Dünýäde futboldan soň iň meşhur sportuň görnüşi haýsydyr?

0
12089

Häzirki döwürde sport – adamzadyň durmuşynda ähmiýetli orny eýeleýär. Ol käbirlerimiz üçin tomaşa, wagtyňy şatlykly geçirmek üçin güýmenje ýa-da saglygyňy berkitmek üçin serişde bolup durýar. Dünýäde sporty hünärine öwren türgenleriň ýa-da onuň bilen meşgullanýan höwesjeňleriň,  şeýle-de oňa janköýerlik edýänleriň sany sanardan köpdir. Ine sportuň dürli görnüşleriniň meşhurlygynyň özeni şundadyr.

Şu nukdaýnazardan, futbol oýnunyň dünýäde sportuň iň meşhur görnüşidigi hiç kimde şübhe döredenok. Sebäbi onuň dünýä boýunça 4 milliardan geçýän janköýeri bar, şeýle-de onuň bilen proffesional ýagdaýda meşgullanýanlaryň sany hem az däldir. 

Indi bolsa özümize şeýle bir soragy bereliň. Eýsem dünýäde meşhurlygy boýunça ikinji orunda durýan sportuň görnüşi haýsyka? Elbetde, bu babatda herkimiň öz pikir bar. Kimseler boks diýýän bolsa, kimseler ikinji orunda basketboly goýýar, käbirleri bolsa döwür bilen aýakdaş gidip kibersporty öňe çykarýar. Iň geň galdyryjy ahwalat hem şundadyr. Dünýä ýüzünde birinji orunda durýan sportuň görnüşiniň haýsydygy 100 göterim bilinýän bolsa, ikinji orny eýeleýän görnüşiň adynyny aýtmakda biraz mesele döreýär.   

Mysal üçin Formula-1 ýaryşy, edil uly tennis ýaly dünýä boýunça gaty meşhurlyga eýedir. Bu ýaryşlar gaty abraýly ýaryş hökmünde kabul edilýär we bilermenlerde we janköýerlerde uly gyzyklanma döredýär. Bu ýaryşlaryň ýeňijileri sportuň bu görnüşlerine janköýerlik etmeýänleriň aglaba bölegi üçin hem tanyşdyr.  Emma şol bir wagtyň özünde-de bu aýdylanlar olaryň haýsam bolsa biriniň ikinji basgançakda boljakdygyna kepil geçip bilmeýär. 

Çünki sportuň kesgitli bir görnüşiniň meşhurlygy birnäçe faktorlara bagly bolýar. Bularyň içinden iň esasylarynyň biri hökmünde ýurtlaryň geografiki ýerleşiş ýagdaýyny görkezmek bolar. Mysal üçin Aziýa, Afrika ýa-da Latyn Amerika ýurtlarynda futbolyň meşhurlygy hokkeýe bolan söýgüden has ýokary boljakdygy öz-özünden düşnükli ýagdaýdyr. ABŞ ýa-da Kanadada bolsa bu ýagdaý tersinedir. 

Indi bolsa esasy soragymyza gaýdyp geleliň. Dünýäde meşhurlygy boýunça ikinji orunda durýan sportuň görnüşi haýsydyr? Bu soraga dünýäniň sport žurnalistleri, internet portallary we gazetleri, şeýle-de meşhur sport türgenleri jogap bermäge synanşypdyr. Bu babatda dürli görnüşli pikirleriň bolmagyna garamazdan sportuň iň meşhur görnüşleriniň sanawy düzülende ikinji orna köplenç şol bir garaşylmaýan dalaşgär düşüpdir. Sanaw düzülende sport ýaryşyna janköýerlik edýän adam sanyna seredilipdir. Soňky netijede dünýä boýunça iň meşhur sportuň ikinji görnüşi – kriket diýlip hasaba alnypdyr. Diýseň geň galdyryjy netije, şeýle dälmi? 

Her nämede bolsa, munuň hakykatdan-da şeýledigine gaty ýönekeýje düşündiriş bar. Bu oýun Britaniýada, GAR-da, Awstraliýada, Hindistanda hem-de Aziýa yklymynyň beýleki birnäçe ýurtlarynda gaty meşhurlyga eýedir.  Ilat sany 1,3 milliardan geçýän Hindistan döwletinde, şeýle-de eýýäm 18-nji asyrda “Milli oýun” diýen derejesini alan Britaniýada sportuň bu görnüşi ýurduň esasy sport oýny diýip aýtsak hem ýalňyşmarys. Şeýle-de Hindistan we Pakistan döwletleriň arasynda geçirilýän kritket boýunça oýna tomaşa edýän janköýerleriň sany diňe Futbol boýunça dünýä çempionadynyň finalyndan ýa-da “El-Klassikodan” asgyn gelýär. Şu sebäpden hem kriket oýnunyň janköýerleriniň sany dünýä boýunça 2,5 milliardan hem geçýär. Bu ýagdaý hem bu oýnuň iň meşhur sport görnüşleriň sanawynda ikinji orna mynasyp bolmagyna sebäp bolýar. 

Çeşmeler: buzzfeed.com; carsweek.ru.

 

Şeýle-de okaň:

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar