Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde watan waspy

0
1480
Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde watan waspy
Surat: turkmenmetbugat.gov.tm

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan adalatly hem ynsanperwer syýasaty netijesinde türkmen halkynyň geçmişdäki beýik şahsyýetleriniň, akyldarlarynyň, söz ussatlarynyň ömri-döredijiligini, edebi mirasyny öwrenmek we şu günki nesillere ýetirmek barada tutumly işler amala aşyrylýar.

Türkmen halkymyzyň guwanjy hem buýsanjy bolan Magtymguly Pyragy öz zamanasynyň dürli ylymlaryndan birkemsiz baş çykaran akyldar şahyr, beýik söz ussady bolupdyr. Ol halkynyň berkararlygy hakyndaky çuň pikirleri, paýhasly jümleleri bilen diňe bir öz döwrüniň däl, eýsem, geljekki nesilleriň ruhunda hem kalbynda ebedi ýaşajak aýdyň pikirleri, gymmatly garaýyşlary miras goýdy.

Magtymguly Pyragy döwlet berkararlygynyň binýadynyň berk bolmagynyň halkyň ylym-bilim derejesi bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyna düşünipdir. Beýik söz ussadynyň ylym-bilimi şöhlelendirýän, onuň ähmiýetini açyp görkezýän ençeme şygyrlary hem şaýatlyk edýär.
 

Magtymguly Pyragynyň tutuş döredijiligi watansöýüjilige ýugrulandyr. Şahyr watançylyk lirikasynda türkmen tebigatynyň gözelliklerini, dost-doganlygy, agzybirligi wasp edýär, türkmen halkyny bir döwlete gulluk etmäge çagyrypdyr. Türkmen halkynyň dana şahyry ahlak, ynsap, adamkärçilik, watançylyk, harby-gahrymançylyk baradaky paýhasly pikirleri bilen milleti bagtyýar geljege ruhlandyrypdyr.

Şahyryň:

Köňüller, ýürekler, bir bolup başlar,
Tartsa ýygyn, erär topraklar-daşlar,
Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly türkmeniň.

– diýip, türkmen halkyny bir maksada, bir döwlete, bir döwlet baştutanyna gulluk etmeklige çagyrypdyr. Beýik akyldaryň parasatly pikirleri, dürdäne setirleri halkyň aňynda mydamalyk orun alypdyr.

Beýik şahyrlarymyzyň döredijilikleri biz ýaşlar üçin uly görelde mekdebi bolup durýar. Türkmen ýaşlary hemişe watansöýüjilik ýörelgelerine eýermelidirler. 

Biz ýaşlara okamaga, öwrenmäge, işlemäge ýagty ýol açan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun.
 

Garlyýewa Çynar
        Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň talyby 

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar