, gerek bolsa, ýazyp alyp ýat tutýardym. Daşary ýurtly teswirleýjilerden hem nusga edinenlerim kän boldy.

         — Ilkinji gezek haýsy duşuşygy teswirlaniňizi-hä bildik. Ilkinji gezek haýsy duşuşygy göni ýaýlymda teswirländigiňizi bilmek hem gyzykly.

         — Şu günki ýaly ýadymda.2013-nji ýylyň 6-njy oktýabrydy. Şol gün «Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy bütin dünýäde sabyrsyzlyk bilen garaşylýan duşuşygy — Italiýanyň “Seria A” çempionatynyň iň gyzykly oýny bolan «Ýuwentus» — «Milan» duşuşygyny göni ýaýlymda alyp görkezmegi meýilnamasyna goşupdy. Gündiz telewideniýeden bu duşuşygy göni ýaýlymda teswirlemelidigim barada habar berenlerinde hem-ä begendim, hem-de juda tolgundym. Çünki ýaýlymda üç aýdan bäri ýazgy arkaly berilýän duşuşyklary teswirlän hem bolsam, tä şol güne çenli göni ýaýlyma çykyp görmändim. Diýmek, şol gün meniň arzuwlarym hasyl bolupdy. Men, bir mahal özümiň hem arzuw edişim ýaly, futbol duşuşygyny göni ýaýlymda teswirlemelidim. Tolgunmagymyň hem özüne ýetik sebäbi bar. Çünki ilkinji gezek göni ýaýlymda teswirlemeli duşuşygym «Ýuwentus» — «Milan» bolar öýdüp, ýatsam-tursam aklyma-da gelenokdy. Bütin dünýäniň, şol sanda türkmenistanly futbol janköýerleriniň hem sabyrsyzlyk bilen garaşýan duşuşygyny göni ýaýlymda teswirlemek wezipesi ynanylandan soň, bu ynama mynasyp jogap bermelidi. Duşuşyk tamamlanandan soňra, ýaýlymyň işgärleri, soňrak bolsa ildeşlerimiz tarapyndan ilkinji teswirlemäme gowy baha berilmegi meni ruhlandyrdy, geljekde has-da kämilleşmegime ýol açdy. Şol gün — 2014-nji ýylyň 6-njy dekabry, Italiýanyň çempionatynyň «Ýuwentus» — «Milan» duşuşygy bolsa hiç haçan ýadymdan çykmaz. Hatda şol duşuşygyň hasabyny hem unudaryn öýdemok. Duşuşykda «Ýuwentus» 3:2 hasabynda ýeňiş gazanypdy.

         — Elbetde, aslynda bu duşuşyk siziň üçin ykbalyň bir öwrülişigi bolupdyr. Şondan soň sport janköýerleriň siziň teswirlemegiňizdäki gyzykly duşuşyklaryň, gör, näçesine tomaşa etdiler. Ýogsa-da, Toýly, futboldan başga sportuň haýsy görnüşi boýunça ýaryşy teswirlemegi halaýarsyňyz?

         — Meniň üçin sportuň toparlaýyn görnüşleriniň islendik birini teswirlemek gyzykly. Esasan hem, woleýbol, basketbol duşuşyklaryny teswirlänimde uly lezzet alýaryn. Sportuň futboldan başga görnüşlerini, ilkinji gezek, Russiýa Federasiýasynyň Soçi şäherinde geçirilen Gyşky Olimpiýa oýunlarynda teswirledim. Dogry, ilki-ilkiler sportuň gyşky görnüşlerini teswirlemek ýeňil düşmedi. Ýöne wagtyň geçmegi bilen, bu görnüşlere şeýle bir ysnyşdym welin, Oýunlaryň nähili tamamlanandygyny hem duýman galaýypdyryn.

         — Futbol duşuşyklaryny beletlik bilen teswirleýşiňiz bir sowaly döredýär. Özüňiz futbolçy bolmagy arzuw edipmidiňiz ýa-da synanşypmydyňyz?

         — Hatda men çagalykda futbola hem gatnadym. Futbolyň ilkinji tilsimlerini paýtagtymyzdaky «Nesil» we «ýaşlyk» ýetginjekler toparlarynyň baş tälimçisi Robert Danilýandan aldym. Wagtyň geçmegi bilen, Aşgabat şäheri boýunça geçirilen ýaryşlaryň birnäçesine gatnaşdym. Hatda häzir türkmen futbolynyň iň ezber oýunçylarynyň sanawyna goşulan Altymyrat Annadurdyýew («Ahal» futbol toparynyň hüjümçisi), Ruslan Mingazow (Çehiýanyň «Ýablones» toparynyň ýarym goragçysy) oýnan toparlaryna garşy duşuşyklary geçirmek hem miýesser edipdi.

         — Özüňiz haýsy topara janköýerlik edýärsiňiz?

         — Dogrusyny aýtsam, teswirleýjilige başlan günümden bäri, men birnäçe gezek bu sowal bilen ýüzbe-ýüz bolmaly boldum. Hemişe berýän jogaplarymy saýtyň okyjylaryndan hem gizlämok. Ýewropanyň birnäçe toparyna, şol sanda Angliýanyň çempionatynda «Mançester Ýunaýtede», «Arsenala», «Liwerpula» we «Çelsä», Germaniýada «Borussiýa Dortmund» toparyna, Italiýada «Milana» we «Roma», Fransiýanyň çempionatynda «Lion», «PSŽ» toparlaryna janköýerlik edýärin. Ýöne has ýakyndan janköýerlik edýän toparlarymam hem bar. Olar Türkiýäniň çempionatynda çykyş edýän «Fenerbahçe» we Ispaniýanyň çempionatynyň iň güýçli toparynyň biri bolan «Real Madrid» klublarydyr.

         — Toýly, tomaşaçy üçin duşuşygyň dowamynda berilýän goşmaça maglumat hem juda gyzykly. Olar duşuşygyň hem gyzygyny artdyrýar. Eýsem, teswirleýän duşuşygyňyz baradaky goşmaça maglumatlary ulanyşyňyz barada hem gürrüň beräýseňiz.

         — Dogrusyny aýtsam, meniň özüm sport hakyndaky, esasan hem , futbola degişli maglumatlary ýygnamagy we ýöretmegi halaýaryn. Galyberse-de, duşuşyk başlamazdan öň, özümi teswirleýji däl-de, tomaşaçy hökmünde göz öňüne getirip görmek endigime öwrülipdir. «Men tomaşaçy bolsam, şu duşuşygyň teswirleýjisinden nähili maglumatlara garaşardym?» Hut şu sowalyň jogaby hem duşuşyk barada iň gerekli, iň gyzykly maglumatlary ýygnamagyma itergi berýär. Goşmaça maglumatlar bolsa, siziň hem aýdyşyňyz ýaly, duşuşygyň has täsirli teswirlenmegine ýardam edýär. Maglumatlary dürli internet saýtlaryndan alýaryn. Hatda duşuşyk teswirlenýän wagty hem internetiň hyzmatyndan peýdalanmaga çalyşýaryn. Çünki uly futbolda duşuşyk dowam edip duran wagty goşmaça maglumatlar (mysal üçin, birinji ýarymda artykmaçlygy elinde saklan topar, haýsy topar pökgä erk etmekde üstün, oýunçylaryň hereket eden aralygy we ş.m.) internet arkaly berlip durulýar.

          — Diýmek, agşamky boljak duşuşyklara gündizden taýýarlyk görmeli bolýar-da!

         — Hawa, käte bir gije-de üç-dört duşuşyga çenli teswirlemeli hem bolaýýar. Duşuşyklardan öň olaryň her haýsy barada goşmaça maglumatlary alyp goýýarys. Üstesine, teswirleýji hem edil türgen ýaly, duşuşyga doly taýýar ýagdaýda gelmeli. Şonuň üçin duşuşyklardan öň, mümkin boldugyndan,  dynç almaga-da çalyşýaryn.

         — Ýaňy, daşary ýurtly sport teswirçilerini hem üns bilen diňleýändigiňizi aýtdyňyz. Has gowy görüp diňleýänleriňiz, özüňize nusga edinýänleriňiz barmy?

         — Elbetde bar. Daşary ýurtly teswirleýjileri hemişe-de ünsli diňleýärin. Esasan hem Konstantin Geniç, Wladimir Stognienko, Nobel Arustamýan, Sergeý Kriwoharçenko, Aleksandr Nesenko, Erjan Taner, Ýalçyn Çetin, Murat Kosowa ýaly daşary ýurtly teswirleýjileriň alyp barýan duşuşyklaryny sypdyrmazlyga çalyşýaryn. Hatda daşary ýurtly kärdeşlerimiz bilen bile bir duşuşygy teswirlemek arzuwym hem ýok däl.

         — Şu ýyl futbol boýunça milli ýygyndymyzyň nobatdaky dünýä we Aziýa çempionatynyň saýlama tapgyryndaky ýurdumyzda geçiren duşuşyklaryny hem teswirlediňiz. Şu ýerde daşary ýurtlaryň futbol duşuşyklaryny teswirlemek bilen milli ýygyndymyzyň geçiren oýunlaryny teswirlemegiň arasyndaky tapawut hakynda hem bilmek isleýäris.

         — Milli ýygyndymyzyň duşuşyklaryny teswirlemek meniň iň uly arzuwlarymyň biri bolup geldi. Aslynda teswirleýji bitarap bolmalydyr welin, milli ýygyndymyzyň duşuşyklaryny teswirlänimde özüm hem türkmen futbolçylaryna janköýerlik edip, tomaşaçylaryň birine öwrülýärin. Bu bolsa duşuşyga berlen teswiriň has täsirli bolmagyna getirýär. Onsoňam, daşary ýurt futbolyndan 100 duşuşygy teswirlemekden milli ýygyndymyzyň ýekeje oýnuny teswirlemegiň täsiri has güýçli.

         Ilkinji gezek şu ýylyň iýun aýynda Daşoguz şäherinde Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň futbol ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygy teswirlemek ynanylanda, begenjimden guş bolup uçupdym. Ynansaňyz, duşuşygyň ilkinji minutlarynda eýranly futbolçylaryň hasaby açmagy diýseň gynandyrdy. Soňra hatda özümem tomaşaçylaryň bir parçasyna öwrülip, türkmen futbolçylarynyň basymrak hasaby deňlemegini isledim. Hasap deňlenende bolsa... Şol mahal duşuşuşygy teswirleýändigimi hem unudyp, begenjimden çaga ýaly bökjekläberesim geldi. Milli futbolymyzyň janköýeri hökmünde futbolçylarymyzyň ýurdumyzda geçirilen soňky duşuşyklarynda hem üstünlikli çykyş etmegi başymyzy Göge ýetirdi. Indi uly sabyrsyzlyk bilen Aziýa çempionatynyň nobatdaky saýlama tapgyryna garaşýarys. Futbolçylarymyzyň bu tapgyrdan hem üstünlikli geçip, türkmen futbolynyň taryhynda ilkinji gezek yklym ýaryşyna  gatnaşyp biljekdigine ynamymyz uly.

         — Özüňi kämilleşdirmek barada alyp barýan işleriňiz barada hem gürrüň beräýseňiz.

         — Esasan, dil baýlygymy kämilleşdirmek üçin türgenleşýärin. Bu işde teswirleýjilere niýetlenen dil maşklarynyň ähmiýeti uludyr. Bu maşklar diliň käbir sözlere ýenjilmegi üçin hem ähmiýetli. Çünki käbir futbolçylaryň, esasan hem, gresiýaly futbolçylaryň atlaryny sakynman aýtmak kyn. Olarda birnäçe çekimsiz harp birlikde-de gelip bilýär, üstesine kän bogunly, ýogyn we inçe çekimlileri garyşyp gelen adam atlary teswirleýjide kynçylyklary döredip bilýär. Sport ýaryşlaryny iň täsirli görnüşde alyp barmagyň täze ýollaryny gözleýärin. Galyberse-de, diňe bir duşuşyklary teswirlemek bilen çäklenmän, «mawy ekranda» türkmen we dünýä sporty hakynda gepleşikleri taýýarlamak maksadym hem ýok däl.

         — Teswirleýjilik sungatyny arzuw edýän ýaşlarymyza maslahatlaryňyzy hem diňläýsek.

         — Aslynda, meniň özüm entek maslahat berer derejede-hä däl. Ýöne islendik kär entek arzuw edilýän wagty üsti açylmadyk dünýädir. Sport ýaryşlaryny teswirlemek hem şeýle. Esasy zat menzilleri geçip görmek ekeni. Her bir ertekiniň öz gahrymany bolşy ýaly, teswirleýjiler hem sport ýaryşynyň esasy gahrymanlarynyň biri. Çünki ýaryşyň, mysal üçin, futbol duşuşygynyň tomaşa has täsirli bolmagynda teswirleýjiniň orny uludyr. Onuň duýgularynyň tomaşaçynyň duýgulary bilen gabat gelmegini bolsa, üstünlik hasaplap bolar.

         ­— Söhbetdeşligimiziň ahyrynda, teswirleýjilik sungaty bilen bagly iň uly arzuwyňyzy hem bilmek isleýäris.

— Bu sowalyň jogaby örän anyk we gysga: men mermer paýtagtymyzda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny teswirlemegi arzuw edýärin. Çünki sport teswirleýjisi üçin hut öz döwletiňde geçirilýän iri sport baýramçylygynyň ýaryşlaryny göni ýaýlymda teswirläp, ildeşlerimize bagtly, ýeňişli pursatlary ilkinji bolup ýetirmek ýaly uly bagt ýokdur.

         — Toýly, biziň jogabyny biläýsek diýen sowallarymyz-a şulardan ybarat. Gyzykly söhbetdeşlik üçin sag boluň! Kesbiňizden kemal tapyň!

         — Sizem sag boluň! Pursatdan peýdalanyp, ýurdumyzda sportuň ösdürilmegi üçin uly aladalary edýän hormatly Prezidentimize çäksiz sagbolsun aýdýaryn. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen açylan “Türkmenistan: Sport” teleýaýlymy bolsa, watandaşlarymyz üçin uly sowgat boldy. Bu ýaýlymda işlemek men we özüm ýaly ýaş kärdeşlerim üçin ykbalyň uly peşgeşi. Hormatly Prezidentimizi we ildeşlerimizi teswirleýjilik sungatynyň türkmen ýoluny mundan beýläk hem kämilleşdirmek ugrunda elimizden gelenini gaýgyrmajakdygymyza ynandyrýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar