Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ýaş zehiniň ýürek buýsanjy

0
452

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýip yglan edilen 2024-nji ýylda  ýurdumyzyň müňlerçe bagtyýar ýaşlary bilen bir hatarda maňa hem ýokary okuw mekdebiniň talyby bolmak bagty miýesser etdi. Şeýle ajaýyp baýramçylyk ýylynda giriş synaglaryndan üstünlikli geçip ýurdumyzyň iň baýry hem abraýly okuw jaýlarynyň biri bolan Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby bolandygyma buýsanjymyň-begenjimiň çägi ýok. 

Bu ýokary okuw mekdebini saýlap almagyma, Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň gurluşyk we senagat pudagynda amala aşyrylan ägirt uly özgermeler, mähriban Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilen il-ýurt bähbitli taslamalar, hususan-da türkmeniň taryhynda ilkinji gezek döredilen, “akylly” şäher taslamasynyň esasynda amala aşyrylýan Arkadag şäheriniň täsin gurluşyklary, onuň nurana geljegi esas boldy diýsem hakykatdan daş düşdügimiz bolmaz.

Inžener-gurluşykçy hünärini ele almak höwesi mekdep ýyllarymda kalbymda beslän arzuwymdy. Şol maksada ýetmek üçin mekdep ýyllaryndan matematika, geometriýa, fizika, himiýa ýaly tehniki dersleriň esasyny düzýän ugurdaş sapaklary özleşdirmäge aýratyn üns berdim, janypkeşlikli çeken zähmetim ýerine düşdi we bu gün meni şol maksadyma ýetirdi. 

Onsoňam biziň halkymyzda “Bilimli uçar – bilimsiz gaçar” diýen ýaly pähimler hem bar. Şeýle pähim-parasatlardan ugur alyp men  ýurdumyzda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýän birnäçe bäsleşiklere uly höwes bilen gatnaşdym. 2022-nji ýylda “Altyn asyryň Altyn zehinleri” ders bäsleşiginde taryh dersi boýunça etrap tapgyrynda III orna, şäher derejesinde I orna, 2024-nji ýylda II orna, şäher derejesinde III orna mynasyp boldum.

Ýeri gelende aýtsak, Gahryman Arkadagymyzyň howandarlygynda, mähriban Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen biz talyp ýaşlara iň döwrebap bilimleri almagymyz, ýurdumyzy we halkymyzy beýik geljegimize tarap ynamly alyp gitjek hünärmenler bolup ýetişmegimiz üçin ähli şertler döredilýär. Muny men ýaňy okuwa başlan okuw jaýym bolan, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mysalynda hem aýdyp bilerin. Bu ýerde döwrebap bilimleri almak üçin ähli şertler döredilipdir. Arassa hem ýyly ýaşaýyş jaýlary, ýokary mümkinçiligi bolan kitaphana, internet ulgamyna çatylan uly tizlikli kompýuterler, medeniýet merkezi, sport desgalary talyplaryň hyzmatynda goýulypdyr.

Buýsandyrýan ýagdaýlaryň biri-de  bu ýerde bizi öz işiniň ussady bolan professor-mugallymlar we beýleki kömekçi işgärler öz çagalary ýaly garşy aldylar.

Munuň özi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaşlara okamaga, işlemäge we döretmäge uly mümkinçilikleriň döredilendiginiň ýene bir subutnamasydyr.

Nesip bolsa, biz geljekde mähriban Prezidentimiziň uly ynamyny ödemek üçin, döredilip berilýän şu mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp ylymly-bilimleri ele alarys. Öz kärimiziň ussatlary bolup ýetişmek üçin ähli tagallalarymyzy gaýgyrmarys.

Biz ýaşlara şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza talyp ýüregimizden egsilmez sagbolsunlarymyzy aýdýarys! Goý olaryň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli beýik işleri mydama rowaç bolsun!
 
 

Yslam NAZAROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
 institutynyň 1-nji ýyl talyby.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar