Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Magtymguly we Ýusup

0
1246

Gahryman Arkadagymyzyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly goşgusy, şeýle hem 2024-nji ýylymyzyň bu şygar bilen atlandyrylmagy türkmeniň nusgawy şahyry, Akyldarymyz Magtymguly Pyragyny içgin öwrenmäge onuň döredijiligine ýaňadan seretmäge uly  itergi berdi. Magtymguly Pyragynyň her bir goşgusyny okanda onuň nähili çuň many-mazmuna ýugrulandygyny, watansöýüjilik, ahlak arassalygy, wyždanlylyk, ar-namys, wepalylyk ýaly adamkärçiligiň beýik sypatlaryny duýmak bolýar. Onuň ençeme goşgularyny okanyňda belli bir wakalary beýan edýändigine, az söz bilen köp many çykarýandygyna täsin galmak bolýar. Ine şolar ýaly goşgularyň biri-de onuň “Arap tilli, söwdügim” goşgusydyr. 

Goşgy: 

Boýadylar köýnegiňi gan bile,
Ady belli, arap tilli söwdügim.
Aýralykda ýandy ataň jan bile,
Ady belli, arap tilli söwdügim,
    Şam abaly, Rum kabaly jananym.

ýaly setirlerden başlap, giden bir wakany gürrüň bermäge çalyşýar. Bu setirlerden ugur alyp Magtymgulynyň  ýokarda ady agzalan goşgusynyň Ýusup pygambere bagyşlanandygyna göz ýetirmek bolýar. Ýusup pygamber bilen baglanyşykly rowaýatlar, wakalar arap rowaýatlarynda, şeýle hem  Töwrat, Injil, Gurhany-Kerim ýaly kitaplarda hem öz beýanyny tapypdyr. “Ýusup-Züleýha” ady bilen Ýusuba bagyşlanan kyssalar çeper edebiýatda halklaryň arasynda uly meşhurlyga eýedir. Türkmen edebiýatynda hem  “Ýusup-Züleýha” bilen baglanyşykly wakalar yzygiderli şöhlelendirilip gelipdir. Muňa mysal edip XIII asyrda Horezmde ýaşap geçen Aly şahyryň  “Kyssaýy Ýusup” atly murapbag görnüşdäki şygyr bilen ýazylan türkmen dilindäki eserini, XIV asyrda Köneürgençde ýaşap geçen türkmen şahyry Nasyreddin Rabguzynyň “Kysasy Rabguzy” eserini, türkmeniň nusgawy şahyry Nurmuhammet Andalybyň 1715-nji ýylda doly ýazyp tamamlan “Ýusup-Züleýha” dessanyny agzap geçmek  bolar.

Gündogaryň beýik Akyldary Magtymguly Pyragy hem bu wakany örän gowy bilipdir. Rabguzynyň dünýäniň ýaradylşy we pygamberler baradaky rowaýatlary giňişleýin açyp görkezýän  “Kysasyl enbiýa” eseri Gündogar halklarynda meşhurlyk gazanyp, ol  Magtymgula hem öz täsirini ýetirýär. Şahyr öz goşgularynyň aglaba böleginde bu esere ýüz tutýar:

 

Depderler içinde bir kitap gördüm,
                                       “Kysasyl enbiýa” atly, ýaranlar!
                                        Hezreti Ýusuby beýan eýläli,
   Kyssasy şekerden datly, ýaranlar! –
 – diýen sözlerinden ugur alyp, kyssalaryň içinde Ýusup pygamberiň kyssasyny has-da üýtgeşik kabul edendigini aňmak bolýar.
Rowaýata görä Ýusup pygamber Kenganda dogulyp, Ýakup pygamberiň ogly bolýar. Oňa şu şakdaky setirler şaýatlyk edýär: 
Aglaý-aglaý jepalaryň derdinden,
    Gorka-gorka sähralaryň gurdundan,
         Aýryldyň ataňdan, Kengan ýurdundan,
                                        Ady belli, arap tilli söwdügim,
Şam abaly, Rum kabaly jananym.

Ýakup pygamber öz söýgüli perzendi bolan Ýusuby sähralyga goýbermejek bolup, hernäçe jan etse-de agalary ony gorajakdyklary barada ant içip, ýanlary bilen bile alyp gidýärler. Ýusuba göripçilik zerarly eden ýamanlyklaryny ýaşyrmak üçin, “Ýusuby gurt iýdi” diýip kakalaryna ýalan sözleýärler. Ýusuby bolsa el-aýagyny daňyp bir kerwene gul edip satyp goýberýärler. 
Magtymgulynyň  goşgy setirlerinde:  
 Geldi ol dem gardaşlaryň bögürşip, 
    Gorkusyndan  gurtlar geldi ýugurşip, 
                                       Gelen guduk üste durdy telmurşyp,
                                       Ady belli, arap tilli söwdügim,
                                       Şam abaly, Rum kabaly jananym.
          Ähli ene-atalaryň öz perzentlerini ezizläp, janyndan eý görüşini, Ýakup pygamberiň çekýän derdini şahyr şu aşakdaky setirleriň üsti bilen açyp görkezýär:
                            Çyplak oldy gül bedeniň soýuldy,
Dagy-hyjran synaň üzre goýuldy,
 Ýyglamakdan Ýakup gözi oýuldy,
                                        Ady belli, arap tilli söwdügim,
Şam abaly, Rum kabaly jananym.

Şu ýerde “Şam abaly, Rum kabaly” sözleriniň manysynyň üstünde durup geçmegimiz zerurdyr. A. Meredowyň “Magtymgulynyň düşüdirişli sözlügi” atly üç bölümden ybarat bolan kitabyna esaslanyp “Aba” sözi  “don, geýimiň üstünden egne atylýan erkekleriň geýýän giň we uzyn üst geýimi bolup,  Siriýada tikilen aba geýnen” diýen manyny berýär.  “Kaba” sözi bolsa  “erkekler üçin tikilýän giň hem uzyn ýeňli üstki eşik, kaftan” ýagny Rum donly diýen manyny berip, ol Ýusup pygamberiň keşbini göz öňüňde has-da anyk janladyrmaga ýardam berýär.
Magtymguly aýdar, älem bakyldy,
                                        Pelek seni Müsre aldy, çekildi,
                                        Puşman edip, aýagyňa ýykyldy,
                                        Ady belli, arap tilli söwdügim,
Şam abaly, Rum kabaly jananym.   

Goşgynyň soňky bendi eseriň çözgüdi hökmünde öňe çykýar. Magtymguly Ýusubyň Müsürde öz päkligi, akyly bilen belentlige ýetndigini, agalarynyň bolsa eden işlerine puşman bolup, ýalbaryşlaryny we ötünç soramaklaryny beýan edýär.  “Arap tilli, söwdügim” goşgusynyň üsti bilen Magtymguly Pyragy ahyr soňunda ýagşylygyň ýamanlykdan üstün çykyşy, erklilik, sabyr, umyt, ahlak arassalygy, maksadyň myrat tapyşy, maşgala, dogan-garyndaşa, ata-enä bolan sarpa, geçirimlilik, watansöýüjilik  ýaly  adamkärçiligiň päk nusgalarynyň ýeňiş bilen dabaralnmasyny ussatlyk bilen açyp görkezýär. Magtymgulyny her gezek okanyňda täze bir dünýä açylyp, Alym Arkadagymyzyň: 
Müňýyllykdyr asyrlaryň nurana rowaýaty,
  Kömegine mätäçlere – Taňrynyň hemaýaty,
    Ähli mekan-zamanlaryň çyn hakyky raýaty –
    Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy.
– diýen  ajaýyp setirleriniň manysyna barha çuň düşünýärsiň we içiňden bu setirleriň aňyňa gelnini duýman galýarsyň. Gahryman Arkadagymyzyň many-maňza ýugurlan “Pähim-paýhas ummany Magymguly Pyragy” goşgusyndan täsirlenip, şahyrymyz Magymguly Pyragynyň döredijilik mirasynyň baý hazynasyna çümmäge, oňa içgin aralaşmaga barha ruhlanýarys. Şeýle ajýyplyklary döredip beren türkmeni dünýä tanadan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp-köp sagbolsun aýdaýarys! 

Sähra Baýryýewa 

Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň  ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy














Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar